1-NJI SAPAK
Dogry okamak
MUKADDES ÝAZGYLARDA Hudaýyň ähli adamlaryň «hakykat bilimine ýetmegini isleýändigi» aýdylýar (1 Tim. 2:4). Biz Mukaddes Ýazgylary sesli okap, adamlara hakykat bilimini ýetirmek isleýäris. Şol sebäpli biz okaýşymyza üns bermeli.
Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary ýaşy kiçiler-de, ýaşy ulular-da sesli okamagy başarmaly. Biz, Ýehowanyň Şaýatlary, Hudaý we onuň kada-kanunlary barada adamlara gürrüň bermäge borçludyrys. Munuň üçin, köplenç, bir ýa-da birnäçe adamyň öňünde okamaly bolýar. Şeýle-de biz maşgala agzalarymyz bilen hem okaýarys. Wagyz mekdebinde doganlara, uýalara, garry we ýaşlara sesli okamak ukybyny ösdürmäge mümkinçilik berilýär.
Mukaddes Ýazgylary bir adama ýa-da ýygnakda okamaly bolsa-da, oňa çynlakaý garamaly. Mukaddes Ýazgylar Hudaýyň ylhamlanan Sözüdir. Şeýle-de «Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir... ýüregiň düşünjeleridir niýetlerine höküm edýändir» (Ýew. 4:12). Hudaýyň Sözi hiç ýerde tapdyrmaýan we bahasyna ýetip bolmaýan bilim berýär. Ol ýeke-täk hak Hudaýy tanamaga we onuň bilen dostlaşmaga hem-de durmuşdaky kynçylyklara hötde gelmäge kömek edýär. Onda Hudaýyň täze dünýäsinde boljak ebedi ýaşaýşa nädip ýetip bolýandygy düşündirilýär. Şol sebäpli-de Mukaddes Ýazgylary has gowy okamagy öwrenmeli (Zeb. 119:140; Ýer. 26:2).
Dogry okamak üçin näme etmeli? Gowy okamak üçin köp zatlary etmeli, emma, ilki bilen, dogry okamagy öwrenmeli. Munuň üçin berlen maglumaty bolşy ýaly okamaly. Sözleri we goşulmalary okaman geçmeli däl. Şeýle-de ýazylyşy birmeňzeş sözleri dogry okamaly.
Dogry okamak üçin köp zatlary göz öňünde tutmaly we gowy taýýarlyk görmeli. Wagtyň geçmegi bilen, siz bir wagtyň özünde hem okap, hem indiki sözlere we pikir yzygiderligine seredip bilersiňiz. Şonda siz has-da gowy okamagy öwrenersiňiz.
Ýazuwda dyngy belgileriniň uly ähmiýeti bar. Olar nirede we näçeräk säginmelidigini hem-de nähili äheň bilen aýtmalydygyny görkezýär. Meselem, sorag sözlemi nädogry äheň bilen okalsa, ol habar sözlemine öwrülip biler ýa-da onuň manysy düýbünden üýtgär. Elbetde, dyngy belgiler ýazuwda sözlemiň grammatik taýdan dogry bolmagy üçin ulanylýar. Köp dillerde harplary dogry aýdar ýaly, olarda hiç hili belgi goýulmaýar, emma sözlemiň manysyndan olaryň dogry okalyşyny bilse bolýar. Öz diliňde dyngy belgileriň nähili ulanylýandygyny hökman bilmeli. Bu düşünip okamaga ýardam eder. Siziň maksadyňyz sözleri diňe okamak däl-de, olaryň manysyny bermekdir.
Dogry okamagy öwrenmek üçin türgenleşmek gerek. Bir abzasy okaň; eger ýalňyş okasaňyz, ony tä dogry okaýançaňyz gaýta-gaýta okaň. Soňra indiki abzasa geçiň. Ahyrynda, sakynman we ýalňyşsyz birnäçe sahypany okajak boluň. Bu ädimlerden soň, başga birinden okaýşyňyzy diňläp, ýalňyşyňyzy düzetmegi haýyş ediň.
Käte gözüň kütelenligi ýa-da ýagtylygyň pesligi zerarly dogry okamak kyn bolýar. Eger bu zatlary, mümkin boldugyndan, düzedip bolsa, onda dogry okamagy öwrenersiňiz.
Gowy okamagy öwrenen doganlardan Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygynda we «Garawul diňinde» sesli okamagy haýyş edýärler. Bu hormatly ýumşy gowy ýerine ýetirmek üçin sözleri dogry aýtmaklyk ýeterlikli däl. Ýygnak duşuşygynda köpçüligiň öňünde ökdelik bilen okamak üçin, hemişe gowy okajak bolmaly. Munuň üçin sözlemdäki her sözüň wajypdygyna düşünmeli. Eger bir söz okalman galsa, sözlemiň manysy gaçar. Hatda özbaşdak okanyňyzda-da sözleri ýalňyş aýtsaňyz, onuň manysyna düşünmersiňiz. Sözleriň tema bilen baglanyşygyny görmeseňiz, onda olary ýalňyş okamagyňyz mümkin. Şonuň üçin her bir sözüň tema bilen baglanyşygyny görmäge çalşyň. Şeýle-de dyngy belgileriň sözlemiň manysyna edýän täsirine üns beriň. Bir pikiriň birnäçe sözi öz içine alýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Olary belläp alyň we sesli okanyňyzda, sözleri aýry-aýry däl-de, söz düzümleri we jümleleri tutuşlygyna okaň. Okaýan zadyňyza özüňiz gowy düşünseňiz, köpçüligiň öňünde okanyňyzda hakykat bilimini dogry berip bilersiňiz.
Pawlus resul ýygnagyň tejribeli ýaşulusyna: «Okamak... bilen meşgul bol» diýip maslahat berdi (1 Tim. 4:13). Hawa, bu babatda biziň ählimiz ökdeleşmeli.