Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sapak 5 sah. 97—sah. 100 abz. 3
  • Säginmek

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Säginmek
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • Dogry okamak
    Wagyz mekdebi
  • Aýatlary dogry nygtap okamak
    Wagyz mekdebi
  • Akgynly sözleýiş
    Wagyz mekdebi
  • Esasy pikiri gaýtalaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sapak 5 sah. 97—sah. 100 abz. 3

5-NJI SAPAK

Säginmek

Munuň üçin näme etmeli?

Nutugyň gerekli ýerinde säginmeli. Käte çalaja säginip ýa-da dymyp geçmeli bolýar. Säginmeklik wajyp bir maksada ýetmäge kömek edýär.

Bu näme üçin wajyp?

Säginmeler dogry goýulsa, nutuga düşünmek aňsat bolýar. Şeýle-de olar esasy pikirleri aýan edýär.

ÝERLIKLI goýlan säginmeler örän wajypdyr. Bu diňe bir çykyşlarda däl, eýsem, ýönekeý gepleşikde-de wajypdyr. Säginme bolmasa, sözler çeşmäniň şyrryldap akyşyna meňzär. Emma olar ýerlikli goýulsa, sözler düşnükli bolar. Şeýle-de olar pikiriň uzak wagtlap ýatda galmagyna ýardam eder.

Nirede säginmelidigini nädip bilse bolar? Näçe wagtlap säginmeli?

Dyngy belgilerde säginmek. Dyngy belgileriň ýazuwda örän uly ähmiýeti bar. Olar sözlemiň tamamlanandygyny ýa-da onuň sorag sözlemdigini görkezýär. Käbir dillerde sözlemiň başganyň sözüdigini görkezmek üçin dyngy belgiler goýulýar. Özbaşdak okaýan adam dyngy belgileriň ählisini görýär, ýöne başga adamlar üçin okanda, ýazuwdaky dyngy belgiler onuň okaýşyndan görünmelidir. (Bu hakda köpräk bilmek üçin «Dogry okamak» diýen 1-nji sapaga serediň). Eger siz dyngy belgilerde säginip geçmeseňiz, diňleýjilere okaýan zadyňyza düşünmek kyn bolar, hatda onuň manysyna-da ýalňyş düşünmekleri mümkin.

Şeýle-de diňe bir dyngy belgilerde däl, eýsem, sözlemiň manysyna görä-de säginilýär. Bir meşhur sazanda şeýle diýýär: «Men beýleki pianinoçylardan ökde däl. Ýöne bu sungatyň bir syry bar. Men saz çalanymda notalaryň arasynda säginmegi başarýaryn». Sözleýişde-de säginmek wajypdyr. Hatda gowy taýýarlanan ýumşy-da owadan hem manyly eder ýaly, dogry säginip çykyş etmeli.

Köpçüligiň öňünde okamaga taýýarlyk göreniňizde, özüňiz üçin gerekli bellikler goýsaňyz peýdaly bolar. Biraz säginmeli ýerinde bir dik çyzyk, köpräk säginmeli ýerinde iki dik çyzyk goýuň. Eger size käbir sözlemleri okamak kyn bolup, her gezek nädogry säginýän bolsaňyz, onda bile okalmaly sözleri galam bilen birikdiriň. Soňra sözlemi okap görüň. Bu usuldan ökde nutukçylaryň köpüsi peýdalanýar.

Gündelik gepleşikde säginmek kyn bolmaýar, çünki biz näme aýtjakdygymyzy bilýäris. Emma gerekli we gerekmejek ýerlerde säginmegi endik edinen bolsak, onda ne täsirli, ne-de düşnükli gepläris. Bu babatda ökdeleşmek üçin «Akgynly sözleýiş» diýen 4-nji sapakda maslahat berilýär.

Başga pikire geçilende säginmek. Bir esasy pikirden başga pikire geçeniňizde säginseňiz, bu diňleýjilere oýlanmaga, başga pikire geçýändigiňizi bilmäge we oňa taýýarlanmaga mümkinçilik berer. Ýoluň çatrygyndan öwrülmeli bolanda, ulagy ýuwaş sürüp geçmegiň wajyp bolşy ýaly, bir pikirden başga pikire geçeniňde hem säginmeklik wajypdyr.

Käbir nutukçylar köp maglumat bermek niýeti bilen, bir pikiri aýdan badyna säginmän başga pikire geçýärler. Käbirleriniň bolsa, adaty gepleýşi şeýle bolýar. Belki, köp adamlar şeýdip gepleýändir. Ýöne bu ökde tälim bermäge päsgel berer. Eger siz diňleýjileriň bir wajyp pikiri eşidip, ýatda saklamagyny isleseňiz, onda ony gowy düşündirmek üçin ýeterlikli wagt sarp ediň. Pikiri aýdyň bermek üçin, säginmegiň wajypdygyny unutmaň.

Eger siz meýilnama arkaly çykyş etmekçi bolsaňyz, esasy pikirleriň arasynda säginer ýaly edip taýýarlanyň. Eger taýyn nutuk bilen çykyş etmek tabşyrylan bolsa, bir esasy pikirden başgasyna geçmeli ýerlerinde bellik goýuň.

Bir pikirden başga pikire geçilende edilýän säginme dyngy belgilerde goýulýan säginmeden biraz uzyn bolýar. Emma çendenaşa säginilse, onda nutuk gowy täsir galdyrmaz. Şeýle-de diňleýjiler siziň gowy taýýarlanman, indiki aýtjak sözüňiz hakda oýlanýansyňyz öýderler.

Nygtap geçmek üçin ulanylýan säginmeler. Şeýle säginmeler diňleýjileriň ünsüni çekmek üçin ulanylýar. Olar iň gerekli pikiriň ýa soragyň öňünden, ýa-da yzyndan bolmaly. Säginmeler diňleýjilere aýdylan pikiri özleşdirmäge ýa-da indiki aýdyljak pikiri höwes bilen diňlemäge mümkinçilik berýär. Bu usullaryň haýsy-da bolsa birini saýlap bilersiňiz. Emma şeýle säginmeleri diňe iň gerekli pikirlerde ulanmasaňyz, olaryň gymmatynyň gaçýandygyny unutmaň.

Isa Nasyra şäheriniň sinagogasynda Mukaddes Ýazgylary sesli okanda, säginmeleri ökdelik bilen ulanypdyr. Ilkibaşda, ol Işaýa pygamberiň kitabyndan özüne degişli sözleri okady. Emma olary düşündirmezden öň, ýazgylary düýrläp, yzyna — hyzmatkäre berdi-de oturdy. Şol ýerdäki adamlaryň ählisi nazaryny Isa dikende, ol şeýle diýdi: «Siziň eşiden bu ýazgyňyz şu gün berjaý boldy» (Luka 4:16—21).

Mejbury säginmeler. Şeýle-de biz wagtal-wagtal mejbury ýagdaýda säginmeli bolýarys. Meselem, öýden-öýe wagyz edenimizde, köçeden gelýän sesler ýa-da aglaýan çaganyň sesi zerarly säginmeli bolar. Duşuşyk geçirilýän ýerlerde şeýle sesler päsgel berse, onda biraz gatyrak gepläp bilersiňiz. Emma sesler gaty hem-de dowamly bolsa, onda säginmeli bolarsyňyz, ýogsam diňleýjileriň ünsi bölüner. Säginmeleri gowy ulansaňyz, diňleýjiler aýdylan zatlardan has köp peýda alyp biler.

Jogap bermäge mümkinçilik döredýän säginmeler. Eger siziň çykyşyňyz diňleýjilerden soraglara jogap bermegi talap etmese-de, olara sesli däl-de, içinden jogap bermäge mümkinçilik döretmek wajypdyr. Eger siz soragy diňleýjileriň oýlanmagy üçin berip, ýeterlikli derejede säginmeseňiz, onda berlen soragyň peýdasy bolmaz.

Elbetde, diňe çykyş edenimizde däl, eýsem, wagyz edenimizde-de säginmeli. Käbir adamlar asla säginmän gepleýärler. Eger siz hem şeýle gepleýän bolsaňyz, onda sözleýşiňizi gowulandyrmak üçin tagalla ediň. Şeýle etseňiz, gürrüňdeşlikde we wagyzda ökdeleşmäge ýardam eder. Säginmek biraz dymmagy aňladýar we ol aýdylanlary belläp hem nygtap geçmek, diňleýjileriň ünsüni çekmek hem-de gürrüňi gulaga ýakymly etmek üçin ulanylýar.

Gündelik durmuşda edilýän gürrüňler pikir alyşmaga kömek edýär. Eger siz adamlary ünsli diňläp, olar bilen gyzyklanýandygyňyzy görkezseňiz, olar hem sizi höwes bilen diňlärler. Munuň üçin siz söhbetdeşiňize pikirini aýtmaga mümkinçilik berer ýaly säginmeli.

Eger-de biz adamlara söhbetdeşlik görnüşinde wagyz etsek, has-da netijeli bolar. Ýehowanyň Şaýatlarynyň köpüsi adamlara wagyz edende, ilki, salamlaşyp, näme üçin gelendiklerini aýdýarlar, soňra sorag berýärler. Olar säginmek bilen, söhbetdeşine jogap bermäge mümkinçilik döredýärler we olaryň aýdýanlaryny hormat bilen diňleýärler. Gürrüňdeşligiň dowamynda olar adama birnäçe gezek pikirini aýtmaga ýol berýärler. Sebäbi olar adamyň tema bolan garaýşyny bilseler, olara has köp kömek edip biljekdigine düşünýärler (Sül. tym. 20:5).

Elbetde, adamlaryň ählisi biziň beren soragymyza ak ýürekden jogap bermezler. Isa-da şeýle adamlara duşupdy. Muňa garamazdan, ol duşmanlaryna-da jogap bermäge ýeterlikli wagt beripdir (Mar. 3:1—5). Adamlara pikirini aýtmaga mümkinçilik bersek, olary oýlanmaga höweslendireris. Netijede, olar öz duýgularyny aýtmak islärler. Biz adamlaryň Hudaýyň Sözündäki wajyp habara ýürekden seslenmegini isleýäris. Bu biziň esasy maksadymyzyň biridir (Ýew. 4:12).

Wagyz edilende ýerlikli säginmeklik, dogrudan-da, sungatdyr. Biz muny ussatlyk bilen etsek, aýdýan zatlarymyz has aýdyň bolar we olar uzak wagtlap adamlaryň ýadynda galar.

NÄDIP DOGRY SÄGINMELI

  • Sesli okanyňyzda, dyngy belgilere aýratyn üns beriň.

  • Ökde nutukçylaryň çykyşyny ünsli diňläp, olaryň nirede we näçe wagtlap säginýändigine dykgatly boluň.

  • Eger siz aýdýan pikiriňiziň diňleýjileriň ýadynda galmagyny isleseňiz, olaryň oýlanmagy üçin säginiň.

  • Söhbetdeşiňizi pikirini aýtmaga höweslendiriň we onuň berýän jogabyny doly diňläň, sözüni bölmäň.

GÖNÜKME Markus 9:1—13-nji aýatlary sesli okap, dyngy belgilerinde dogry säginiň. Ýöne çendenaşa säginip okamaň. Birnäçe gezek okanyňyzdan soň, kimdir birinden okaýşyňyzy diňlemegi haýyş ediň we dogry säginmegi öwrenmek üçin maslahat soraň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş