Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sapak 21 sah. 150—sah. 152 abz. 5
  • Aýatlary dogry nygtap okamak

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Aýatlary dogry nygtap okamak
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • Basymy dogry goýmak
    Wagyz mekdebi
  • Aýatlary dogry ulanmak
    Wagyz mekdebi
  • Esasy pikirleri nygtamak
    Wagyz mekdebi
  • Mukaddes Ýazgylardan yzarlamaga höweslendirmek
    Wagyz mekdebi
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sapak 21 sah. 150—sah. 152 abz. 5

21-NJI SAPAK

Aýatlary dogry nygtap okamak

Munuň üçin näme etmeli?

Temaňyzy tassyklaýan sözleri we söz düzümlerini nygtap okamaly. Olary ýerlikli duýgular bilen aýtmaly.

Bu näme üçin wajyp?

Aýatlar dogry nygtalyp okalsa, has-da täsirli bolýar.

SIZ Ýehowanyň niýetleri barada sahnada gürrüň berseňiz-de, olar hakda adamlar bilen söhbetdeş bolsaňyz-da, esasan, Hudaýyň Sözüne üns bermeli. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylardan aýatlary okamaly bolanymyzda, muny gowy ýerine ýetirjek bolmaly.

Dogry nygtamak üçin duýgy bilen okamaly. Mukaddes Ýazgylaryň aýatlaryny duýgy bilen okamaly. Meselem, Zebur 37:11-däki parahat ýaşaýşy wada berýän sözleri şatlykly ses bilen okamaly. Ylham 21:4-däki horluklaryň we ölümiň bolmajakdygy baradaky ajaýyp pygamberligi minnetdarlyk duýgusy bilen aýtmaly. Ylham 18:2, 4, 5-nji aýatlardaky günäli «Uly Babyldan» çykmalydygy baradaky çakylygy gaýragoýulmasyz äheň bilen okamaly. Elbetde, bu duýgular ýasama bolmaly däl-de, ýürekden çykmaly. Duýgulary dogry bermek okaýan aýadyňyza we ony näme maksat bilen getirýändigiňize baglydyr.

Gerekli sözleri nygtamaly. Eger siziň aýdýanlaryňyz aýadyň bir bölegine esaslanýan bolsa, onda diňe şol bölegi nygtap okamaly. Meselem, Matta 6:33-däki «öňürti Hudaýyň Patyşalygyny... agtaryň» diýen sözleriň näme aňladýandygyny düşündirmekçi bolsaňyz, onda aýatdaky «Onuň dogrulygyny» ýa-da «bu zatlar» diýen jümleleri nygtamaly däl.

Aýdaly, siz Gulluk duşuşygynda Matta 28:19-y okamakçy bolýarsyňyz. Şonda haýsy sözleri nygtamaly bolar? Eger siz wagyzçylaryň Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak üçin tagalla etmegini isleseňiz, «şägirt ediň» diýen sözleri nygtamaly. Emma daşary ýurtdan gelen adamlara wagyz etmegiň wajypdygyny görkezmekçi bolsaňyz ýa-da wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçmäge höweslendirmek isleseňiz, «bütin milletlere» diýen sözleri nygtaň.

Köplenç, aýatlar soraga jogap bermek ýa-da şübhelenýän adama getirilen delilleri tassyklamak üçin okalýar. Eger siz aýatdaky pikirleriň ählisini birmeňzeş nygtap geçseňiz, onuň näme üçin okalandygyna düşünmek kyn bolar. Aýat size düşnükli bolsa-da, söhbetdeşiňize düşnüksiz bolar.

Meselem, Ýahýa 17:3-däki ebedi ýaşaýyş barada gürrüň edeniňizde, söhbetdeşiňize ebedi ýaşaýşy miras almak üçin näme etmelidigini görkezmek isleseňiz, «ýalňyz hak Hudaýy we... Isa Mesihi tanamakdyr» diýen sözleri nygtamaly. Emma ebedi ýaşaýşyň hakykatdygyny görkezmek isleseňiz, onda «ebedi ýaşaýyş» diýen sözleri nygtap okamaly. Şonuň ýaly-da, Ýakup 2:24-i okanyňyzda, imany amallar bilen tassyklamalydygyny görkezjek bolsaňyz, «aklanýar» sözüni däl-de, «amallar» sözüni nygtamaly, ýogsam söhbetdeşiňiziň esasy pikirden ünsi sowlar.

Rimliler 15:7—13-nji aýatlarda-da peýdaly maslahatlary tapyp bilersiňiz. Bu Pawlus resulyň özge milletden we ýehudylardan ybarat bolan ýygnaga ýazan hatynyň bir bölegidir. Pawlus bu aýatlarda Isa Mesihe gulluk etmegiň diňe sünnetlenen ýehudylara däl-de, özge milletlere-de peýda berendigini düşündirýär, çünki «özge milletler Hudaýy merhemeti üçin şöhratlandyryp» bildiler. Soňra Pawlus milletlere berlen mümkinçilik barada dört aýady agzaýar. Pawlusyň pikirlerini dogry nygtamak üçin nädip okamaly? Eger siz nygtajak sözleriňizi bellik edýän bolsaňyz, onda 8-nji aýatdaky «özge milletler», 10-njy aýatdaky «milletler», 11-nji aýatdaky «bütin milletler» we «bütin halklar», 12-nji aýatdaky «milletler» sözleriniň aşagyny çyzyň. Soňra Rimliler 15:7—13-nji aýatlardaky şol sözleri nygtap okamaga çalşyň. Şonda Pawlusyň pikir yzygiderligi aýdyň we düşnükli bolar.

Nygtamagyň usullary. Esasy pikirleri görkezýän sözleri nygtamagyň birnäçe usullary bar. Olary okajak aýadyňyza we etjek gürrüňiňize görä saýlamaly bolýar. Olaryň birnäçesi aşakda getirilýär.

Ses bilen nygtamak. Sesi özgerdip, sözlemdäki esasy pikirleri görkezýän sözleri nygtap bolýar. Olary sesiň batlylygyny özgertmek bilen, ýagny ýokary ýa-da pes äheňde aýdyp tapawutlandyryp bolýar. Köp dillerde sesiň tizligini üýtgedip hem nygtap bolýar, ýöne käbir dillerde bu sözüň manysyna täsir edip bilýär. Eger esasy pikirler haýalrak aýdylsa, olar has ähmiýetli bolup görünýär. Esasy pikirleri ses bilen nygtap bolmaýan diller hem bar. Şeýle ýagdaýda maksada ýetmek üçin şol dillere mahsus bolan usullary ulanmak gerek.

Säginmek. Muny esasy pikiriň öňünden ýa-da soňundan, ýa-da hem öňünden, hem soňundan edip bolýar. Esasy pikiriň öňünden säginilse, gyzyklanma döreder, soňundan säginilende, çuňňur täsir galdyrar. Emma çendenaşa köp säginilse, hiç hili netije bermez.

Gaýtalamak. Esasy pikiri nygtamagyň ýene bir usuly — biraz durup, gerekli sözleri ýa-da jümleleri gaýtalap okamak. Munuň üçin aýady doly tamamlap, soňra ondaky esasy jümleleri gaýtalap aýtmaly.

Hereketler. Köplenç, el we ýüz hereketleri sözi ýa-da sözlemi janlandyrýar.

Äheň. Käbir dillerde sözleri nygtamak we olaryň manysyny aýdyňlaşdyrmak üçin belli bir äheň bilen aýtmaly bolýar. Emma bu usul ulanylanda düşgürlik gerek, esasan-da, ýaňsylaýjy sözlerde seresap bolmaly.

Aýady başgalar okanda. Söhbetdeşiňiz Mukaddes Ýazgylardan aýady okanda, ol gerekli sözleri nygtamazlygy ýa-da hiç bir sözi nygtaman okamagy mümkin. Şonda näme etmeli? Şeýle ýagdaýda gowusy aýadyň näme üçin okalandygyny düşündiriň, soňra ünsüni esasy pikiri görkezýän sözlere gönükdiriň.

DOGRY NYGTAMAGY NÄDIP ÖWRENMELI?

  • Okamakçy bolýan her bir aýadyňyz barada özüňize şeýle soraglary beriň: «Bu aýatda nähili duýgular bar? Olary nädip görkezmeli?»

  • Ulanjak aýatlaryňyzy derňäň. Olaryň her biri barada özüňize şeýle soraglary beriň: «Bu aýady näme maksat bilen okamaly? Bu maksada ýetmek üçin haýsy sözleri nygtamaly?»

GÖNÜKME 1) Wagyzda ulanjak aýadyňyzy derňäň. Ony ýerlikli duýgy bilen okamagy öwreniň. Bu aýady näme maksat bilen okajakdygyňyzy göz öňünde tutup, gerekli sözi (ýa-da sözleri) nygtap okaň. 2) Ýygnakda öwrenilýän edebiýatdan birnäçe aýat getirilen abzasy saýlaň. Olaryň näme üçin getirilendigini anyklaň. Esasy pikirleri görkezýän sözleriň aşagyny çyzyň. Tutuş abzasy sesli okaň we aýatlary dogry nygtamaga çalşyň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş