Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sapak 22 sah. 153—sah. 156 abz. 4
  • Aýatlary dogry ulanmak

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Aýatlary dogry ulanmak
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • Aýatlary dogry ulanyň
    Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
  • Aýatlary okamazdan öň giriş sözlerini aýtmak
    Wagyz mekdebi
  • Hoş habary ynamly wagyz et
    Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Aýatlary okamazdan öň giriş sözlerini aýdyň
    Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sapak 22 sah. 153—sah. 156 abz. 4

22-NJI SAPAK

Aýatlary dogry ulanmak

Munuň üçin näme etmeli?

Getirilen aýady düşündireniňizde, onuň kontekstini göz öňünde tutmaly. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylara garşy gelmez ýaly we «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» çap edýän edebiýatlaryna laýyk geler ýaly düşündirmeli.

Bu näme üçin wajyp?

Ýehowa adamlaryň «hakykat bilimine ýetmegini isleýär», şol sebäpli biz Hudaýyň Sözüni öwretmeklige çynlakaý garamaly (1 Tim. 2:3, 4). Biz Hudaýyň Sözüni dogry öwretmäge jogapkärdiris.

ADAMLARA tälim bereniňizde, Mukaddes Ýazgylardan aýatlary okamak ýeterlikli däl. Pawlus resul dosty Timoteosa şeýle ýazdy: «Hakykat sözüni dogry ulanyp, özüňi gowy görülýän, utanmajak işçi hökmünde Hudaýa hödürlejek bolup gaýrat et» (2 Tim. 2:15).

Biz aýatlary Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryna garşy gelmez ýaly düşündirmeli. Munuň üçin özümize ýaraýan sözleri we pikirleri saýlamaly däl-de, aýadyň kontekstini göz öňünde tutmaly. Ýehowa Ýermeýa pygamber arkaly ýalan pygamberleri ýazgarypdyr, çünki olar Hudaýyň adyndan pygamberlik edýäris diýseler-de, «öz ýüreginiň» hyýallaryny aýdypdyrlar (Ýer. 23:16). Pawlus resul mesihçilere Hudaýyň Sözüni ynsan filosofiýalary bilen ýoýmaly däldigini aýtdy: «Biz, köp adamlar ýaly, Hudaýyň sözüni alyş-çalyş etmän, eýsem, Hudaýdan bolup, Hudaýyň huzurynda Mesihe baglylykda janypkeşlik bilen gepleýäris». Şol döwürlerde ynsapsyz söwdagärler köp gazanç etmek üçin şeraba hili pes şeraby goşup satypdyrlar. Biz hem Hudaýyň Sözüniň saplygyny ynsan filosofiýasy bilen bozmaly däl. Pawlus şeýle ýazdy: «Gizlin, utançly ýollary ret etdik. Biz hile bilen gezmän, Hudaýyň sözüniň saplygyny bozmaýarys» (2 Kor. 2:17; 4:2).

Käte siz bir prinsipi belläp geçmek üçin aýat okamaly bolýarsyňyz. Mukaddes Ýazgylarda durmuşyň dürli ýagdaýlarynda görkezme berýän ençeme prinsipler bar (2 Tim. 3:16, 17). Emma siz okaýan aýadyňyzyň şol ýagdaýa gabat gelýändigine we öz isleýän zatlaryňyzy aýtjak bolup, ony nädogry ulanmaýandygyňyza göz ýetirmeli (Zeb. 91:11, 12; Mat. 4:5, 6). Ulanýan aýadyňyz Ýehowanyň niýetine we Onuň Sözüne garşy gelmeli däl.

«Hakykat sözüni dogry ulanmak üçin» Mukaddes Ýazgylaryň asyl maksadyna düşünmeli. Hudaýyň Sözi — adamlary gorkuzmak üçin ulanylýan «taýak» däl. Isa Mesihe garşy gidýän dini ýolbaşçylar Ýazgylardan aýatlary getirseler-de, Hudaýyň talap edýän iň wajyp zatlaryna, ýagny adalatlylyga, rehimdarlyga we imana göz ýumýardylar (Mat. 22:23, 24; 23:23, 24). Isa Hudaýyň Sözüni öwredende Atasynyň häsiýetlerini görkezýärdi. Onuň hakykata bolan yhlasy tälim berýän adamlaryna bolan söýgüsi bilen berk baglanyşyklydy. Biz-de Isanyň göreldesine eýermäge çalyşmaly (Mat. 11:28).

Aýady dogry düşündirendigiňize nädip ynamly bolup bilersiňiz? Munuň üçin Mukaddes Ýazgylary her gün okamaly. Şeýle-de biz Ýehowanyň «sadyk hem akylly hyzmatkär», ýagny mesh edilen mesihçiler topary arkaly berýän ruhy iýmitlerine minnetdar bolmaly (Mat. 24:45). «Sadyk hem akylly hyzmatkäriň» täliminden peýda almak üçin şahsy okuwyny geçirmeli we ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşmaly.

Eger siziň diliňizde «Ýazgylar esasynda söhbetdeşlik» kitaby bar bolsa we ony ulanmagy gowy öwrenen bolsaňyz, onda wagyz gullugynda ulanylýan ýüzlerçe aýadyň dogry düşündirilişini aňsatlyk bilen tapyp bilersiňiz. Eger siz köp ulanylmaýan aýady okamak isleseňiz, kiçigöwünlilik size, ilki bilen, ony derňemäge höweslendirer. Şonda siz hakykat sözüni dogry düşündirip bilersiňiz (Sül. tym. 11:2).

Aýatlary gowy düşündiriň. Adamlara tälim bereniňizde, olar gürrüň edýän temaňyz bilen okaýan aýadyňyzyň arasyndaky baglanyşygyny aýdyň görmeli. Eger siz aýada degişli giriş sözlerini sorag görnüşinde aýtsaňyz, diňleýjiler aýadyň soraga jogap berýändigine düşünmeli. Eger-de aýady aýdan sözleriňizi tassyklamak üçin getirseňiz, onda olar aýady delil hökmünde ulanýandygyňyzy bilmeli.

Köplenç, aýatdaky sözleri nygtap okamaklyk ýeterlikli bolmaýar. Adamlaryň köpüsiniň Mukaddes Ýazgylar bilen tanyş däldigini we aýadyň bir sapar okalany bilen manysyna düşünip bolmaýandygyny unutmaň. Şol sebäpli adamlaryň ünsüni aýadyň gürrüň edýän temaňyza degişli bölegine çekiň.

Şeýle ýagdaýda, köplenç, gürrüň edilýän pikire degişli sözleri aýratyn belläp geçmeli bolýar. Munuň üçin esasy pikiri düşündirýän sözleri gaýtalamaly. Eger siz bir adam bilen gürrüňdeş bolýan bolsaňyz, esasy sözleri tapawutlandyrmaga kömek edýän soragy berip bilersiňiz. Käbir nutukçylar köpçülige ýüzlenende, bu maksada ýetmek üçin manydaş sözleri ulanýarlar ýa-da pikiri gaýtalap aýdýarlar. Emma bu usuldan peýdalananyňyzda, diňleýjiler gürrüň edilýän tema bilen aýatdaky sözleriň baglanyşygyny ýitirmez ýaly ünsli bolmaly.

Gerekli sözleri nygtap aýtmaklyk peýdalydyr. Ýöne munuň bilen çäklenmeli däl. Siz aýada giriş sözlerini aýdanyňyzda, ony näme üçin okajakdygyňyzy düşündirdiňizmi? Eger düşündiren bolsaňyz, onda nygtap okan sözleriňiziň giriş sözleri bilen nähili baglanyşygynyň bardygyny görkeziň. Muny açyk-aýdyň görkezmek wajyp. Hatda giriş sözlerini giňişleýin aýtmasaňyz-da, aýada degişli käbir düşündirişleri bermeli bolarsyňyz.

Bir gezek fariseýler Isa ýüzlenip: «Her bir sebäp bilen aýaly aýyrmak dogrumydyr?» diýen, göräýmäge, kyn soragy berýärler. Şonda Isa Gelip çykyş 2:24-e esaslanyp jogap berýär. Ol aýadyň diňe bir bölegine üns berip, gerekli düşündirişi berýär. Isa erkek adam bilen aýalyň «bir ten» bolýandygyny nygtap, şeýle diýýär: «Hudaýyň goşanyny bendesi aýyrmasyn» (Mat. 19:3—6).

Diňleýjiler aýada gowy düşünip, ony nädip ulanmalydygyny biler ýaly näçeräk düşündiriş bermeli? Bu siziň gürrüň edýän temaňyzyň wajyplygyna we diňleýjileriňize bagly bolýar. Emma aýdyň we ýönekeý düşündirmegi maksat ediniň.

Ýazgylar esasynda pikir alşyň. Resullaryň işleri 17:2, 3-nji aýatlarda Pawlus resulyň Selanikde wagyz edende «Mukaddes Ýazgylardan gürrüň berendigi» aýdylýar. Ýehowanyň her bir gullukçysy şeýle ukyby ösdürmäge jan etmeli. Meselem, Pawlus Ýewreý Ýazgylarynda Isanyň ýaşaýşy we gullugy barada pygamberlik edilendigini aýtdy. Soňra ol ynam bilen: «Meniň size wagyz edýän bu Isam Mesihdir» diýdi.

Pawlus resul Ýewreýlere ýazan hatynda-da Ýewreý Ýazgylaryna salgylanýar. Ol bir pikiri nygtamak ýa-da aýdyňlaşdyrmak üçin, köplenç, bir söze, ýa-da gysga jümlä aýratyn üns berip, soňra onuň ähmiýetini görkezýärdi (Ýew. 12:26, 27). Pawlus Ýewreýlere ýazan hatynyň 3-nji babynda Zebur 95:7—11-nji aýatlara salgylanýar. Onuň üç pikiri aýratyn belläp geçişine üns beriň. Ol 1) ýürek sözüni agzaýar (Ýew. 3:8—12), 2) «Bu gün» diýen sözleriň wajyplygyny görkezýär (Ýew. 3:7, 13—15; 4:6—11) we 3) «Olar dynçlyk ülkäme girmez!» diýen sözleriň manysyny düşündirýär (Ýew. 3:11, 18, 19; 4:1—11). Sizem her bir aýady düşündireniňizde, Pawlusyň göreldesine eýermäge çalşyň.

Luka 10:25—37-nji aýatlardan Isanyň Ýazgylar esasynda ökdelik bilen pikir alşandygyny görse bolýar. Bir kanunçy Isadan: «Mugallym! Ebedi ýaşaýşy miras almak üçin, meniň näme etmegim gerek?» diýip soraýar. Isa, ilki, oňa bu babatda öz pikirini aýtmaga mümkinçilik berýär, soňra Hudaýyň Sözünde aýdylanlary berjaý etmegiň wajypdygyny belläp geçýär. Isa onuň esasy zada düşünmändigine göz ýetirende, aýatdaky bir sözüň, ýagny «goňşy» sözüniň esasynda pikir alyşýar. Isa bu sözüň manysyny diňe bir düşündirmän, eýsem, aýdyň mysal getirip, adamyň özüne dogry netijä gelmäge kömek edýär.

Görşümiz ýaly, Isa soraga jogap berende, diňe bir aýady getirmek bilen çäklenmändir. Ol aýatdaky sözleri derňäp, soňra soragyň jogabyny görkezýärdi.

Sadukeýler Isa direlişe bolan umyt barada kyn sorag berenlerinde, ol Müsürden çykyş 3:6-daky bir aýratynlyga olaryň ünsüni çekýär. Emma ol diňe aýady getirmek bilen çäklenmeýär. Isa direlişiň Hudaýyň niýetidigini aýdyň görkezmek üçin, şol aýat esasynda pikir alyşýar (Mar. 12:24—27).

Tejribeli mugallym bolmak üçin Ýazgylar esasynda dogry we ökdelik bilen pikir alyşmak ukybyny ösdürmek wajypdyr.

PIKIR ALYŞMAK UKYBYNY ÖSDÜRMEK ÜÇIN

  • Mukaddes Ýazgylary her gün okamaly. «Garawul diňi» žurnalyny çuňňur özleşdirmeli we ýygnak duşuşyklaryna gowy taýýarlanmaly.

  • Okajak aýadyňyzdaky sözleriň manysyna gowy düşünýändigiňize göz ýetirmeli. Aýady dogry düşündirmek üçin ünsli okamaly.

  • Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlar arkaly gözleg geçirmegi endik edinmeli.

GÖNÜKME 2 Petrus 3:7-däki sözleriň manysy barada oýlanyň. Olar ýer ýüzüniň ot bilen ýok ediljekdigini aňladýarmy? («Ýer» we «Gök» sözleriniň manysyny bilmek üçin gözleg geçiriň. «Ýer» sözi haýsy aýatlarda göçme manyda ulanylýar? 7-nji aýatda aýdylyşy ýaly, aslynda, kim ýa-da näme ýok ediler? Onuň 5 we 6-njy aýatlarda agzalýan Nuhuň günleri bilen näme meňzeşligi bar?)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş