20-NJI SAPAK
Aýatlary okamazdan öň giriş sözlerini aýtmak
ÝYGNAK duşuşygynda alýan bilimimiz we wagyz gullugynda aýdýan sözlerimiz Mukaddes Ýazgylara esaslanýar. Emma okajak aýatlarymyzyň peýdaly bolmagy üçin, olara degişli giriş sözlerini ökdelik bilen ulanmaly.
Şol sebäpli diňe aýady aýtmak we ony söhbetdeşiňize okamaklygy teklip etmek ýeterlikli däl. Aýada degişli giriş sözlerini aýdanyňyzda, şu iki maksada ýetjek bolmaly: 1) adamda gyzyklanma döretmeli we 2) aýady näme sebäpden ulanjak bolýandygyňyzy düşündirmeli. Bu maksatlara dürli ýollar bilen ýetip bolýar.
Sorag beriň. Diňleýjiler gürrüň edilýän meselä düşünmedik ýagdaýynda sorag bermek örän peýdalydyr. Berýän soragyňyz bilen olary oýlandyrmaga çalşyň. Bu babatda Isa bize gowy görelde galdyrdy. Bir gezek fariseýler ybadathanada Isanyň ýanyna baryp, märekäniň öňünde onuň Mukaddes Ýazgylara düşünişini synamakçy bolanlarynda, Isa olardan: «Mesih barada näme pikir edýärsiňiz? Ol kimiň Ogly?» diýip sorady. Olar: «Ol Dawudyň Ogly» diýip jogap berdiler. Şonda Isa olara şeýle sorag berdi: «Onda, näme üçin Dawut Ruhdan ylham alyp, Oňa Reb diýipdir?» Soňra Isa Zebur 110:1-däki sözleri aýdýar. Şonda fariseýler näme diýjegini bilmän dymýar. Emma märeke Isany höwes bilen diňleýär (Mat. 22:41—46).
Siz wagyz gullugynda aýada degişli şeýle giriş soraglaryny ulanyp bilersiňiz: «Siziň-de, meniň-de adym bar. Hudaýyň ady barmyka? Munuň jogabyny Zebur 8:1-den bilse bolýar». «Haçan hem bolsa, bütin adamzadyň üstünden bir hökümet höküm sürermi? Bu soraga Danyýel 2:44-de nähili jogap berilýändigine üns beriň». «Mukaddes Ýazgylarda biziň nähili döwürde ýaşaýandygymyz barada aýdylýarmy? 2 Timoteos 3:1—5-nji aýatlarda aýdylanlar bilen daş-töweregimizdäki ýagdaýy deňeşdirip görüň». «Horluklaryň we ölümiň soňy gelermi? Munuň jogabyny Ylham 21:4, 5-nji aýatlardan tapsa bolýar».
Nutuk bilen çykyş edeniňizde aýatlara degişli giriş soraglaryny oýlanyşykly ulansaňyz, diňleýjilere tanyş aýatlara-da başga tarapdan seretmäge kömek edersiňiz. Emma bu öz-özünden bolmaýar. Munuň üçin sorag arkaly diňleýjilerde gyzyklanma döretmeli. Sebäbi tema gyzykly bolsa-da, tanyş aýatlar okalanda, diňleýjileriň ünsi sowlup biler. Munuň öňüni almak üçin soraglary oýlanyşykly taýýarlamaly.
Bir meseläni orta atyň. Siz bir meseläni orta atyp, soňra diňleýjileriň ünsüni onuň çözgüdini görkezýän aýada gönükdirip bilersiňiz. Emma, köplenç, kynçylygyň doly çözgüdi aýatda berilmeýär. Şol sebäpli diňleýjilerde soraga doly jogap tapmaga umyt döretmäň. Aýady okanyňyzda, bu meseläni çözmek üçin onda nähili görkezme berilýändigini bilmäge kömek ediň.
Şonuň ýaly-da, Hudaýa ýaramly ýaşaýşa degişli bir prinsipi aýdyp, oňa eýermegiň paýhaslydygyny görkezmek üçin Mukaddes Ýazgylardan mysal getiriň. Eger aýatda orta atylan mesele barada iki (ýa-da ondan köp) pikir bar bolsa, käbir nutukçylar diňleýjileriň olara üns bermegini isleýär. Eger olara mesele kyn bolup görünse, siz onuň çözgüdiniň birnäçe usulyny teklip ediň. Soňra aýady okap, ony nädip ulanmalydygyny we haýsy usulyň dogrudygyny görkeziň.
Mukaddes Ýazgylaryň ygtybarlydygyny görkeziň. Eger siz aýdýan temaňyza gyzyklanma döredip, bu babatda birnäçe pikirleri hem agzan bolsaňyz, onda aýady okamazdan öň şeýle diýip bilersiňiz: «Bu barada Hudaýyň Sözünde näme diýilýändigine üns beriň». Şeýdip, siz okajak sözleriňiziň ynama mynasypdygyny görkezip bilersiňiz.
Ýehowa Mukaddes Ýazgylary ýazdyrmak üçin Ýahýa, Luka, Pawlus, Petrus ýaly adamlary ulanypdyr. Mukaddes Ýazgylary adamlar ýazsalar-da, onuň awtory Ýehowadyr. Esasan-da, Mukaddes Ýazgylary okamaýan adamlar bilen gürrüňdeş bolanyňyzda, «Petrus şeýle ýazdy» ýa-da «Pawlus şeýle diýdi» ýaly giriş sözlerini ulansaňyz, okan aýadyňyzyň Hudaýyň sözüdigini görkezip bilmersiňiz. Meselem, Ýehowa Ýermeýa pygambere habaryny şeýle sözler bilen başlamagy tabşyrypdyr: «Ýehowanyň sözüni diňläň» (Ýer. 7:2; 17:20; 19:3; 22:2, TD). Biz aýatlar üçin giriş sözlerini aýdanymyzda, Ýehowanyň adyny ulansak-da, ulanmasak-da Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň Sözüdigini görkezmäge çalyşmalydyrys.
Konteksti göz öňünde tutuň. Bir aýady okamazdan öň, onuň başga aýatlar bilen baglanyşygyny-da bilmeli. Käte kontekstde näme barada gürrüň edilýändigini agzap geçmek ýeterlikli bolýar, emma bu siziň aýtjak sözleriňize başgaça-da täsir edip biler. Meselem, siz Hudaýyň wepaly gullukçysy Eýýubyň ýalan dostlarynyň sözlerini Eýýubyň sözleri ýaly edip okarmysyňyz? Resullaryň işleri kitabyny Luka ýazsa-da, ol Ýakubyň, Pawlusyň, Filipusyň, Stefanusyň, perişdeleriň, Gamaliýeliň we başga-da ýehudylaryň sözlerini getirýär. Siz okajak aýadyňyzdaky sözleri kime degişli edersiňiz? Mezmurlaryň ählisini diňe Dawudyň ýazmandygyny we Süleýmanyň tymsallary kitabynyň ähli baplary-da Süleýman tarapyndan ýazylmandygyny unutmaň. Şeýle-de olaryň kime ýüzlenip we näme hakynda ýazandygyny bilseňiz peýdaly bolar.
Mukaddes Ýazgylardaky goşmaça maglumaty ulanyň. Siz Mukaddes Ýazgylardaky bir wakany gürrüň edýän zatlaryňyz bilen baglanyşdyryp bilseňiz gowy bolar. Käte haýsy-da bolsa bir aýady düşündirmek üçin goşmaça maglumaty ulanmaly bolýar. Aýdaly, siz töleg gurbany barada çykyş etmeli. Eger Ýewreýler 9:12, 24-nji aýatlary okamaly bolsaňyz, ilki, çadyryň içki otagynyň näme aňladýandygyny gysgaça gürrüň berseňiz gowy bolar. Şonda bu aýatlaryň Isanyň göge girişini suratlandyrýandygyny düşündirip bilersiňiz. Emma çendenaşa köp maglumaty aýtmaň, ýogsam aýada degişli giriş sözleriniň täsiri ýiter.
Aýadyň öňünden giriş sözlerini ökdelik bilen aýtmak üçin tejribeli nutukçylaryň çykyşyna üns beriň. Olaryň nähili usullary ulanýandygyna dykgatly boluň. Nutugy taýýarlanyňyzda esasy aýatlary anyklaň we olaryň näme maksat bilen getirilýändigine aýratyn üns beriň. Aýdýan sözleriňiz has täsirli bolar ýaly, her aýada degişli giriş sözlerini taýýarlaň. Wagtyň geçmegi bilen, okajak aýatlaryňyzyň her birine giriş sözlerini taýýarlamagy öwrenjek boluň. Bu babatda ökdeleşdigiňizçe, Hudaýyň Sözüne has ünsli bolarsyňyz.