42-NJI SAPAK
Diňleýjiler üçin peýdaly maglumaty ulanmak
ÇYKYŞYŇYZ diňleýjiler üçin peýdaly bolar ýaly diňe bir wajyp tema hakda gürrüň bermek ýeterlikli däl. Özüňize şeýle soraglary beriň: «Şu diňleýjilere näme üçin şu temany gürrüň bermeli? Diňleýjiler çykyşdan peýdaly zatlary biler ýaly, men nämeleri aýtmaly?»
Eger size Wagyz mekdebinde nädip wagyz etmelidigi barada ýumuş berlen bolsa, onda diňleýjileri wagyz edýän adamyňyz hasaplap bilersiňiz. Emma käte ýygnakdaky ähli adamlar siziň diňleýjiňiz bolup biler.
Diňleýjiler nämeleri bilýärler? Özüňizden: «Bu tema barada diňleýjiler nämeleri bilýärler?» diýip soraň. Bu size gürrüňi nämeden başlamalydygyny bilmäge kömek eder. Eger siziň çykyş edýän ýygnagyňyzyň agzalarynyň köpüsi ruhy taýdan ösen mesihçiler bolsa, onda hakykatyň esasy taglymatyny gaýtalamak bilen çäklenmäň, çünki olaryň köpüsi muny gowy bilýärler. Bu taglymatlar çykyşyň özeni bolmalydyr. Eger diňleýjileriň köpüsi ýaňy gyzyklanan adamlar bolsa, onda bu iki toparyň-da zerurlyklaryny göz öňünde tutmalysyňyz.
Diňleýjileriň bilýän zatlaryny göz öňünde tutup, sözleýiş tizligini-de üýtgetmeli bolýar. Eger siz diňleýjileriň köpüsine mälim bolan maglumaty aýtmak isleseňiz, ony ýeterlikli derejede çalt aýdyň. Ýöne diňleýjileriň köpüsine täze pikiri aýtjak bolsaňyz, olar oňa gowy düşüner ýaly haýalrak aýdyň.
Peýdaly maglumat näme? Çykyşyňyz diňleýjiler üçin peýdaly bolar ýaly diňe täze pikiri aýtmak hökman däl. Käbir nutukçylar tanyş taglymaty örän ýönekeý beýan edýärler. Şonda diňleýjileriň köpüsi oňa doly düşünýärler.
Adamlara soňky günlerde ýaşaýandygymyzy görkezmek üçin, täzeliklerden bir maglumaty mysal getirmek ýeterlikli däl. Onuň manysyny düşündirmek üçin Mukaddes Ýazgylary ulanmaly. Şonda siziň gürrüňdeşligiňiz diňleýjiler üçin peýdaly bolar. Şeýle-de tebigatyň kanuny, ösümlikler we haýwanlar barada gürrüň edeniňizde, adamy täze ylmy açyşlar bilen geň galdyrmaň-da, tebigatda bolýan zatlary Mukaddes Ýazgylar bilen deňeşdirip, söýgüden doly Ýaradyjymyzyň bardygyny görkeziň. Şonda bu zatlar adama garaýşyny üýtgetmäge kömek eder.
Adamlaryň ençeme gezek eşiden zatlaryny gürrüň bermek aňsat däl. Emma ökde mugallym bolmak üçin muny başarnykly etmegi öwrenmeli. Ony nädip etmeli?
Munuň üçin gözleg geçirmeli. Emma tema barada pikiriňize gelen ilkinji maglumaty ulanmak bilen çäklenmäň. Gözleg geçirmek üçin şu kitabyň 33—38-nji sahypalarynda görkezilen gollanmadan peýdalanyň. Ondaky maslahatlaryň goýan maksadyňyz bilen baglydygyny unutmaň. Gözleg geçireniňizde temaňyza degişli bolan, ýöne hemmeleriň bilmeýän taryhy maglumaty tapyp bilersiňiz. Ýa-da täzeliklerden temaňyzdaky haýsydyr bir pikiri suratlandyryp biljek habary goşup bilersiňiz.
Gözleg geçireniňizde özüňize şeýle soraglary beriň: näme? Näme üçin? Haçan? Nirede? Kim? Nädip? Meselem, bu näme üçin dogry? Men muny nädip subut edip bilerin? Giňden ýaýran dini düşünjeleriň haýsysy Mukaddes Ýazgylardaky bu hakykata düşünmäge päsgel berýär? Bu näme üçin wajyp? Bu adamyň durmuşyna nähili täsir etmeli? Muny ulanmagyň peýdalydygyny haýsy mysal arkaly görkezse bolýar? Mukaddes Ýazgylardaky bu hakykat Ýehowanyň häsiýetlerini nädip aýan edýär? Eger tema degişli bolsa, onda şu soraglary-da berip bilersiňiz: bu haçan boldy? Muny şu günler durmuşda nädip ulansa bolar? Çykyş edeniňizde-de şuňa meňzeş birnäçe soraglary berip, olaryň jogabyny aýtsaňyz nutugyňyzy janlandyrar.
Belki-de, siz çykyş edeniňizde diňleýjilere tanyş aýatlary ulanmaly bolarsyňyz. Olar diňleýjiler üçin peýdaly bolar ýaly näme etmeli? Aýatlary diňe bir okaman, eýsem, olary düşündirmeli.
Aýadyň tema degişli bölegini aýratynlandyrsaňyz we aýady böleklere bölüp düşündirseňiz, hatda tanyş aýat hem has peýdaly bolar. Geliň, mysal hökmünde Koloseliler 3:12-ä seredeliň. «Rehimdarlyk ýüregi» näme? Bu aýatda kimiň rehimdarlygy barada gürrüň edilýär? Siz «rehimdarlyk ýüregini... geýniň» diýen jümläni nädip suratlandyrarsyňyz? Ýa-da «ýagşylygy... geýniň» sözleri nähili düşündirersiňiz? «Sabyr» diýmek nämäni aňladýar? Siz bu aýady nädip gartaşan adama degişli edip ulanyp bilersiňiz? Elbetde, siz maglumat saýlanyňyzda temany, maksadyňyzy, diňleýjileri we berlen wagty göz öňünde tutmaly.
Köplenç, käbir sözleriň manysyny düşündirmeklik peýdaly bolýar. Käbir adamlar Matta 6:10-daky «patyşalyk» sözüniň manysyna düşünenlerinde, bu olar üçin uly açyşlyk boldy. Aýatdaky käbir sözleriň manysy ýatladylsa, hatda ençeme ýyldan bäri Ýehowa gulluk edýän mesihçilere-de has dogry düşünmäge kömek edýär. 2 Petrus 1:5—8-nji aýatlary okap, ondaky iman, artyklyk, bilim, nebsiňe buýurmak, sabyr, takwalyk, dogan söýgüsi we söýgi häsiýetleriň manysy aýdyňlaşdyrylsa, olara çuňňur düşünse bolýar. Biraz manydaş sözler bilelikde ulanylan ýagdaýynda, siz olaryň manysyny aýratynlandyrsaňyz, bu sözleriň arasyndaky tapawudyny görmäge kömek edersiňiz. Muňa Süleýmanyň tymsallary 2:1—6-njy aýatlardaky «hikmet», «bilim», «düşünje» we «düşünmek» ýaly sözler degişlidir.
Siz bir aýat arkaly ýönekeý söhbetdeşlik etseňiz-de, diňleýjilere oýlanmaga kömek edersiňiz. Köp adamlar 1 Ýahýa 2:17-däki «dünýä we onuň höwesleri geçip gider» diýen sözleriň hudaýsyz adamlary aňladýandygyny bilenlerinde, örän geň galýarlar, sebäbi göni manydaky Ýeriň «höwesi», ýagny islegi bolmaýar. Esasan-da, olar Zebur 104:5-däki ýeriň «hiç haçan gymyldamajakdygyny» okanlarynda geň galýarlar. Bir gezek Isa Müsürden çykyş 3:6-ny getirip, sadukeýleriň iman edýän bu aýady arkaly ölen adamlaryň direljekdigini düşündirdi we olary geň galdyrdy (Luka 20:37, 38).
Bir aýadyň manysyny doly düşündirmek üçin onuň ýazylan döwründäki ýagdaýy, kimiň ýazandygyny ýa-da olaryň kime ýüzlenip ýazylandygyny göz öňünde tutmaly. Fariseýler Zebur kitabynyň 110-njy babyny gaty gowy bilýärdiler, muňa garamazdan, Isa olaryň ünsüni mezmuryň birinji aýadyndaky möhüm bir pikire çekýär. Isa olardan: «Mesih barada näme pikir edýärsiňiz? Ol kimiň Ogly?» diýip sorady. Olar hem Isa: «Ol Dawudyň Ogly» diýdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Onda, näme üçin Dawut Ruhdan ylham alyp, Oňa Reb diýip: „Reb meniň Rebbime diýdi: Duşmanlaryňy aýaklaryň astynda goýýançam, Meniň sagymda otur“ diýýär? Eger Dawut Oňa Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?» (Mat. 22:41—45). Siz-de Isa ýaly adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar esasynda söhbetdeş bolsaňyz, olara Hudaýyň Sözüni has ünsli okamaga kömek edersiňiz.
Nutukçy Mukaddes Ýazgylardan bir kitabyň haçan ýazylandygyny ýa-da bir wakanyň haçan bolandygyny aýdanda, ol şol döwürdäki ýagdaýy-da beýan etmeli. Şonda diňleýjiler kitabyň ýa-da wakanyň wajypdygyna gowy düşünerler.
Deňeşdirme usuly çykyşy diňleýjiler üçin has peýdaly etmäge kömek edýär. Siz şu günler giňden ýaýran garaýşy Mukaddes Ýazgylardaky aýdylýan zatlara gapma-garşy goýup düşündirip bilersiňiz. Ýa-da Mukaddes Ýazgylardaky iki wakany deňeşdirse bolar. Olaryň arasynda tapawut barmy? Olar nämede tapawutlanýar? Biz olardan näme öwrenýäris? Bu usullar diňleýjilere tema başga tarapdan seretmäge ýardam eder.
Eger siz wagyz gullugynyň belli bir tarapy barada çykyş etmeli bolsaňyz, onda gürrüň etjek zatlaryňyzy gysgaça agzap geçiň. Näme etmelidigini, ony etmegiň wajypdygyny we onuň Ýehowanyň Şaýatlarynyň esasy maksady bilen nähili baglanyşygynyň bardygyny aýdyň. Soňra muny nirede, haçan we nädip etmelidigini düşündiriň.
Eger siz «Hudaýyň çuň pikirleri» barada çykyş etmeli bolsaňyz näme? (1 Kor. 2:10). Ilki bilen, esasy pikirleri düşündirseňiz, soňky aýdyljak jikme-jikliklere düşünmek aňsat bolar. Şeýle-de jemleýji sözleriňizde temany gysgaça gaýtalasaňyz, diňleýjiler bir zatlar öwrenendiklerini duýarlar.
Mesihçileriň durmuşyna degişli maslahatlar. Diňleýjiler maglumatyň öz durmuşy bilen nähili baglanyşygynyň bardygyny görseler, çykyş has peýdaly bolar. Siz temada berlen aýatlar babatda gözleg geçireniňizde, özüňize şeýle sorag beriň: «Bu maglumat näme üçin şu günlere çenli saklanyp galypdyr?» (Rim. 15:4; 1 Kor. 10:11). Diňleýjileriň durmuşynda duş gelýän ýagdaýlary barada oýlanyň. Bu ýagdaýlary Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlara we prinsiplere görä ölçeriň. Sahnada çykyş edeniňizde Mukaddes Ýazgylar esasynda söhbetdeş bolup, adama şeýle ýagdaýda nädip paýhasly hereket edip bolýandygyny görmäge kömek ediň. Temaňyza umumy düşündiriş bermejek boluň. Adamlaryň belli bir garaýşy we edýän hereketleri barada gürrüň ediň.
Nutuga taýýarlyk göreniňizde, ilki, şu sapakdaky bir ýa-da iki maslahaty ulanyň. Biraz tejribe toplanyňyzdan soňra, beýleki maslahatlara-da eýeriň. Wagtyň geçmegi bilen, diňleýjiler sizden peýdaly zatlary öwrenjekdiklerini bilip, siziň çykyşyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşarlar.