41-NJI SAPAK
Düşnükli geplemek
GEPLÄNIŇDE ýöne bir maglumat bermek bilen çäklenmeli däl. Diňleýjiler siziň aýdýan zatlaryňyza düşüner ýaly geplemeli. Bu ýygnakda çykyş edilende-de, wagyzda-da gürrüňdeşligiň üstünlikli bolmagyna ýardam edýär.
Düşnükli geplemegiň birnäçe usullary bar. Olaryň käbirine «Temany logiki yzygiderlikde taýýarlamak» diýen 26-njy sapakda we «Adamlar bilen gyzyklanmak» diýen 30-njy sapakda seredipdik. Şu sapakda bolsa, onuň başga usullaryna serederis.
Sada sözler we sada dil. Sada sözler we ýönekeý sözlemler gürrüňdeşligiň güýçli gurallarydyr. Isa Dagdaky wagzynda düşnükli geplemegiň ajaýyp göreldesini görkezdi. Onuň sözlerine ähli adamlar, ýagny kim bolsa-da, nirede ýaşasa-da düşünip bilýär. Isanyň aýdanlary adamlar üçin täze pikir bolsa-da, olara düşünmek aňsat. Sebäbi ol ähli adamlary biynjalyk edýän, ýagny bagtly bolmak, adamlar bilen gatnaşygyňy gowulandyrmak, aladalara hötde gelmek we durmuşyň manysyna düşünmek ýaly zatlar barada aýtdy. Isa sada dilde gepleýärdi (Mat. 5—7 bap.). Hawa, Mukaddes Ýazgylarda uzynlygy we gurluşy boýunça dürli sözlemlere duş gelse bolýar. Emma siziň esasy maksadyňyz — pikiriňizi aýdyň we düşnükli aýtmak.
Eger siziň temaňyz kyn bolsa-da, ony sada dilde gürrüň berseňiz, diňleýjilere düşünmäge kömek edersiňiz. Ony nädip sadalaşdyryp bolar? Munuň üçin gerekmejek jikme-jiklikleri aýtmaň. Maglumaty esasy pikirleri tassyklar ýaly edip ulanyň. Esasy aýatlary ünsli saýlaň. Bir aýatdan başga aýada çalt geçmäň-de, olary okap, düşündiriň. Şeýle-de köp sözlemekden gaça duruň, çünki olar gowy pikiriň üstüni örtýändir.
Siz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçireniňizde-de, şol prinsiplere eýeriň. Jikme-jiklikleriň ählisini düşündirjek bolmaň. Gyzyklanýan adama esasy prinsiplere aýdyň düşünmäge kömek ediň. Wagtyň geçmegi bilen, ol şahsy okuwynda we ýygnak duşuşyklarynda bilimini çuňlaşdyrar.
Sada dilde çykyş etmek üçin gowy taýýarlanmaly. Temany düşnükli gürrüň bermek üçin, ilki, oňa özüňiz gowy düşünmeli. Adam bir zada doly düşünse, onuň düýp sebäbini görkezip, öz sözi bilen hem aýdyp biler.
Nätanyş sözleri düşündiriň. Käte diňleýjilere nämedir bir zady düşündirmek üçin, olara nätanyş sözleriň manysyny aýtmaly bolýar. Diňleýjileriň bilimine artyk baha bermäň, ýöne olaryň düşünmek ukybyna-da kembaha garamaň. Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçireniňizde, siziň nätanyş sözleri ulanmagyňyz mümkin. Ýehowanyň Şaýatlary bilen gatnaşyk etmeýän adamlara «galyndy», «sadyk hem akylly hyzmatkär», «başga goýunlar» we «uly märeke» ýaly sözleriň manysyny düşündirmeli bolar (Rim. 11:5; Mat. 24:45; Ýahýa 10:16; Ylh. 7:9). Şonuň ýaly-da, Ýehowanyň Şaýatlarynyň guramasyny bilmeýän adamyň «wagyzçy», «pioner», «etrap gözegçisi» we «Ýatlama agşamy» ýaly sözlere düşünmezligi ahmal.
Mukaddes Ýazgylardaky käbir sözleri Ýehowanyň Şaýatlary bolmadyk adamlar giňden ulansalar-da, olaryň manysyny düşündirmeli bolýar. Meselem, köp adamlar «Armageddona» ýadro urşydyr öýdýärler. «Hudaýyň Patyşalygyna» hökümet däl-de, gökdäki ýaşaýyş ýa-da adamyň içki dünýäsi diýip düşünýärler. «Jan» sözüne adam ölenden soňra ýaşamagyny dowam edýän ruhdur öýdýärler. Millionlarça adamlar «mukaddes ruha» şahsyýet we Üç ýüzli hudaýyň (Troisanyň) bir bölegi diýip düşünýärler. Köp adamlaryň Mukaddes Ýazgylardaky ahlak kadalaryna eýermeýändikleri üçin, olara «ahlaksyzlykdan gaçyň» diýmegiň manysyny düşündirmeli bolar (1 Kor. 6:18).
Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okamaýan adam «Süleýman şeýle diýdi...» ýa-da «Ýakup şulary ýazdy...» ýaly jümleleriň manysyna düşünmez. Belki-de, bular onuň dostunyň ýa-da goňşusynyň atlarydyr. Şol sebäpli siz olaryň Mukaddes Ýazgylary ýazandygyny ýa-da Isanyň şägirdi bolandygyny aýtmaly bolarsyňyz.
Köplenç, adamlara Mukaddes Ýazgylardaky gadymy däp-dessurlary we ölçeg birligini düşündirmeli bolýar. Meselem, Nuhuň gämisiniň uzynlygy 300 gez (130 m), giňligi 50 gez (22 m) we beýikligi 30 gez (13 m) bolupdyr. Adamlar bu sanlara doly düşünmezligi mümkin (Gel. çyk. 6:15). Ýöne siz ony ýaşaýan ýeriňizdäki bir uly zat bilen deňeşdirseňiz, olar gäminiň nähili bolandygyny derrew göz öňüne getirerler.
Goşmaça düşündiriş beriň. Käte diňleýjilere bir meseläni düşündirmek üçin nätanyş sözleriň manysyny aýtmaklyk ýeterlikli bolmaýar. Ezranyň döwründe Iýerusalimde Musanyň kanuny okalanda, lewiler ony düşündiripdirler. Olar halka Kanunyň manysyna düşünmäge kömek etmek üçin, okalýan zatlary düşündirip we ony nädip ýerine ýetirmelidigini görkezipdirler (Neh. 8:8, 12). Şonuň ýaly-da, siz hem aýatlaryň manysyny we olary durmuşda nädip ulanyp bolýandygyny düşündirmäge wagt sarp ediň.
Isa ölenden we direlenden soňra, şägirtlerine bolup geçen wakalaryň Mukaddes Ýazgylardaky pygamberliklere görä ýerine ýetendigini düşündirdi. Şeýle-de Isa şägirtleriniň bu zatlaryň şaýady bolandyklaryny we olar hakda wagyz etmelidiklerini nygtap geçdi (Luka 24:44—48). Siz-de adamlara alan biliminiň durmuşyna nähili täsir etmelidigini görkezseňiz, olar aýdan zatlaryňyzyň düýp manysyna has gowy düşünerler.
Ýüregiň tutýan orny. Adamyň düşünmekligi üçin bir zady aýdyň aýtmak ýeterlikli däl. Eger adamyň ýüregi aýdylanlary kabul etmese, bu oňa eşidenleriniň manysyna düşünmäge päsgel berer (Mat. 13:13—15). Ähli zatlara tebigy göz bilen seredýän adam ruhy zatlary akmaklyk hasaplaýar (1 Kor. 2:14). Şeýle adam bilen gürrüňdeşligi, iň bolmanda, häzirlikçe bes etseňiz paýhasly bolar.
Käte adam kyn durmuşy sebäpli aýdylanlary kabul edip bilmeýär. Şeýle adama birnäçe wagtdan wagyz etseňiz, onuň ýüregi ýumşap, hakykata seslenmegi mümkin. Isa özüniň gamçylanjakdygyny we öldüriljekdigini aýdanda, resullary oňa düşünmediler. Näme üçin? Sebäbi olar bu zatlara garaşmaýardylaram, islemeýärdilerem! (Luka 18:31—34). Emma wagtyň geçmegi bilen, resullar şol aýdylan sözlere düşündiler we Isadan öwrenen zatlaryna görä hereket etdiler.
Gowy göreldäniň täsiri. Adamlara diňe bir biziň aýdýan sözlerimiz däl, eýsem, edýän işlerimiz hem düşünmäge kömek edýär. Köp adamlar ýygnak duşuşygyna birinji gezek gelenlerinde, onda aýdylan sözleriň däl-de, bildirilen söýginiň ýadynda galandygy barada aýdýarlar. Adamlar biziň şatlygymyzy görüp, Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty kabul etdiler. Käbirleri Ýehowanyň Şaýatlarynyň biri-birine görkezýän merhemetini we kynçylyklara uçraýan adamlara edýän ýagşylyklaryny görüp, olaryň dininiň hakykatdygyna göz ýetirdiler. Şonuň üçin siz Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty düşündirjek bolanyňyzda, ony nädip aýtjakdygyňyz we nähili görelde görkezjekdigiňiz hakynda oýlanyň.