Sada dilde öwret
1. Düşnükli we netijeli öwretmek üçin näme wajyp?
1 Netijeli okuw geçirmek üçin sada dilde öwretmek örän wajyp. Beýik Mugallym Isa Mesih hem sada dilde tälim berýärdi. Biz ondan görelde alsak, ökdelik bilen «öwüt-ündew» berip bileris (2 Tim. 4:2; Ýahýa 13:13).
2. Sada dilde öwretmek näme we ol nähili täsir edýär?
2 Sada dilde düşündir. Isanyň Dagdaky wagzy sada dilde düşündirilse-de, onda hiç bir adamyň aýdyp bilmedik örän çuňňur hakykaty berilýär (Matta 5—7-nji baplar). Isany diňlän «märeke Onuň taglymatyna haýran galdy». Hatda ony tussag etmäge gelen serkerdeler hem onuň sözlerine haýran galyp, şeýle diýdiler: «Hiç kim hiç haçan bu Adamyňky ýaly geplemändi» (Mat. 7:28, 29; Ýahýa 7:46). Adamlara hakykaty düşündirmek üçin çylşyrymly sözleri ýa-da jikme-jik beýan edilýän mysallary ulanmak hökman däl. Hakykaty aýdyň düşündirmek üçin ýönekeý sözleri hem ulanyp bolýar.
3. Näme üçin käbir adamlar köp maglumat berýär we biz nädip şeýle etmän bileris?
3 Köp maglumat berme. Isa diňleýjileriniň ýagdaýyny göz öňünde tutup, olaryň diňe özleşdirip biljek maglumatyny aýdýardy (Ýahýa 16:12). Biz, aýratynam, dogan-garyndaşlarymyza, ýaňy gyzyklananlara ýa-da çagalara wagyz edende, olaryň zerurlyklaryna üns berip, şoňa görä düşündirmeli. Hatda adam üns bilen diňleýän ýaly bolup görünse-de, olara köp zat gürrüň bermeli däl. Eger ol akýürekli bolsa, hak Hudaý Ýehowa barada bilim almagyny hökman dowam eder (Ýahýa 17:3; 1 Kor. 3:6).
4. Näme üçin jikme-jiklige däl-de, esasy pikirlere üns bermek peýdaly?
4 Esasy pikirlere üns ber. Isa öwredende, çylşyrymly sözleri, köp jikme-jiklikleri ulanmaýardy. Ol «gabyrdakylaryň hemmesi... direler» diýende, direljek iki toparyň adamlaryna näme boljakdygy barada köp maglumat bermedi (Ýahýa 5:28, 29). Biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirende, esasy pikirlere üns berip, temadan başga goşmaça materiallary aýtmajak bolmaly.
5. Biz sada dilde öwretsek nähili bereket alarys?
5 Wajyp bilimi Ýehowanyň sada dilde öwredýändigine, biz örän minnetdar! (Mat. 11:25). Geliň, biz hem sada dilde öwredeliň! Şonda biziň gullugymyz netijeli we şatlykly bolar.