Ökdelik bilen öwretmek üçin üç maslahat
1. Biz näme üçin ökdelik bilen öwretmeli?
1 Mesihçileriň ählisine mugallym diýse bolýar. Wagyz edenimizde, ikilenç ideg edenimizde ýa-da Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirenimizde, örän wajyp habary aýdýarys. Biz adamlary «gutulyş üçin akyldar edýän... Mukaddes Ýazgylary» düşündirýäris (2 Tim. 3:15). Bu nähili uly hormat! Ökdelik bilen öwretmek üçin üç maslahata seredeliň.
2. Biz nädip sada dilde öwredip bileris?
2 Sada dilde düşündir. Temany gowy bilsek-de, munuň gürrüň berýän adam üçin çylşyrymly boljakdygyny unutmaly däl. Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirenimizde, gerekmejek jikme-jiklikleri aýtmaly däl. Muňa derek, esasy pikirleri nygtap geç. Köp geplemeklik ökde öwretmegi aňlatmaýar (Sül. tym. 10:19). Esasy aýatlary okasak, gowy bolar. Şondan soň, şol aýadyň geçilýän tema degişli bölegine üns bermeli. Matta kitabynyň 5—7-nji baplarynda, Isanyň Dagdaky wagzynda örän çuňňur hakykatlary sada we ýerlikli dilde öwredendigi aýdylýar.
3. Mysallaryň näme ähmiýeti bar we köplenç nähili mysallar has gowy täsir edýär?
3 Mysallar getiriň. Mysallar adama oýlanmaga, ýatda saklamaga kömek edýär we duýgularyna täsir edýär. Sen gowy mysallar getirmek üçin, hekaýaçy bolmalydyryn öýtme. Isa köplenç gysga we ýönekeý mysallary ulanýardy (Mat. 7:3—5; 18:2—4). Kagyza çekilen ýönekeý surat hem gowy kömek edýär. Öňünden biraz taýýarlansaň, täsirli mysallary tapmaga ýardam eder.
4. Biz nädip soraglary ýerlikli bermeli?
4 Soraglar beriň. Soraglar öwrenýän adama oýlanmaga kömek edýär. Şonuň üçin sorag bereniňden soň, sabyrly bol. Eger sen soragyňa özüň çalt jogap berseň, sapak geçýän adamyň düşünendigini ýa-da düşünmändigini bilmersiň. Ol nädogry jogap berende, ony ýöne düzetmegiň deregine, dogry netijä geler ýaly, goşmaça soraglar berseň gowy bolar (Mat. 17:24—27). Elbetde, biziň hiç birimiz hem kämil mugallym däl. Emma bize Mukaddes Ýazgylarda hemişe ünsli öwretmek maslahat berilýär. Şeýtsek, bu özümize we bize gulak asýanlara ebedi peýda getirer (1 Tim. 4:16).