Jemagat nutugyny taýýarlamak
ÝEHOWANYŇ ŞAÝATLARYNYŇ ýygnaklarynyň köpüsinde her hepde jemagat nutugy bilen çykyş edilýär. Ýaşulular we gulluk hyzmatçylary, size ökde nutukçy hem-de mugallym diýse bolarmy?! Eger şeýle bolsa, size jemagat nutugy bilen çykyş etmek tabşyrylar. Bu babatda Wagyz mekdebi müňlerçe doganlara ökdeleşmäge kömek etdi. Eger siz jemagat nutugy bilen çykyş etmeli bolsaňyz nämeden başlarsyňyz?
Meýilnamany öwrenmek
Gözleg geçirip başlamazdan öň, nutugyň meýilnamasyna doly düşünýänçäňiz, okap oýlanyň. Nutugyň adynyň manysyna gowy düşüniň. Siz diňleýjilere näme öwretmekçi bolýarsyňyz? Siziň maksadyňyz näme?
Nutugyň sözbaşylaryny çuňňur öwreniň. Olary derňäň, sebäbi bu siziň nutugyňyzyň esasy pikirleridir. Olaryň her biriniň tema bilen nähili baglanyşygy bar? Her esasy pikirden soň, olary tassyklaýjy pikirler getirilýär. Tassyklaýan pikirlerden soň bolsa, olary has giňişleýin düşündirýän pikirler berilýär. Meýilnamanyň her bölüminiň öň ýanyndaky pikir bilen nähili baglanyşygynyň bardygyna we onuň indiki bölüme geçişine düşünjek boluň. Şeýle-de esasy pikirleriň nutugyň maksadyna düşünmäge nädip kömek edýändigini anyklaň. Nutugyň temasyna, onuň maksadyna we esasy pikirleriň bu maksada ýetmäge nädip kömek edýändigine düşüneniňizden soň, onuň üstünde işlemäge başlap bilersiňiz.
Jemagat nutugy dört-bäş sany esasy pikirden ybarat bolýar. Eger siz olaryň hersine gysga nutuk diýip düşünseňiz, ony taýýarlamak aňsat bolar. Olary aýry-aýry taýýarlaň.
Meýilnama nutuga taýýarlyk görmek üçin berilýär. Emma siz taýýarlyk göreniňizde, özüňiz meýilnama düzmeli we şoňa görä çykyş etmeli. Size berlen meýilnama ýöne bir sudurdyr (skelet). Siz oňa beden bermeli, ýürek goýmaly we ýaşaýyş demini berip, ony janlandyrmaly.
Aýatlary ulanmak
Isa Mesih we onuň şägirtleri Mukaddes Ýazgylara esaslanyp tälim berýärdiler (Luka 4:16—21; 24:27; Res. iş. 17:2, 3). Siz-de şeýle edip bilersiňiz. Nutuk Mukaddes Ýazgylara esaslanmaly. Meýilnamada getirilen sözleri we jümleleri düşündirmek ýeterlikli däl. Olaryň Mukaddes Ýazgylar bilen nähili baglanyşygynyň bardygyna düşünjek boluň. Şeýdip, siz Hudaýyň Sözüne esaslanyp öwredersiňiz.
Çykyşa taýýarlananyňyzda meýilnamada berlen aýatlaryň her birini çuňňur özleşdiriň. Olaryň meýilnamadaky pikirler bilen baglanyşygyna üns beriň. Aýatlaryň käbirinde diňe goşmaça maglumat bolup biler. Şol sebäpli olaryň ählisini okamagyň we düşündirmegiň zerurlygy ýok. Olardan diňleýjilere has peýdalysyny saýlaň. Eger siz ünsüňizi diňe getirilen aýatlara gönükdirseňiz, başga aýat ulanmak gerek bolmaz.
Üstünlikli çykyş etmek üçin, köp aýatlary okamaga däl-de, tälim berşiňize üns bermeli. Aýadyň näme üçin getirilýändigini düşündiriň. Olaryň durmuşda ulanylyşyny görkezmek üçin wagt sarp ediň. Mukaddes Ýazgylardan aýady okap, ony düşündirýän wagtyňyz kitabyňyz açyk dursun. Şonda diňleýjiler-de siziň göreldäňize eýererler. Siz olary nädip gyzyklandyryp hem-de Hudaýyň Sözüne has çuňňur düşünmäge kömek edip bilersiňiz? (Neh. 8:8, 12). Munuň üçin aýatlary düşündirmeli, aýdyň mysallary getirmeli we olaryň durmuşda ulanylyşyny görkezmeli.
Düşündirmek. Esasy aýatlary düşündirmäge taýýarlyk göreniňizde, özüňize şeýle soraglary beriň: «Bu aýatda näme diýilýär? Men ony näme üçin ulanmaly? Bu aýat nähili soraglary döretmegi mümkin?» Getirilen aýadyň tutuş babyny okap, bu ylhamlanan sözleriň nähili ýagdaýlarda we näme maksat bilen ýazylandygyny hem-de onda nähili güýçli pikirleriň bardygyny derňäň. Munuň üçin gözleg geçirmeli. Siz «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» taýýarlan edebiýatlaryndan ençeme wajyp maglumatlary tapyp bilersiňiz (Mat. 24:45—47). Aýat barada berilýän ähli maglumatlary aýtjak bolmaň-da, onuň tema bilen baglanyşygyny görkeziň.
Aýdyň mysallar. Aýdyň mysallar temanyň esasy pikirlerine we prinsiplerine çuňňur düşünip, olary ýatda saklamaga kömek edýär. Aýdyň mysallar aýdylýan zatlara düşünmäge we öňki bilýän zatlaryň bilen deňeşdirmäge mümkinçilik berýär. Isa «Dagdaky wagzynda» birnäçe aýdyň mysallar getiripdi. «Gögüň guşlary», «meýdan liliýalary», «dar gapy» we «öýüni gaýanyň üstünde salan adam» ýaly ençeme mysallary onuň taglymatlaryny täsirli, ýatda galyjy hem düşnükli edipdi (Mat. 5—7 bap.).
Ulanmak. Aýady düşündirmek we aýdyň mysallary getirmek arkaly adam bilim alýar. Ýöne bu bilimiň peýdaly bolmagy üçin, ony durmuşda ulanmak gerek. Mukaddes Ýazgylar boýunça ýaşamalymy ýa-da ýaşamaly däl, elbetde, diňleýjileriň özleri çözýär. Emma olaryň näme etmelidigine düşünmäge siz ýardam edip bilersiňiz. Diňleýjileriň getirilen aýada we onuň tema bilen baglanyşygyna düşünendigine göz ýetireniňizden soň, bu olaryň ynanýan zatlaryna hem-de özüni alyp barşyna nähili täsir edýändigini düşündiriň. Nädogry düşünjeleri we edim-gylymlary taşlamagyň peýdasyny belläp geçiň.
Ulanjak aýatlaryňyz hakynda oýlananyňyzda, diňleýjileriň we olaryň ýagdaýlarynyň dürli-dürli bolýandygyny unutmaň. Belki-de, olaryň arasynda ýaňy gyzyklananlar, ýaşlar, garrylar we dürli kynçylyklar bilen göreşýän adamlar bardyr. Şonuň üçin nutugy peýdaly we durmuşda ulanyp bolar ýaly edip taýýarlaň. Kimdir birini göz öňünde tutup maslahat bermäň.
Nutukçynyň etmeli zatlary
Nutuga degişli käbir zatlar, ýagny onuň esasy pikirleri we her sözbaşa näçe wagt sarp etmelidigi aýdyň görkezilendir. Emma nutukçynyň hem etmeli zatlary bar. Belki, siz bir tassyklaýjy pikire beýlekisinden köpräk wagt sarp etmek islärsiňiz. Olaryň hersiniň üstünde deň möçberde durup geçmelidir öýtmäň. Ýogsam, nutugy çalt aýtmaly bolarsyňyz we diňleýjiler ony kabul edip ýetişmezler. Onda haýsy pikiri çuňňur, haýsysyny gysga aýtmaly bolar? Özüňize şeýle soraglary beriň: «Haýsy pikir nutugyň esasy maksadyna düşünmäge kömek eder? Haýsysy diňleýjiler üçin has peýdaly bolar? Käbir aýatlary we oňa degişli pikirleri aýtmasam, nutugyň yzygiderligine täsir edermi?»
Takyk däl maglumatlary we öz pikiriňizi aýtmakdan ägä boluň. Hatda Hudaýyň Ogly Isa Mesih hem «öz-özünden aýtmandyr» (Ýahýa 14:10). Adamlar Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnagyna Mukaddes Ýazgylara esaslanan pikirleri diňlemäge gelýärler. Eger sizi ökde nutukçy hasaplaýan bolsalar, diýmek, adamlaryň ünsüni özüňize däl-de, Hudaýyň Sözüne gönükdirmäge jan edýändigiňiz görünýär. Şol sebäpli nutugyňyz diňleýjileriň göwnüni göterer (Flp. 1:10, 11).
Siz sudura, ýagny meýilnama et, ýürek we jan bereniňizden soňra, ony sesli gaýtalamaly. Nutugyň ähli pikirini aňyňyzda gowy ornaşdyrandygyňyza göz ýetiriň. Siz hakykaty täsirli, ynamly we joşgunly aýtmaly. Çykyş etmezden öň, maksadyňyz barada oýlanyp, özüňize şeýle soraglary beriň: «Nutugyň esasy pikirleri aýdyňmy? Mukaddes Ýazgylara esaslanandygy görünýärmi? Esasy pikirler biri-biri bilen baglanyşýarmy? Ýehowa we Onuň edýän ähli zatlaryna minnetdarlygymyzy artdyrýarmy? Jemleýji sözleriň tema bilen baglanyşygy barmy? Diňleýjileriň näme etmelidigini görkezip, durmuşda ulanmaga höweslendirýärmi?» Eger siz şu soraglara «hawa» diýip jogap berseňiz, «bilimi dogry beýan edip», hem Ýehowany şöhratlandyrarsyňyz, hem dogan-uýalara kömek edersiňiz (Sül. tym. 15:2).