Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sah. 56—sah. 61 abz. 2
  • Mugallymçylyk ukybyňyzy ösdüriň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mugallymçylyk ukybyňyzy ösdüriň
  • Wagyz mekdebi
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa bil baglaň
  • Ýehowany şöhratlandyryň
  • Tapawutlandyryň
  • Diňleýjileri pikirlenmäge höweslendiriň
  • Ýürege täsir ediň
  • Ulanylyşyny görkeziň
  • Gowy görelde görkeziň
  • Adamlaryň ýüregine täsir etmek
    Wagyz mekdebi
  • Wagyz etmeli habarymyz
    Wagyz mekdebi
  • Öwretmek ukybyňyzy kämilleşdiriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Adamlaryň ýüregine täsir ediň
    Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sah. 56—sah. 61 abz. 2

Mugallymçylyk ukybyňyzy ösdüriň

SIZ Mukaddes Ýazgylaryň mugallymy hökmünde nähili maksat goýýarsyňyz? Eger siz ýakynda wagyzçy bolan bolsaňyz, onda Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek islegiňiz bardyr, sebäbi Isa Mesih şägirt taýýarlamagy tabşyrypdy (Mat. 28:19, 20). Siz bu işde tejribeli bolsaňyz-da, gyzyklanýanlara kömek etmek üçin olaryň ýüregine has-da täsir etmek isleýänsiňiz. Eger siziň çagalaryňyz bar bolsa, onda olary özüni Hudaýa bagyş etmäge höweslendirip biljek mugallym bolmak maksadyňyz bardyr (3 Ýahýa 4). Eger siz ýygnak ýaşulusy bolsaňyz ýa-da ýaşuly bolmak islegiňiz bar bolsa, onda diňleýjileriň Ýehowa we onuň kada-kanunlaryna minnetdarlygyny artdyrmak üçin ökde nutukçy bolmak isleýänsiňiz. Bu maksatlara nädip ýetip bolar?

Geliň, ökde Mugallym Isa Mesihiň galdyran göreldesine seredeliň (Luka 6:40). Isa dagda ýygnanan uly märekä ýüzlense-de, ýolda barýan birnäçe adama ýüzlense-de, onuň sözleri we gürrüň berişi adamlara güýçli täsir edipdir. Isa diňleýjileriň aňyny we ýüregini oýaryp, olara näme etmelidigini aýdyň görkezipdir. Siz-de şeýle edip bilermisiňiz?

Ýehowa bil baglaň

Isa gökdäki Atasy bilen ýakyn gatnaşykdady we onda mukaddes ruh bardy, şol sebäpli ol öwretmäge ukyplydy. Siz Mukaddes Ýazgylar okuwyny üstünlikli geçirer ýaly, Ýehowa gyzgyn doga edýärmisiňiz? Eger siziň çagalaryňyz bar bolsa, olara tälim bermek üçin hemişe Hudaýdan görkezme dileýärmisiňiz? Siz nutuga ýa-da ýygnak duşuşygyny geçirmäge taýýarlananyňyzda ýürekden doga edýärmisiňiz? Ýehowa doga edip, oňa bil baglasaňyz, ökde mugallym bolup bilersiňiz.

Ýehowanyň Sözüne, ýagny Mukaddes Ýazgylara doly ynanmak bilen hem Oňa bil baglaýandygymyzy görkezýäris. Isa ölmeziniň öň ýanyndaky gijesi Atasyna doga edip: «Men olara Seniň sözüňi berdim» diýdi (Ýahýa 17:14). Isa örän tejribeli bolsa-da, hiç haçan öz-özünden aýtmandyr. Ol hemişe Atasynyň öwreden zatlaryny aýdyp, bize görelde galdyrdy (Ýahýa 12:49, 50). Hudaýyň Sözi, ýagny Mukaddes Ýazgylar adamlaryň edýän işlerine, çuň pikirlerine we duýgusyna güýçli täsir edýär (Ýew. 4:12). Hudaýyň Sözünden alan bilimiňizi artdyryp, ony wagyzda gowy ulanmagy öwrenseňiz, adamlara Hudaý bilen dostlaşmaga kömek edip bilersiňiz (2 Tim. 3:16, 17).

Ýehowany şöhratlandyryň

Mesihiň göreldesine eýermek üçin gyzykly nutuk bilen çykyş etmek ýeterlikli däl. Dogry, adamlar Isanyň «mähirli sözlerine» haýran galypdyrlar (Luka 4:22). Ýöne Isa näme maksat bilen gowy gepleýärdi? Ol adamlaryň ünsüni özüne däl-de, Ýehowa çekip, Ony şöhratlandyrmak isleýärdi (Ýahýa 7:16—18). Ol şägirtlerine: «Siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde şeýle parlasyn welin, olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar» diýdi (Mat. 5:16). Isanyň bu maslahaty biziň öwredişimize-de täsir etmeli. Bu maslahata eýermek üçin, oňa päsgel berjek islendik zatdan gaça durmaly. Şonuň üçin bir zat aýtmakçy bolanymyzda, özümize şeýle sorag bersek gowy bolar: «Bu diňleýjileriň Ýehowa bolan söýgüsini artdyrarmy ýa-da olaryň ünsüni maňa çeker?»

Meselem, aýdyň mysallar we durmuşda bolan wakalar arkaly öwretse bolýar. Emma aýdyň mysallar hem wakalar jikme-jik gürrüň berilse, esasy maksat ünsden sowulmagy mümkin. Şonuň ýaly-da, wakalar ýöne bir wagt geçirmek üçin gürrüň berilse, wagzyň asyl manysy ýiter. Aslynda, şeýle mugallym adamlaryň ünsüni Hudaýyň berýän bilimine däl-de, özüne çekýär.

Tapawutlandyryň

Isanyň hakyky şägirdi bolmak isleýän adam öwrenýän zatlaryna gowy düşünmeli. Ol hakykaty bilmeli we onuň başga dinlerden näme bilen tapawutlanýandygyna düşünmeli. Bu babatda bir zady başga zatdan tapawutlandyrmak usuly kömek eder.

Ýehowa halkyny arassa bilen hapany biri-birinden «tapawutlandyrmaga» çagyrýardy (Lew. 10:9—11). Hudaý beýik ruhy ybadathanasyndaky gullukçylarynyň halka «mukaddes zat bilen ýönekeý zadyň... parhyny», ýagny tapawudyny öwretjekdiklerini aýdypdy (Ezek. 44:23). Süleýmanyň tymsallary kitabynda dogrulyk hem erbetlik, akyldarlyk hem akylsyzlyk ýaly gapma-garşylyklar köp agzalýar. Hatda gapma-garşy gelmeýän zatlary-da biri-birinden tapawutlandyryp bolýar. Meselem, Rimliler 5:7-ä görä, Pawlus resul «dogry adam» bilen «oňat adamy» biri-birinden tapawutlandyrýar. Şeýle-de ol ýewreýlere ýazan hatynda Mesihiň baş ruhanylyk ornunyň Harunyňkydan ýokarydygyny düşündirdi. XVII asyrda ýaşan mugallym Ýan Amos Komenskiý şeýle ýazdy: «Öwretmek — bir zadyň maksadyny, görnüşini we gelip çykyşyny başga zatdan tapawutlandyrmak... Dogrudan-da, gowy tapawutlandyryp bilýän adam gowy-da tälim berýär».

Aýdaly, siz Hudaýyň Patyşalygy barada öwredýärsiňiz. Eger gyzyklanýan adam Hudaýyň Patyşalygynyň nämedigine düşünmeýän bolsa, onda Mukaddes Ýazgylar arkaly bu hökümetiň hakykatdan-da bardygyny düşündirip bilersiňiz. Ýa-da Patyşalygyň ynsan hökümetlerinden nähili tapawudynyň bardygyny görkezse bolar. Emma esasy taglymatlary bilýän adamlar bilen bu meselä jikme-jik serediň. Meselem, Mesihi Patyşalygyň Koloseliler 1:13-däki «söýgüli Ogluň Patyşalygyndan» näme tapawudynyň bardygyny ýa-da onuň Zebur 103:19-da aýdylýan Ýehowanyň beýik hökümdarlygyndan nähili tapawudynyň bardygyny görkezse bolar. Ýa-da ol Patyşalygyň Efesliler 1:10-daky «taslamadan», ýagny Hudaýyň «gökde hem ýerde bolan bar zatlary Mesihde birleşdirmek» niýetinden nähili tapawutlanýandygyny görkezip bilersiňiz. Şeýle tapawutlandyrmak usulyny ulansaňyz, diňleýjileriň ünsüni Mukaddes Ýazgylaryň wajyp taglymatyna çekip, oňa aýdyň düşünmäge kömek edip bilersiňiz.

Isa mugallymçylyk täriniň bu usulyny köp ulanýardy. Ol Hudaýyň Musa arkaly beren kanuny baradaky giňden ýaýran düşünjeleri bilen Kanunyň asyl manysynyň arasyndaky gapma-garşylygyny görkezdi (Mat. 5:21—48). Ol Hudaýa bolan hakyky wepalylygy fariseýleriň ikiýüzlüliginden tapawutlandyrdy (Mat. 6:1—18). Ol başgalaryň üstünden «agalyk edýänleriň» garaýşy bilen şägirtlerinde bolmaly janaýamazlyk ruhunyň tapawudyny görkezdi (Mat. 20:25—28). Matta 21:28—32-nji aýatlara görä, Isa diňleýjilerine özüňe göwnüýetijiligiň we ýürekden toba etmekligiň tapawudyny görmäge kömek etdi. Indi, geliň, mugallymçylygyň başga bir tärine seredeliň.

Diňleýjileri pikirlenmäge höweslendiriň

Matta 21:28-e görä, Isa aýdyň mysal getirmezinden öň: «Siz näme diýýärsiňiz?» diýip sorag berdi. Ökde mugallym deliller getirip, soraglara jogap bermek bilen çäklenmän, eýsem, diňleýjilerini pikirlenmäge höweslendirýär (Sül. tym. 3:21; Rim. 12:2). Munuň üçin käte sorag bermeli bolýar. Matta 17:25-de Isa: «Simun, sen näme diýýärsiň? Ýer ýüzündäki patyşalar gümrük ýa salgydy kimden alýarlar? Öz ogullaryndanmy ýa kesekilerden?» diýip soraýar. Elbetde, şeýle soraglar pikirlenmäge höweslendirýär. Bu soraglar Petrusa ybadathana salgyt tölemek meselesinde dogry karara gelmäge kömek etdi. Şeýle-de «Meniň goňşym kim?» diýip, sorag beren adama Isa ruhanynyň we lewiniň özlerini alyp barşynyň samariýaly adamyňkydan tapawutlanýandygyny görkezdi. Soňra Isa ondan: «Seniň pikiriňçe, bu üç adamyň haýsysy garakçylaryň eline düşen adamyň goňşusy bolýar?» diýip sorady (Luka 10:29—36). Bu gezegem Isa jogap bermegiň deregine, oňa öz soragyna özi jogap tapar ýaly etdi (Luka 7:41—43).

Ýürege täsir ediň

Mukaddes Ýazgylaryň asyl manysyna düşünýän mugallym Hudaýa sežde etmegiň belli bir delilleri ýat tutup, belli bir görkezmä eýermegi aňlatmaýandygyny bilýär. Munuň üçin Ýehowa bilen dostlaşmaly we onuň kada-kanunlaryna söýgiňi ösdürmeli. Hakyky sežde ynsan ýüregi bilen berk baglanyşyklydyr (Kan. tag. 10:12, 13; Luka 10:25—27). Mukaddes Ýazgylarda «ýürek» sözi, köplenç, adamyň içki dünýäsini, ýagny onuň islegdir höweslerini, söýgüsini we duýgusyny aňladýar.

Adam kimdir biriniň daş keşbine seredip baha berýär, emma Ýehowa ýüregi görýär. Isa muňa gowy düşünýärdi (1 Şam. 16:7). Biz adamlarda täsir galdyrmak üçin däl-de, Hudaýy söýýändigimiz üçin oňa gulluk etmeli (Mat. 6:5—8). Emma fariseýler köp zady göz üçin edýärdiler. Olar Kanunyň her bir jikme-jiklikleriniň we öz düzgünleriniň ýerine ýetirilmegine has köp üns berýärdiler. Fariseýler Ýehowa ýaraýan häsiýetleri bildirmeýärdiler, sebäbi olaryň Hudaý bilen dostlugy ýokdy (Mat. 9:13; Luka 11:42). Isa Hudaýyň talaplaryny berjaý etmegiň wajypdygyny öwretdi, emma adamlar bu talaplara ýürekden tabyn bolmalydylar (Mat. 15:7—9; Mar. 7:20—23; Ýahýa 3:36). Eger biz Isanyň göreldesine eýersek, dogry tälim berip bileris. Biz adamlara Ýehowanyň näme talap edýändigini bilmäge, ony gowy tanamaga we söýmäge kömek etmeli. Şonda olaryň edýän ähli işlerinden hak Hudaý bilen dostlugyny gymmat saýýandyklary görner.

Elbetde, bilimiň peýdaly bolmagy üçin adam öz-özi bilen dogruçyl bolmaly. Isa adamlary öz niýetini we duýgularyny barlamaga çagyrýardy. Ol diňleýjileriniň nädogry garaýşyny düzedende, olaryň näme sebäpden şeýle edendigini, pikirlenendigini we jogap berendigini soraýardy. Şeýle-de Isa aýdyň mysallary, tassyklamalary we hereketi bilen olara dogry garaýyşda bolmaga kömek edýärdi (Mar. 2:8; 4:40; 8:17; Luka 6:41, 46). Şonuň ýaly biz hem diňleýjileri özüne şeýle soraglary bermäge höweslendirmeli: «Men näme üçin özümi şeýle alyp barýaryn? Bu ýagdaýa men näme üçin şeýle garaýaryn?» Soňra olary her bir ýagdaýa Ýehowanyň garaýşy ýaly garamaga höweslendiriň.

Ulanylyşyny görkeziň

Ökde mugallym «iň möhüm zadyň akyldarlykdygyna» düşünýändir (Sül. tym. 4:7). Akyldarlyk kynçylygy çözmek, howpuň öňüni almak, maksadyňa ýetmek we adamlara kömek etmek üçin bilimi başarnykly ulanmagy aňladýar. Munuň üçin mugallym okuw geçýän adamyň ýerine özi karara gelmän, oňa kömek etmeli. Mukaddes Ýazgylaryň her bir prinsipine seredeniňizde, adamy pikirlenmäge höweslendiriň. Siz durmuşda bolýan bir ýagdaýy mysal getirip, ondan öwrenen prinsipini nädip ulanyp biljekdigini sorap bilersiňiz (Ýew. 5:14).

B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Petrus resul märekäniň öňünde çykyş edende, Hudaýyň Sözi arkaly adamlary durmuşyny özgertmäge höweslendirdi (Res. iş. 2:14—36). Petrus diňleýjilere tanyş üç aýady aýdyp, olaryň gören-eşidenlerini şol aýatlar esasynda düşündirdi. Netijede, adamlar eşiden zatlaryny durmuşynda ulanmagyň gerekdigini bildiler. Siziň hem öwredişiňiz adamlara şeýle täsir edýärmi? Siz adamlara delilleri getirmek bilen çäklenmän, eýsem, aýdylan zatlara düşünmäge kömek edýärsiňizmi? Olary öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanmaga höweslendirýärsiňizmi? Belki, olar Pentikost gününde ýygnanan adamlar ýaly: «Biz näme etmeli?» diýmezler, ýöne aýatlaryň berýän peýdasyny ussatlyk bilen görkezseňiz, olary durmuşynda ulanmalydygyna düşünerler (Res. iş. 2:37).

Ata-eneler, çagalaryňyz bilen Mukaddes Ýazgylary okanyňyzda, ondaky prinsipleri durmuşda nädip ulanmalydygyny öwredip bilersiňiz (Efes. 6:4). Mysal üçin, Mukaddes Ýazgylardan şu hepde okalmaly aýatlaryň birnäçesini saýlap, olaryň manysy hakda pikir alşyň, soňra şeýle soraglar beriň: «Bu aýatda bize nähili görkezme berilýär? Olary wagyzda nädip ulanyp bileris? Bu aýatlar Ýehowa we onuň edýän işleri barada nämeleri aýan edýär? Olar Ýehowa bolan söýgimizi nädip artdyrýar?» Soňra Wagyz mekdebi duşuşygynyň Mukaddes Ýazgylardan peýdaly pikirler bölüminde olary jogap bermäge höweslendiriň. Şonda aýatlar olaryň ýadynda gowy galar.

Gowy görelde görkeziň

Siz diňe bir sözde däl, eýsem, edýän işleriňiz bilen hem öwredýärsiňiz. Siz özüňizi alyp barşyňyz bilen öwredýän zadyňyzy durmuşda nädip ulanyp bolýandygyny görkezýärsiňiz. Çagalar hem şeýdip öwrenýärler. Olar ata-enesiniň göreldesine eýerende, olara meňzemek isleýändigini görkezýärler. Çagalar ata-enesiniň eden zatlaryny edesi gelýär. Okuw geçýän adamlar hem siziň «Mesihden görelde alşyňyza» eýererler we Ýehowanyň ýolundan ýöräp, bereket alyp başlarlar (1 Kor. 11:1). Şonda olar Ýehowanyň ýol görkezişini duýarlar.

Görşümiz ýaly, gowy görelde görkezmek örän wajyp. Biziň «mukaddes ýaşaýşymyz» we «takwalykda gezişimiz» arkaly, okuw geçýän adamlar Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerini durmuşda nädip ulanyp bolýandygyny görerler (2 Pet. 3:11). Eger siz gyzyklanýan adamy Hudaýyň Sözüni yzygiderli okamaga höweslendirýän bolsaňyz, onda özüňiz-de bu işde yhlasly boluň. Eger siz çagalaryňyzyň Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri boýunça ýaşamagyny isleýän bolsaňyz, onda özüňiz hem Hudaýyň islegine görä ýaşaň. Eger siz dogan-uýalary yhlasly wagyz etmäge çagyrsaňyz, özüňiz-de bu işe doly gatnaşyň. Aýdýanlaryňyzy iş ýüzünde görkezseňiz, olar hem eşiden zatlaryny durmuşynda ulanarlar (Rim. 2:21—23).

Mugallymçylyk tärini ösdürmek üçin, özüňize şeýle soraglar beriň: «Meniň çykyşym diňleýjileri öz garaýşyny, gepleýşini we özüni alyp barşyny özgertmäge höweslendirýärmi? Bir meseläni düşündirenimde, düşünjeleriň we wakalaryň arasyndaky tapawudyny görkezýärinmi? Men aýdýan sözlerim okuw geçýän adamlaryň, ýygnakdaky diňleýjileriň we çagalarymyň ýadynda galar ýaly näme edýärin? Diňleýjilere öwrenen zatlaryny durmuşynda nädip ulanyp biljekdiklerini aýdyň görkezýärinmi? Bu babatda özüm görelde bolýarynmy? Olar öwrenýän zatlaryna bolan garaýşynyň Ýehowa bilen gatnaşygyna täsir edýändigine düşünýärlermi?» (Sül. tym. 9:10). Bu soraglara hemişe üns berseňiz, mugallymçylyk tärinde kämilleşersiňiz. «Özüňize hem taglymata dykgat ediň, bu işleri dowam etdiriň. Sebäbi, muny etmek bilen, siz hem özüňizi, hem özüňize gulak asýanlary halas edersiňiz» (1 Tim. 4:16).

GOWY ÖWRETMEK ÜÇIN

  • Özüňize däl-de, Ýehowa bil baglaň.

  • Hudaýyň Sözüniň täsirlidigini unutmaň we ony ussatlyk bilen ulanyň.

  • Özüňizi däl-de, Ýehowany şöhratlandyrmagy maksat ediniň.

  • Tapawutlandyrmak usulyny ulanyň.

  • Diňleýjileri pikirlenmäge höweslendiriň.

  • Olary islegdir höweslerini barlamaga çagyryň.

  • Mukaddes Ýazgylardaky bilimiň durmuşyňa nähili täsir etmelidigi barada oýlanmaga höweslendiriň.

  • Gowy görelde görkeziň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş