43-NJI SAPAK
Berlen maglumaty ulanmak
MUKADDES ÝAZGYLARDA mesihçiler ýygnagy adamyň bedenine meňzedilýär. Bedeniň her bir agzasy gerekli, ýöne olaryň hemmesi bir işi ýerine ýetirmeýär. Şol sebäpli biz tabşyrylan her bir ýumşa erjellik bilen ýapyşmaly. Munuň üçin ýumuşlaryň her birini ähmiýetli we jogapkärli hasaplap, olaryň wajyplygyna hiç haçan kembaha garamaly däl (Rim. 12:4—8). Sadyk hem akylly hyzmatkär ruhy iýmiti «wagtly-wagtynda» paýlamaga jogapkärdir (Mat. 24:45). Eger biz ýumuş berlende ukybymyzy gaýgyrman, ony görkezmä görä taýýarlasak, sadyk hyzmatkäre minnetdarlygymyzy bildirýäris we hormat goýýandygymyzy görkezýäris. Bu bolsa bütin ýygnagyň agzybir işleşmegine ýardam edýär.
Çykyşa nämeleri goşmaly? Eger size Wagyz mekdebinde ýumuş üçin anyk tema berlen bolsa, ony tema görä taýýarlamaly. Köp halatlarda ýumşy nämä esaslanyp taýýarlamalydygyny görkezýän maglumat berilýär. Emma şeýle görkezme berilmedik ýagdaýynda maglumaty özüňiz tapyp bilersiňiz. Ýumşa taýýarlananyňyzda, ähli maglumatyňyzyň berlen tema gabat gelýändigine üns beriň. Çykyşa nämeleri goşmalydygy barada oýlananyňyzda, diňleýjileri-de göz öňünde tutmagy unutmaň.
Maglumaty gowy özleşdiriň we ondaky aýatlary derňäň. Soňra onuň diňleýjilere has peýdaly bolmagy üçin nädip ulanyp bolýandygy barada oýlanyň. Berlen maglumatdan temanyň esasy pikirleri boljak iki ýa-da üç pikiri saýlap bilersiňiz. Şeýle-de okajak we pikir alyşjak aýatlaryňyzy saýlaň.
Berlen maglumatdan näçerägini almaly? Diňe gerekli we peýdaly boljak pikirlerini almaly. Köp pikir aýtjak bolup, öwretmegiň hilini pese düşürmäň. Eger käbir maglumatlar berlen tema gabat gelmese, ony almaň, emma onuň goýan maksadyňyza ýetmäge kömek etjek bölegine üns beriň. Berlen maglumatdan diňleýjilere has peýdaly boljak pikirleri saýlap alyň. Bu sapagyň maksady näçeräk maglumaty düşündirip biljekdigiňi anyklamak däl-de, nutugyň temasyna degişli berlen maglumaty ulanmakdyr.
Çykyş edilende diňe berlen maglumaty gysgaça gürrüň bermek bilen çäklenmeli däl. Siz käbir pikirleri düşündirmeli, olara jikme-jik seredip, mysallar arkaly suratlandyrmaly we olary durmuşda nädip ulanyp bolýandygyny görkezmeli. Goşmaça pikirleri berlen maglumata derek ulanmaly däl-de, ondaky wajyp pikirleri aýdyň düşündirmek üçin peýdalanmaly.
Wagtyň geçmegi bilen, gowy öwredip bilýän doganlardan Gulluk duşuşygynda nutuk bilen çykyş etmegi haýyş ederler. Olar başga maglumaty däl-de, berlen maglumaty ökdelik bilen ulanmalydygyna düşünýärler. Jemagat nutugy bilen çykyş edýän doganlara-da görkezme hökmünde meýilnama berilýär. Bu meýilnama olara biraz erkinlik berse-de, onda nutugyň esasy pikirleri, olary tassyklaýan deliller we nutugyň esasy aýatlary anyk görkezilýär. Berlen maglumata görä tälim bermegi öwrenmek wajypdyr, sebäbi munuň başga-da jogapkärli çykyşlary taýýarlamakda uly ähmiýeti bar.
Şeýle tälim size Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmekde-de kämilleşmäge kömek eder. Bu size gyzykly pikirleri aýtjak bolup, temadan daşlaşmazlyga we öwrenilýän tema ünsli bolmaga ýardam eder. Eger siz bu sapagyň maksadyna düşünseňiz, diňe görkezilen maglumaty ulanmak bilen çäklenmersiňiz, sebäbi käte gyzyklanýan adama düşünmäge kömek etmek üçin goşmaça pikirleri aýtmaly bolýar.