38-NJI SAPAK
Gyzyklanma döredýän giriş sözleri
GIRIŞ SÖZLER islendik nutugyň wajyp bölegi hasaplanýar. Eger siz, ilkibaşdan, diňleýjilerde gyzyklanma döredip bilseňiz, olar aýtjak zatlaryňyzy höwes bilen diňlärler. Siz wagyzda giriş sözler bilen adamy gyzyklandyryp bilmeseňiz, gürrüňi dowam etmek kyn bolar. Nutuk bilen çykyş edeniňizde-de diňleýjileriň ünsüni çekip bilmeseňiz, olar duşuşykdan çykyp gitmeseler-de, başga zatlaryň pikirini edip başlarlar.
Giriş sözlerini taýýarlanyňyzda, şu üç maksady göz öňünde tutmaly: 1) diňleýjileriň ünsüni çekmek, 2) näme hakda gürrüň etjekdigiňi aýdyň etmek we 3) gürrüň edilýän temanyň ähmiýetini görkezmek. Käte bu üç maksada bir wagtda ýetip bolýar. Käte-de olara aýratynlykda üns bermeli ýa-da olaryň tertibini üýtgetse bolýar.
Diňleýjileriň ünsüni nädip çekmeli? Adamlaryň ýygnaga gelmegi olaryň ünsli diňlejekdigini aňlatmaýar. Näme üçin? Sebäbi her bir adamyň ünsüni sowýan aladalary bolýar. Kimdir biri maşgalasynyň aladasyny etse, beýlekiler başga zatlar barada biynjalyklanýar. Siz nutukçy hökmünde diňleýjileriň ünsüni temaňyza çekmeli we olara soňuna çenli dykgatly bolmaga ýardam etmeli. Muny etmegiň birnäçe ýollary bar.
Dagdaky wagyz dünýäde iň belli nutuklaryň biridir. Isa ony nähili sözler bilen başlady? Lukanyň habar bermegine görä, Isa şeýle diýdi: «Eý garyplar, siz bagtlysyňyz... Häzirki açlar, siz bagtlysyňyz... Häzirki aglaýanlar, siz bagtlysyňyz... Adamlar sizi ýigrenende... siz bagtlysyňyz» (Luka 6:20—22). Bu sözler adamlary näme üçin gyzyklandyrdy? Isa adamlaryň duş gelýän agyr kynçylyklaryny bary-ýogy birnäçe söz arkaly görkezdi. Emma ol kynçylyklar barada köp gürrüň etmedi, gaýtam, şeýle kynçylyklara garamazdan, adamlaryň bagtly bolup biljekdigini düşündirdi. Ol muny adamlaryň diňlemäge islegi bolar ýaly edip aýtdy.
Diňleýjileri gyzyklandyrmagyň gowy usuly sorag bermekdir. Emma soragy ýerlikli bermeli. Eger soraglar diňleýjilere öňki bilýän zatlary barada gürrüň etjekdigiňizi görkezse, olaryň diňlemäge höwesi çalt gaçar. Diňleýjileri oňaýsyz we erbet ýagdaýa salýan soraglary däl-de, olary oýlanmaga höweslendirýän soraglary bermäge çalşyň. Her soragdan soňra diňleýjiler içinden jogap berip biler ýaly, biraz säginiň. Eger olar pikirinde siziň soraglaryňyza jogap berseler, diýmek, siz olary ünsli diňlemäge höweslendirip bilipsiňiz.
Diňleýjileriň ünsüni çekmegiň ýene-de bir usuly — durmuşda bolan wakany gürrüň bermek. Emma ol kimdir birini oňaýsyz ýagdaýa salýan bolsa, siz maksadyňyza ýetip bilmersiňiz. Eger gürrüň berlen waka ýatda galyp, ýöne onuň näme sebäpden aýdylandygy ýatda galmasa, goýan maksadyňyz başa barmaz. Giriş sözlerinde bir waka gürrüň berilse, onda ol nutugyň wajyp pikirleriniň esasy bölegi bolmalydyr. Gürrüň beriljek waka gyzykly bolar ýaly, ondaky käbir jikme-jiklikleri aýtmaly bolsa-da, onuň çendenaşa uzyn bolmazlygyna üns bermeli.
Käbir nutukçylar sözüni täzeliklerdäki habarlar, ýerli gazetde ýazylan bir parça ýa-da meşhur adamyň aýdan sözleri bilen başlaýarlar. Şeýle maglumatlar temaňyza gabat gelse we diňleýjiler üçin ýerlikli bolsa, olary girişde ulanyp bilersiňiz.
Eger siz birnäçe bölümden ybarat bolan nutugyň ýa-da Gulluk duşuşygynyň bir bölümi bilen çykyş etmeli bolsaňyz, giriş sözleriňiz gysgaça bolsa gowy bolar. Jemagat nutugy bilen çykyş edilende, giriş üçin berlen wagtyň çäginden çykmazlyga üns bermeli. Sebäbi diňleýjiler üçin has peýdaly maglumat nutugyň esasy böleginde ýerleşmeli.
Käte siz hakykata şübhelenýän ýa-da oňa garşy çykýan adamlaryň öňünde geplemeli bolarsyňyz. Şeýle adamlaryň ünsüni nädip çekse bolar? I asyrda ýaşan «Mukaddes Ruhdan doly we akyl-paýhasly» Stefanusy tutup, Mejlisiň öňüne getirenlerinde, ol mesihi taglymatlaryny ökdelik bilen gorapdy. Ol sözüni nämeden başlady? Stefanus hormat bilen ýüzlenip, hemmeleriň ylalaşýan zatlaryna salgylanyp şeýle diýdi: «Eý doganlar, atalar! Gulak asyň, şöhratly Hudaý biziň atamyz Ybraýyma... aýan boldy» (Res. iş. 6:3; 7:2). Pawlus resul bolsa, Afinydaky Ares depesinde düýbünden başga adamlara ýüzlendi. Ol şonda şeýle diýdi: «Eý afinylylar! Men sizi her taýdan gaty dindar görýärin» (Res. iş. 17:22). Netijede, Stefanus-da, Pawlus-da giriş sözlerini ökdelik bilen ulanyp, diňleýjileriniň ünsüni aýdan zatlaryna çekip bildiler.
Wagyzda-da adamlaryň ünsüni çekmegi başarmaly. Eger siz adamyň öýüne garaşylmadyk wagty barsaňyz, ähtimal, ol öz işleri bilen gümradyr. Käbir ýurtlarda nätanyş adam öýüňe gelende, ol maksadyny gysgaça aýtmaly. Başga ýurtlarda bolsa, adam näme sebäpden gelendigini aýtmanka, ýerli däbe görä saglyk-amanlyk soraşmaly (Luka 10:5).
Nähili bolaýanda-da, mähirli bolsaňyz, adam bilen gowy gürrüňdeşlik etmäge mümkinçiligiňiz bolar. Munuň üçin, köplenç, adamyň pikirlenýän zatlary barada söz açsak peýdaly bolar. Ýöne adamyň näme hakda pikirlenýändigini nädip bilmeli? Adamyň ýanyna baranyňyzda, onuň näme bilen meşgullanýandygyna üns beriň. Belki-de, ol melleginde işleýändir, maşynyny bejerýändir, nahar bişirýändir, kir ýuwýandyr ýa-da çagalaryna seredýändir. Mümkin, ol gazet okaýandyr ýa-da köçede bolýan zatlara syn edýändir. Adamyň öýündäki zatlary onuň balyk tutmak, sport, aýdym-saz, syýahat, kompýuter ýa-da şuňa meňzeş zatlar bilen gyzyklanýandygyny görkezýärmi? Köplenç, adamlar radioda eşiden ýa-da telewizorda gören zatlary hakda pikir edýärler. Şeýle zatlary göz öňünde tutup, gysgaça sorag berseňiz, bu ýakymly gürrüňdeşlige ýol açyp biler.
Isa Sihar şäheriniň golaýynda guýynyň başynda samariýaly aýala wagyz edende, gürrüňdeşlige nädip başlamalydygynyň ajaýyp göreldesini görkezdi (Ýahýa 4:5—26).
Eger siziň ýygnagyňyzyň territoriýasynda köp wagyz edilýän bolsa, onda giriş sözlerine has-da gowy taýýarlanmaly, ýogsam siz adamlara güwälik edip bilmersiňiz.
Näme hakda gürrüň etjekdigiňizi aýdyň. Köplenç, ýygnak duşuşygynda ýygnagyň koordinatory ýa-da başga bir dogan siziň çykyş etmeli nutugyňyzyň adyny yglan edýär. Emma siziň özüňiz hem temany giriş sözlerinde aýtsaňyz gowy bolar. Temanyň adyny gaýtalap bilersiňiz, ýöne bu hökman däl. Sebäbi ol nutugyň dowamynda ýuwaş-ýuwaşdan açylar. Her niçik-de bolsa, nutugyň giriş sözlerinde temaňyzy nygtap geçmeli.
Isa şägirtlerini wagyz etmäge iberende, olaryň näme hakda gürrüň bermelidigini aýdyň görkezdi. Ol: «Barýarkaňyz Gögüň Patyşalygynyň golaýlandygyny wagyz ediň» diýdi (Mat. 10:7). Isa biziň günlerimizde-de «Patyşalyk baradaky... Hoş Habaryň... wagyz ediljekdigini» aýdypdy (Mat. 24:14). Biz «Hudaýyň sözüni wagyz edýäris». Şol sebäpli wagyz edenimizde Mukaddes Ýazgylara salgylanmaly (2 Tim. 4:2). Ýöne adamlaryň ünsüni Mukaddes Ýazgylara ýa-da Hudaýyň Patyşalygyna çekmezden öňürti, olara biynjalyk edýän soragyny bermeli. Siz jenaýatçylyk, işsizlik, adalatsyzlyk, uruşlar, ýaşlara kömek etmek, keselçilik we ölüm baradaky bir temany orta atyp bilersiňiz. Emma olar barada köp gürrüň etmäň, çünki siziň sözleriňiz adamlary ruhlandyrmaly we olara kömek etmeli. Gürrüňdeşligi Hudaýyň Sözüne we gökdäki Patyşalygyň berýän umydyna gönükdirmäge çalşyň.
Gürrüň etmeli temanyň ähmiýetini görkeziň. Siz ýygnak duşuşygynda çykyş etmeli bolsaňyz, gürrüň edýän temaňyzyň diňleýjilere gyzykly boljakdygyna göz ýetiriň. Ýöne diňleýjiler temany özlerine degişli hasaplarlarmy? Eşiden zatlarynyň öz durmuşyna degişlidigini we sözleriňiziň olary hereket etmäge höweslendirýändigini görüp, olar sizi ünsli diňlärlermi? Hawa, eger siz nutuga taýýarlyk göreniňizde diňleýjileri, olaryň durmuş ýagdaýyny, aladalaryny we garaýyşlaryny göz öňünde tutsaňyz, olar siziň sözleriňize ünsli bolarlar. Eger siz şulara esaslanyp taýýarlanan bolsaňyz, olary giriş sözleriňizde açyk görkeziň.
Gyzyklandyrma döretmegiň iň gowy usuly — temanyň diňleýjilere degişli taraplaryny görkezmek. Bu usuly ýygnak duşuşygynda çykyş edeniňde-de, wagyzda-da ulansa bolýar. Munuň üçin adamlaryň kynçylyklaryny, zerurlyklaryny we olarda döreýän soraglarynyň gürrüň etjek temaňyz bilen baglanyşygyny görkezmeli. Eger siz temany umumy düşündirmän, belli bir jikme-jiklikleriň üstünde durup geçjekdigiňizi görkezseňiz, olar sizi has-da ünsli diňlärler. Emma munuň üçin gowy taýýarlyk görmeli.
Giriş sözlerini nädip aýtmaly? Siziň giriş sözlerinde näme aýtjakdygyňyz örän wajyp, ýöne adamy gyzyklandyrmak üçin ony nädip aýtmalydygy hem möhümdir. Şonuň üçin taýýarlyk göreniňizde, diňe bir näme aýtjak bolýandygyňyza däl-de, eýsem, olary nädip aýtjakdygyňyza-da üns beriň.
Goýan maksadyňyza ýetmek üçin sözleri dogry saýlamaly. Munuň üçin ilkinji aýtjak iki-üç sözlemiňize aýratyn üns berseňiz gowy bolardy. Sözlemler gysga we ýönekeý bolmaly. Nutuk bilen çykyş etmek üçin siz olary ýazyp ýa-da ýat tutup bilersiňiz. Şonda başda aýtjak sözleriňiz täsirli bolar. Giriş sözlerini howlukman aýtsaňyz, bu size tolgunman we rahat çykyş etmäge kömek eder.
Giriş sözlerini haçan taýýarlamaly. Bu babatda her kimiň pikiri dürli-dürli bolýar. Käbir ökde nutukçylar, ilki, nutugyň giriş sözlerini taýýarlamagy makul bilýärler. Başga tejribeli nutukçylar bolsa, giriş sözlerini nutuga doly taýýarlyk görenden soň düzmegi peýdaly hasaplaýarlar.
Giriş sözleriniň üstünde işläp başlamazdan öň, siz gürrüň etjek zatlaryňyzy we düşündirmekçi bolýan esasy pikirleriňizi doly anyklamaly. Eger size taýyn meýilnamaly nutuk bilen çykyş etmek tabşyrylsa näme? Şol meýilnamany okanyňyzda giriş sözleri üçin bir pikir dörese, ony ýazyp bilersiňiz. Emma ýadyňyzda bolsun, giriş sözleriňiziň gowy bolmagy üçin diňleýjileri hem-de nutugyň meýilnamasyndaky pikirleri göz öňünde tutmaly.