Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sapak 37 sah. 212—sah. 214 abz. 5
  • Esasy pikirleri aýratynlandyrmak

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Esasy pikirleri aýratynlandyrmak
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • Esasy pikirleri nygtaň
    Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
  • Nutugyň meýilnamasyny düzmek
    Wagyz mekdebi
  • Esasy pikiri gaýtalaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Berlen maglumaty ulanmak
    Wagyz mekdebi
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sapak 37 sah. 212—sah. 214 abz. 5

37-NJI SAPAK

Esasy pikirleri aýratynlandyrmak

Munuň üçin näme etmeli?

Maglumatlary ýerleşdireniňizde, diňleýjileriň ünsi esasy pikirlere gönükdiriler ýaly edip düşündirmeli.

Bu näme üçin wajyp?

Bu usul aýdylanlary ýatda saklamaga, tema hakda oýlanmaga we ony durmuşyňda ulanmaga kömek edýär.

NUTUGYŇ esasy pikirleri näme? Olar ýüzleý aýdylyp geçilen gyzykly pikirler däldir. Esasy pikirler nutugyň özeni bolup durýar we olar hakda jikme-jik gürrüň berilýär. Olar nutukça öňünde goýan maksadyna ýetmäge ýardam edýär.

Esasy pikirleri tapawutlandyrmak üçin maglumaty paýhasly saýlamaly we olary gowy ýerleşdirmeli. Adatça, nutuga taýýarlyk görlende köp maglumat tapsa bolýar. Olaryň haýsysyny ulanmalydygyny nädip anyklasa bolar?

Birinjiden, diňleýjileri göz öňünde tutmaly. Olar siziň temaňyz barada käbir zatlary bilýärlermi ýa-da asla hiç zat bilmeýärler? Mukaddes Ýazgylaryň bu tema barada aýdýanlary bilen ylalaşýarlarmy ýa-da oňa şübhelenýärler? Olar durmuşda ýüze çykýan kynçylyklarda Mukaddes Ýazgylaryň berýän maslahatlaryna eýermäge çalyşýarlarmy? Ikinjiden, çykyş etjek temaň arkaly haýsy maksada ýetmek isleýändigiňi anyklamaly. Bu iki maslahaty göz öňünde tutup, temany gözden geçiriň we diňe gerekli maglumaty alyň.

Size bir tema we esasy pikirlerden ybarat bolan taýyn meýilnama berlen bolsa, oňa hökman eýermelisiňiz. Emma şonda-da her esasy pikiri düşündirmek üçin ýokarda agzalan maslahatlary göz öňünde tutsaňyz, çykyşyňyz has peýdaly bolar. Eger meýilnama berilmedik bolsa, onda esasy pikirleri özüňiz saýlamaly.

Eger siz esasy pikirleriň düýp manysyny anyklasaňyz we olary tassyklaýan goşmaça pikirleri dogry yzygiderlikde ýerleşdirseňiz, size çykyş etmek aňsat bolar. Hatda diňleýjiler-de çykyşyňyzdan köp peýda alyp bilerler.

Maglumaty ýerleşdirmegiň dürli ýollary. Nutuga degişli maglumatlary ýerleşdirmegiň dürli ýollary bar. Eger siz olar bilen tanyşsaňyz, goýan maksadyňyza ýetmek üçin, olaryň käbiriniň has peýdaly boljakdygyna göz ýetirersiňiz.

Maglumatlary temalara bölüp ýerleşdirmeklik iň ýörgünli usul hasaplanylýar (Bu usul diňleýjileriň her esasy pikire gowy düşünmegine we nutugyň maksadyna ýetmäge kömek edýär). Indiki usul — taryhy yzygiderlik (Meselem, Tupandan öňki bolan wakalar, tä b. e. 70-nji ýylynda Iýerusalim derbi-dagyn bolýança ýa-da biziň günlerimize çenli bolan wakalar taryhy yzygiderlikde gürrüň berilýär). Üçünji usul — «sebäp we netije» (Bu usul hem maglumaty belli bir yzygiderlikde ýerleşdirmegi talap edýär. Meselem, siz bir bolan wakany, ýagny netijäni gürrüň berip, soňra onuň sebäbini görkezýärsiňiz). Dördünji usul — gapma-garşylyk (Siz ýagşy bilen ýamanyň ýa-da gowy bilen erbediň arasyndaky tapawudyny görkezip bilersiňiz). Käte bu usullaryň iki-üçüsini bilelikde ulansa bolýar.

Stefanusy Mejlisiň öňünde nähak aýyplanlarynda, ol taryhy yzygiderlik usulyny ulanyp, güýçli güwälik edýär. Resullaryň işleri 7:2—53-nji aýatlary okanyňyzda, onuň belli bir maksady göz öňünde tutandygyna üns beriň. Ilkibaşda, Stefanus diňleýjileriň inkär edip bilmejek taryhy wakalaryna salgylanýar. Soňra ol Ýusubyň öz doganlary tarapyndan inkär edilendigine garamazdan, Hudaýyň Ýusup arkaly doganlaryny halas edendigini gürrüň berýär. Soňra bolsa, ýehudylaryň Hudaýyň wekili bolan Musa pygambere gulak asmandyklaryny aýdýar. Sözüniň soňunda Stefanus şeýle gulak asmazlyk ruhuny Isa Mesihi öldüren ýehudylaryň hem bildirendigini görkezýär.

Esasy pikirler köp bolmaly däl. Islendik temanyň birnäçe esasy pikiri bolýar. Adatça, olar barmak basyp sanardan köp bolmaýar. Bu düzgün 5 minut, 10 minut, 30 minut ýa-da ondan köp wagt çykyş edilende-de ulanylýar. Çendenaşa köp esasy pikirleri nygtajak bolmaň. Sebäbi diňleýjiler bir nutukdan bary-ýogy birnäçe pikiri kabul edip bilerler. Nutuk näçe uzyn bolsa, onuň esasy pikirleri şonça-da aýdyň bolmaly.

Siz näçe esasy pikir saýlasaňyz-da, olaryň hersini gowy düşündirmäge çalşyň. Diňleýjiler her bir esasy pikiri çuňňur özleşdirip biler ýaly, olara ýeterlikli wagt sarp ediň. Şonda bu pikirler olaryň ýadynda gowy galar.

Nutuk çylşyrymly bolmaly däl. Çykyşyň ýönekeýligi maglumatyň möçberine bagly bolmaýar. Eger siz pikirleriňizi esasy bölümlere bölseňiz we olary özara baglanyşdyryp, yzygiderli düşündirip bilseňiz, nutugy diňlemek hem-de ýatda saklamak aňsat bolar.

Esasy pikirleri tapawutlandyryň. Eger maglumaty dogry ýerleşdirseňiz, onda nutugyň dowamynda esasy pikirleri täsirli edip gürrüň bermek kyn bolmaz.

Esasy pikirleri tapawutlandyrmagyň wajyp usuly — delilleri, aýatlary we başga-da maglumatlary ulananyňyzda, diňleýjileriň ünsi esasy pikirlere gönükdiriler ýaly edip düşündirmeli. Goşmaça pikirleriň ählisi esasy pikirleri aýdyňlaşdyrmaly, tassyklamaly we güýçlendirmeli. Tema degişli bolmadyk pikirler gyzykly bolsa-da, olary ulanmaň. Goşmaça pikirleri düşündireniňizde olaryň esasy pikirler bilen baglanyşygyny açyk görkeziň. Olara diňleýjileriň özleri düşüner öýtmäň. Olaryň baglanyşygyny görkezmek üçin wagtal-wagtal esasy pikiri aýdyň edýän sözleri ýa-da esasy pikiriň özüni gaýtalap bilersiňiz.

Käbir nutukçylar esasy pikirleri nygtamak üçin olary tertip boýunça sanaýarlar. Bu esasy pikirleri nygtamagyň bir ýoludyr. Ýöne bu maglumaty saýlamagyň we ony logiki yzygiderlikde düşündirmegiň hökman däldigini aňlatmaýar.

Siz, ilki, esasy pikiri agzap, soňra ony tassyklamak üçin delil getirip bilersiňiz. Bu usul diňleýjilere indiki aýdyljak sözleriň wajypdygyna düşünmäge we şol bir wagtyň özünde esasy pikiri nygtamaga kömek eder. Esasy pikirler doly düşündirilenden soň, olary berkitmek üçin manysyny gysgaça gaýtalasa bolar.

Wagyzda. Ýokarda berlen maslahatlary diňe bir nutuk bilen çykyş edilende däl, eýsem, wagyzda adamlar bilen gürrüňdeş bolanda-da ulansa bolýar. Wagza taýýarlyk göreniňizde, esasan-da, adamlary biynjalyk edýän zatlary göz öňünde tutuň. Şeýle kynçylyklary çözmäge Mukaddes Ýazgylaryň nähili kömek edýändigini görkezmek üçin bir tema saýlaň. Belki-de, bu temany düşündirmäge kömek edýän iki esasy pikiri saýlarsyňyz. Olary tassyklaýan aýatlary hem tapyň. Soňra gürrüňdeşlige nädip başlajakdygyňyz barada oýlanyň. Şeýle taýýarlyk gürrüňdeşligi başarnykly alyp barmaga kömek eder. Şeýle-de bu aýdan zatlaryňyzyň adamyň ýadynda galmagyna ýardam eder.

ESASY PIKIRLERI TAPAWUTLANDYRMAK ÜÇIN

  • Esasy pikirleri saýlamazdan öň, diňleýjileriň tema hakda nämeleri bilýändigini anyklaň we nähili maksat goýjakdygyňyz barada oýlanyň. Şu zatlary göz öňünde tutup, maglumaty belli bir tertipde ýerleşdiriň.

  • Getirilen delilleriň, aýatlaryň we başga-da maglumatlaryň esasy pikir bilen baglanyşygyny aýdyň görkeziň.

  • Her esasy pikire aýratyn üns beriň. Munuň üçin olary tertip boýunça sanap bilersiňiz. Esasy pikiri agzap, soňra ony tassyklaýan maglumaty aýdyň ýa-da esasy pikiri düşündireniňizden soň, ony gaýtalaň.

GÖNÜKME Şu hepde «Garawul diňi» duşuşygynda geçiljek makalany gözden geçiriň. Makalanyň gara harplar bilen ýazylan sözbaşylary we çarçuwada gaýtalamak üçin berlen soraglary arkaly onuň esasy pikirlerini anyklajak boluň. Muny her hepde etseňiz peýdaly bolar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş