19-NJY SAPAK
Mukaddes Ýazgylardan yzarlamaga höweslendirmek
BIZ adamlaryň ünsüni Hudaýyň Sözüne, ýagny Mukaddes Ýazgylara çekmek isleýäris. Biziň wagyz edýän habarymyz mukaddes kitaba esaslanýar, şol sebäpli biz adamlara öz sözümizi däl-de, Hudaýyň sözlerini aýdýandygymyzy görkezmek isleýäris. Adamlaryň Mukaddes Ýazgylara bolan ynamyny ösdürmek örän wajypdyr.
Wagyzda. Wagza taýýarlyk göreniňizde, adamlara okap bermek üçin Mukaddes Ýazgylardan birki aýady saýlaň. Hatda siz Ýazgylara esaslanan edebiýaty hödürlemekçi bolsaňyz-da, oňa degişli bir aýady okasaňyz gowy bolar. Biziň sözlerimize garanyňda, Hudaýyň Sözi akýürekli adamlara güýçli täsir edip bilýär. Eger Mukaddes Ýazgylardan aýat okap bermäge mümkinçilik bolmasa, ony ýatdan aýdyp bilersiňiz. I asyrda Mukaddes golýazmalaryň nusgasy kän bir elýeterli däldi. Muňa garamazdan, Isa we onuň resullary, köplenç, aýatlary ýatdan aýdypdyrlar. Biz hem käbir aýatlary ýat tutmaga çalyşmaly we olary wagyzda gerekli wagty ýatdan aýtmaly.
Mukaddes Ýazgylardan okap bermäge mümkinçiligiňiz bolsa, kitaby söhbetdeşiňiz hem yzarlap biler ýaly tutuň. Eger adam öz Mukaddes Ýazgylaryndan yzarlasa, ol okalan sözleri has gowy kabul edip biler.
Emma käbir terjimeçileriň Hudaýyň Sözüni terjime edenlerinde, onuň birnäçe ýerlerini üýtgedendiklerini unutmaň. Olaryň terjimelerinde Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasyna gabat gelmeýän ýerleriniň bolmagy mümkin. Şu günki terjimeçileriň köpüsi Mukaddes Ýazgylardan Hudaýyň adyny aýyrdylar, ölüleriň nähili ýagdaýdadygyny we Hudaýyň ýer ýüzi baradaky niýetini görkezýän aýatlary ýoýdular. Siz bu zatlary adama düşündirmek üçin Mukaddes Ýazgylaryň dürli terjimelerini ýa-da şol diliň has irki terjimeleri bilen deňeşdirip bilersiňiz. «Ýazgylar esasynda söhbetdeşlik» (rus.) kitabynyň käbir temalarynda köp ulanylýan aýatlar dürli terjimeler bilen deňeşdirilip görkezilýär. Hakykaty söýýän adamlar şeýle delillere minnetdar bolarlar.
Ýygnak duşuşygynda. Ýygnak duşuşygyna gelýänleriň ählisini Mukaddes Ýazgylary açmaga höweslendirmeli. Munuň köp peýdasy bar. Bu diňleýjilere gürrüň edilýän tema ünsli bolmaga kömek edýär. Olar okalýan zatlary diňe bir eşitmän, gözi bilen hem görerler. Ýygnaga täze gelenler biziň taglymatlarymyzyň Mukaddes Ýazgylara esaslanandygyna düşünerler.
Diňleýjileriň okalýan aýatlary öz kitabyndan yzarlamagy siziň höweslendirişiňize baglydyr. Munuň iň gowy usuly — Mukaddes Ýazgylary açmaga höweslendirmek.
Diňleýjilere haýsy aýatlary açmagy teklip etjekdigini nutukçynyň özi çözýär. Esasy pikirleri düşündirmäge kömek edýän aýatlar okalsa gowy bolar. Eger wagtyňyz bar bolsa, şol pikirleri tassyklaýan başga-da aýatlary okap bilersiňiz.
Elbetde, aýadyň nirede ýerleşýändigini aýtmak we ony açmagy teklip etmek ýeterlikli däl. Eger bir aýady okap, diňleýjiler ony tapmanka başga aýada geçseňiz, olar ruhdan düşüp, Mukaddes Ýazgylardan yzarlamaga bolan höwesi gaçar. Şol sebäpli ünsli boluň. Aýady diňleýjileriň köpüsi tapandan soň okaň.
Şu barada oýlanyň. Okajak aýadyňyzyň nirede ýerleşýändigini öňünden aýtsaňyz, diňleýjileriň ony tapmagyna köp garaşmaly bolmarsyňyz. Diňleýjilere aýatlary tapmaga wagt berendigiňiz sebäpli köp maglumaty aýdyp bilmersiňiz, ýöne munuň peýdasy sarp edilen wagta deger.