13-NJI SAPAK
Seretmek
ADAMYŇ gözi onuň garaýşyny we duýgusyny görkezýär. Şeýle-de ol geň galmagy, gorkyny, duýgudaşlygy ýa-da söýgini aýan edip biler. Käte adamyň gözünden onuň şübhelenýändigini ýa-da betbagtçylygy başdan geçirendigini görse bolýar. Ençeme horluklary başdan geçiren bir ýaşuly adam özi we ildeşleri barada şeýle diýýär: «Biz göz arkaly gepleşýäris».
Käbirleri adamyň kimdigini we näme hakda gürrüň berýändigini bilmek üçin onuň nirä seredip gepleýändigine üns berýärler. Käbir ýurtlarda mähirli seredip gepleýän adamlara ynanýarlar, emma adam ýere ýa-da başga zada seredip geplese, onuň akýürekliligine we ynamly sözleýändigine şübhelenerler. Käbir ýurtlarda ýolbaşçy adamlaryň gözüne siňe seredip ýüzlenilse, bu gödekligi we edepsizligi aňladyp biler. Şeýle garaýyş erkek kişiler bilen aýal-gyzlaryň arasynda bolsa, näz-kereşmäni görkezýär. Eger ýaşlar özünden uly adam bilen gepleşende göni gözüne seretse, hormatsyzlyk hasaplanylýar.
Emma wajyp bir zady aýtjak bolanyňda, adamyň gözüne seretmeklik edepsizlik hasaplanylmaýar. Gaýtam, bu adamyň ynamly sözleýändigini görkezýär. Bir gezek Isanyň şägirtleri geň galyp, ondan: «Kim halas bolup biler?» diýip soradylar. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Isa olara seredip diýdi: „Ynsanlar üçin bu mümkin däl, ýöne Hudaý üçin ähli zat mümkin“» (Mat. 19:25, 26). Şeýle-de Hudaýyň Sözünde Pawlus resulyň diňleýjilere syn edendigi barada aýdylýar. Sebäbi ol aýdan sözleriniň olara edýän täsirini bilmek isledi. Bir gezek ol wagyz edip durka, märekäniň arasynda dogabitdi agsak adamy görýär. Resullaryň işleri 14:9, 10-njy aýatlarda şeýle diýilýär: «Bu adam Pawlusyň gürrüňini diňledi; Pawlus hem oňa göz dikdi, onuň sagaljagyna imanynyň bardygyny görüp, gaty ses bilen diýdi: „Aýagyň üstünde dik dur!“»
Wagyz edeniňizde. Adamlar bilen mähirli gürrüňdeş bolmaga çalşyň. Hem özüňizi, hem-de söhbetdeşiňizi gyzyklandyrjak temany saýlap, eger ýerlikli bolsa, gürrüňdeşligi oýlandyryjy sorag bilen başlaň. Adamyň gözüne, hiç bolmanda, ýüzüne mylakatly we hormat bilen serediň. Ol mähirli ýylgyrsa, ýüregindäki şatlygy gözünden görner. Şeýdip, siz adamy özüňize çekip, oňa arkaýyn pikir alyşmaga kömek edersiňiz.
Siz adamyň gözüne seretseňiz, özüňizi nähili alyp barmalydygyny bilersiňiz. Onuň gözünden gaharlydygyny, aýdýan sözleriňize düşünmeýändigini ýa-da gyzyklanmaýandygyny görersiňiz. Eger ol gyzyklanýan bolsa, onda gürrüňiňizi dowam edip bilersiňiz. Adamyň gözüne seredip, çaltrak ýa-da haýalrak geplemelidigini, söhbetdeşlige goşulmaga mümkinçilik bermelidigini, gürrüňdeşligi tamamlamalydygyny ýa-da Mukaddes Ýazgylar okuwynyň geçirilişini görkezmelidigini bilse bolýar.
Siz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirseňiz-de, wagyz etseňiz-de adamyň gözüne hormat bilen seretmäge çalşyň. Emma siňe seretmäň, ýogsam adamy oňaýsyz ýagdaýa salarsyňyz (2 Pat. 8:11). Ýöne adamyň ýüzüne ýygy-ýygydan dostlukly garaýyş bilen garaň. Şeýle garaýyş köp ýurtlarda adam bilen ýürekden gyzyklanýandygyňy görkezýär. Elbetde, Mukaddes Ýazgylardan ýa-da başga edebiýatdan okanyňyzda, siziň gözüňiz okalýan zatda bolar. Ýöne esasy bölümleri nygtamaly bolanda, biraz salym adamlara seretmek islärsiňiz. Eger diňleýjilere wagtal-wagtal seretseňiz, olaryň okaýan zadyňyza bolan garaýşyny görersiňiz.
Eger çekinjeň bolsaňyz, ilkibada, size adamyň gözüne seretmek kyn bolar, ýöne ruhdan düşmäň. Munuň üstünde işlemegiňizi dowam etseňiz, wagtyň geçmegi bilen adamyň gözüne adaty boluşda seretmegi öwrenersiňiz. Bu bolsa adamlar bilen gürrüňdeş bolanyňyzda kömek eder.
Çykyş edeniňizde. Mukaddes Ýazgylarda Isanyň Dagdaky wagzyny aýdyp başlamanka, «şägirtlerine garandygy» barada aýdylýar (Luka 6:20). Onuň göreldesine eýeriň. Çykyşa başlamankaňyz, diňleýjileriň ýüzüne seredip, biraz duruň. Şonda birnäçe adamyň gözüne seretseňiz, özüňizi ele almaga mümkinçilik dörär, bu diňleýjilere-de peýdaly bolar. Olar siziň ýüzüňize seredip, çykyşy ünsli diňlemek üçin taýýarlyk görüp bilerler.
Diňleýjilere çykyşyň dowamynda hem seredip duruň. Olaryň hemmesine birbada däl-de, hersine aýratynlykda seretmäge çalşyň. Bu ähli ýurtlarda diýen ýaly, nutuk bilen çykyş edýänlerden talap edilýär.
Diňleýjilere seretmek bu gözüňi saga we çepe hereketlendirmegi aňlatmaýar. Eger ýerlikli bolsa, diňleýjileriň birine hormat bilen bakyp, bir sözlemi doly aýdyň. Soňra başga birine ýüzlenip, bir ýa-da iki sözlemi aýdyň. Ýöne adamy oňaýsyz ýagdaýa salmaz ýaly, oňa uzak wagtlap seredip durmaň we sanlyja adama däl-de, diňleýjileriň ählisine serediň. Birine ýüzlenip gepläniňizde, ilki bilen, aýdylan zatlaryň oňa nähili täsir edýändigine üns beriň, soňra başga birine bakyň.
Ýazgyňyzy pýupitriň (kitap we şuňa meňzeş zatlary goýmak üçin tagta) üstünde ýa-da Mukaddes Ýazgylaryň içinde goýsaňyz, ýa-da ony eliňizde saklasaňyz ýazgyňyza çalaja seretmäge mümkinçiligiňiz bolar. Eger oňa seretmek üçin başyňyzy aşak egmeli bolsaňyz, diňleýjiler bilen göz aragatnaşygyňyz ýiter. Şol sebäpli ýazgyňyza haçan we näçeräk seretmelidigi barada oýlanmaly. Meselem, siz nutugyň esasy pikirlerini aýtmaly wagtyňyz ýazgyňyza köpräk seretseňiz, olaryň diňleýjilere nähili täsir edýändigini görüp bilmersiňiz. Şeýle ýagdaý nutugyň güýjüni-de gaçyrar. Şonuň üçin diňleýjiler bilen göz aragatnaşygyňyz ýitmez ýaly, ýazgyňyza köp seretmäň.
Siz birine pökgini zyňanyňyzda, ony gapandygyny ýa-da gapmandygyny bilmek üçin seredýärsiňiz. Nutugyň her bir pikirini aýdanyňyzda-da, bu diňleýjilere pökgi zyňan ýalydyr. Eger diňleýjiler başyny atsalar, ýylgyrsalar ýa-da ünsli diňleseler, bu olaryň pikirleri «gapandygyny» görkezýär. Şol sebäpli diňleýjiler bilen göz aragatnaşygyňyz gowy bolmasa, olaryň aýdylan pikirleri «gapandygyny» bilmersiňiz.
Size ýygnakda okamak tabşyrylan bolsa, onda diňleýjilere seretmek gerekmi? Elbetde, diňleýjiler Mukaddes Ýazgylardan yzarlaýan bolsalar, olar siziň seredýändigiňizi ýa-da seretmeýändigiňizi görmezler. Emma siz diňleýjilere seretseňiz, okaýan zatlaryňyzyň olara nähili täsir edýändigini görersiňiz, bu-da sizi joşgunly okamaga höweslendirer. Mukaddes Ýazgylardan yzarlamaýan we başga zat barada pikirlenýän diňleýjiler özlerine seredilýändigini görseler, siz olara ünsüni jemlemäge kömek edip bilersiňiz. Ýöne özüňize okamaga päsgel bermez ýaly, diňleýjilere az salymlyk seretseňiz ýeterlikli bolar. Munuň üçin Mukaddes Ýazgylary eliňizde saklap, başyňyzy aşak egmän okasaňyz gowy bolar.
Käte ýygnak ýaşulularyna kongreslerde çykyş etmek üçin taýyn nutuk berilýär. Ony ussatlyk bilen ýerine ýetirer ýaly, tejribe, gowy taýýarlyk we birnäçe gezek gaýtalamak gerek. Şeýle ýagdaýda diňleýjilere seretmek aňsat bolmazlygy mümkin. Emma nutukçy gowy taýýarlansa, okaýan ýerini ýitirmän, diňleýjilere wagtal-wagtal seredip biler. Şeýdip, ol diňleýjilere ünsli bolmaga we wajyp ruhy görkezmeden doly peýdalanmaga kömek eder.