Adamlaryň ýüzüne seredip, ýürekden gyzyklanýandygyňy görkez
1 Biz jemgyýetçilik ýerlerinde ýa-da öýden-öýe wagyz edip ýörkäk, köplenç adamlaryň ýüzüne seredip, soňra gürrüňe başlaýarys. Belki, şol gysga wagtda biz olaryň ýüz keşbinden keýpini bileris. Olar hem biziň ýüz keşbimizden köp zatlary aňşyrýarlar. Bir aýal öýüne gelen Ýehowanyň Güwäçisi barada şeýle diýýär: «Onuň rahatlygy, ýylgyrşy meniň hiç ýadymdan çykanok. Bu meni gaty gyzyklandyrdy». Şol sebäpli ol aýal hoş habary diňledi.
2 Şeýle-de köçede ýa-da jemgyýetçilik ýerlerinde adamlaryň ýüzüne seretseň, wagza başlamaga kömek edýär. Bir dogan gelýän adamlaryň ýüzüne seredýär. Gelýän adamyň gözi gözüne düşse, ol ýylgyrýar-da, žurnal hödürleýär. Şeýdip, ol köp gyzykly gürrüňdeşlige başlap bildi.
3 Adamlaryň duýgusyna düşünmek. Adamlaryň ýüzüne seretsek, olaryň duýgusyna düşünmäge kömek edýär. Mysal üçin, käbir adamlar aýdýan zadymyza düşünmese ýa-da garşy bolsa, onda ýüzünden bildirýär. Şeýle-de bir iş bilen meşgul bolsa ýa-da howlugýan bolsa hem ýüzünden bilse bolýar. Şonda biz gürrüňi şoňa görä gysgaldyp bileris. Adamlaryň duýgusyna düşünip, olar bilen ýürekden gyzyklanýandygymyzy görkezýäris.
4 Ýürekden gyzyklanmak we ynamly gürlemek. Köp medeniýetlerde adamyň ýüzüne seretmek ýürekden gyzyklanýandygyňy görkezýär. Isa şägirleriniň: «Onda kim halas bolar?» diýen soragyna näme jogap berenine seredeliň. Injil şeýle diýýär: «Isa olara seredip diýdi: «Ynsanlar üçin bu mümkin däl, ýöne Hudaý üçin ähli zat mümkin» (Mat. 19:25, 26). Elbetde, Isa adamlaryň ýüzüne ynamly seredip gürledi. Şonuň üçin onuň sözleri has-da täsirli boldy. Şonuň ýaly biz hem adamlaryň ýüzüne seretsek, onda Patyşalyk baradaky hoş habary ýürekden hem ynamly gürrüň bereris (2 Kor. 2:17; 1 Sel. 1:5).