Gulluk duşuşygynyň tertibi
Bellik: Tomus aýlarynda-da «Hudaýa gullugymyzda» gulluk duşuşygynyň gün tertibi çap ediler. Ýygnaklar «Gutulyş golaýlady!» atly kongrese gatnaşmak üçin zerur düzedişler edip bilerler. Eger-de ýerlikli hasaplasaňyz, onda kongrese bir hepde galanda, gulluk duşuşygynda 15 minudyň dowamynda «Hudaýa gullugymyzyň» şu sanyndan ýerli ýagdaýlaryňyza gabat gelýän maslahatlary we ýatlatmalary gaýtalaň. Kongresden birki aý soňra gulluk duşuşygynda (belki, ýerli zerurlyklara berlen wagty ulanarsyňyz) 15—20 minudyň dowamynda kongresiň esasy pikirlerini gaýtalaň. Bu kongresde geçilen ähli zatlary gaýtalamagy aňlatmaýar. Diňe wagza degişli pikirlere seredip geçmeli. Diňleýjilerden berlen maslahatlary wagyzda ulanyşyny gürrüň bermegi haýyş et.
Gurbansoltan aýynyň 10-dan başlanýan hepde
11-nji aýdym.
10 min. Ýerli bildirişler. «Hudaýa gullugymyzdan» käbir bildirişler. Gurbansoltan aýynyň 24-den başlanýan hepde gulluk duşuşygynda «Mukaddes Ýazgylar — häzirki zaman kitaplaryň iň gadymysy» diýen wideofilm hakda gürrüň ediler. Şol pikir alyşma «Hudaýa gullugymyzyň» şu sanynyň 4-nji sahypasyndaky sowallar boýunça geçiriler. 8-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä başga iki sany hödüri sahnalaşdyr. Sahnalaryň birinde wagyzçy hoş habar bilen gyzyklanýan adama «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitap boýunça wagyz edýär.
15 min. «Yhlasly bolmak üçin näme etmeli?»a «Garawul diňinden» (Oguz 15, 2002 ý., s. 14, abz. 13) pikirleri goş.
20 min. «Gün tertibiňi nädip üýtgedip bilersiň?»b Ýygnagyňyzda agşamara wagyz etmek üçin geçirilýän çäreleri agzap geç.
1-nji aýdym we jemleýji doga.
Gurbansoltan aýynyň 17-den başlanýan hepde
5-nji aýdym.
10 min. Ýerli bildirişler. Ýygnagyňyzda ýörite doklad bilen baglanyşykly nämeleriň göz öňünde tutulandygyny gürrüň beriň. Wagyzçylaryň ýörite doklada adamlary çagyryşy hakda iki-üç mysaly gysgaça gürrüň ber.
15 min. Ýerli zerurlyklar.
20 min. «Mukaddes Ýazgylar okuwyny gapynyň agzynda ýa-da telefon boýunça geçirmek»c. Gapynyň agzynda geçirilýän okuwy öýde geçirmek üçin nämeler edilmelidigi hakda gysgaça sahna taýýarla.
18-nji aýdym we jemleýji doga.
Gurbansoltan aýynyň 24-den başlanýan hepde
23-nji aýdym.
10 min. Ýerli bildirişler. 8-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä başga iki sany hödüri sahnalaşdyr. Sahnlardan soň, ýaşaýan ýeriňizde adamlary gyzyklandyryp biljek başga hödürleri hem agzap geç.
20 min. «Mukaddes Ýazgylar — häzirki zaman kitaplaryň iň gadymysy» atly wideofilmi»d. 4-nji sahypada berlen sowallar boýunça geçirmeli. «Täze dünýä terjimesiniň» dünýäde iň köp ýaýradylýan terjimeleriň biridigini belläp geç. Häzire çenli 50 gowrak dilde tutuşlaýyn ýa bölekleýin 100 milliondan gowrak nusgasy çap edildi. Oguz aýynda şu filmiň üçünji bölümini serederis. Onuň ady: «Mukaddes Ýazgylar. Adamlaryň durmuşyny üýtgedýän güýç».
15 min. «Ýehowa garaşyň»e. Ýygnagyň mürzesi çykyş edýär we materialy ýerli ýagdaýlara görä ulanýar. Kongres geçirilýän günleri «plaketkany» her gün dakynsaň, onda wagyz etmäge mümkinçilik bolýar. Diňleýjilerden şu barada pikirini aýtmagy haýyş et. Hemmeleri resmi däl ýagdaýda wagyz etmäge hem-de gyzyklanýan adam hakda habar bermek üçin S-43-U («Şu adamy idemegi haýyş edýäris») blankany doldurmaga höweslendir.
21-nji aýdym we jemleýji doga.
Magtymguly aýynyň 1-den başlanýan hepde
4-nji aýdym.
5 min. Ýerli bildirişler. Wagyzçylara Gurbansoltan aýy boýunça hasabat tabşyrmagy ýatlat.
10 min. «Adamlaryň ýüzüne seredip, ýürekden gyzyklanýandygyňy görkez»f. Sahna taýýarla. Wagyzçy jemgyýetçilik ýerinde geçip barýan adamyň ýüzüne seredip, soňra gürrüňdeşlige başlaýar we hoş habary wagyz edýär.
15 min. Ýehowanyň işleri hakda oýlan (Zeb. 77:12). Doklad we diňleýjiler bilen pikir alyşma. 2006-njy ýylyň «Ýyllyk kitabyna» esaslanýar. Ýolbaşçylyk maslahatynyň hatyndan käbir ruhlandyryjy pikirlere seret (s. 3—5). Şol hatyň göçürmesi «Hudaýa gullugymyzyň» şu sanynda berilýär. «Mukaddes Ýazgylaryň terjimesi» atly sözbaşyly materialy pikir alyş (s. 10—11). Geçen ýyl wagyzda bolan beýleki ähmiýetli wakalary hem gürrüň ber (s. 6—64). Diňleýjilerden 2006-njy ýylyň «Ýyllyk kitabyndan» halan käbir pikirlerini gürrüň bermegi haýyş et. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlaryň Ýehowanyň guramasyna minnetdarlygyny artdyrmak üçin şu kitaby ulanmagy maslahat ber.
15 min. «Tanyşlaryň arkaly okuwa başlap gördüňmi?»g
10-njy aýdym we jemleýji doga.
[Çykgytlar]
a Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.
b Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.
c Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.
d Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.
e Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.
f Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.
g Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýt-da, sorag-jogap görnüşinde geçir.