Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 4/06 sah. 3
  • Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty
  • Hudaýa gullugymyz — 2006
Hudaýa gullugymyz — 2006
km 4/06 sah. 3

Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty

«ATAMYZ Hudaý, Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin!». Pawlus ýygnaklara ýazýan hatlaryny köplenç şeýle başlaýardy. Bizem size şony arzuw edýäris (Efes. 1:2).

Ýehowanyň Isa Mesih arkaly beren töleg gurbanyna şükür edýäris! Sebäbi biz şol töleg gurbany arkaly Hudaýy razy edýäris. Biz Mukaddes Ýazgylary näçe dykgatly öwrensek-de, näçe yhlasly wagyz etsek-de, başga-da köp ýagşy iş etsek-de, hiç haçan öz tagallamyz bilen Hudaýyň razylygyny gazanyp bilmeris. Eden tagallalarymyz sebäpli däl-de, Ýehowanyň Isa Mesih arkaly edýän merhemeti sebäpli günälerimiz geçilýär hem-de ebedi ýaşarys (Rim. 11:6).

Pawlus imandaşlaryna şeýle ýazdy: «Biz... Hudaýyň merhemetini boş ýere kabul etmäň diýip ýalbarýarys. Çünki Ol: «Amatly wagtda saňa gulak asdym, gutulyş gününde saňa ýardam etdim» diýýär. Ine, indi şu amatly wagtdyr, ine, indi şu gutulyş günüdir». Olar üçin I asyrda Iýerusalim derbi-dagyn edilmezinden öň «amatly wagtdy». Ýehowany ak ýürekden söýýän adamlar ruhy taýdan halas boldular. B. e. 70-nji ýylynda Iýerusalim derbi-dagyn edilmezinden öň ähli wepaly adamlar Hudaýa gulak asmak bilen janyny hem halas etdiler (2 Kor. 6:1, 2).

Şu günler hem «amatly wagtda» we «gutulyş gününde» ýaşaýarys. Ýehowa seni öz gullukçysy hasaplap, häzir ruhy taýdan halas edýän bolsa, onda tizden boljak «Ýehowanyň beýik gününde» hem janyňy halas eder (Sef. 1:14).

Ýehowanyň gününiň ýakynlaşmagy bize agyr jogapkärçiligi ýükleýär. Biz adamlara Ýehowanyň ýakynlaşýan güni hakda duýdurmaly hem-de ak ýürekli adamlara Ýehowanyň merhemeti barada bilmäge we halas bolmaga kömek etmeli. Pawlus şeýle jogapkärçiliginiň bardygyna oňat düşünýärdi. Şonuň üçin şeýle sözleri ýazdy: «Eger Hoş Habary wagyz etmesem, waý meniň halyma!» Şeýle-de: «Akyldarlara hem nadanlara borçludyryn. Şeýlelikde, elimden gelenini aýaman... Hoş Habary wagyz etmäge taýyn» diýdi (1 Kor. 9:16; Rim. 1:14, 15).

Adamlara duýdurmak işine sowuk-sala garasak, Ýehowa bizden hasap sorar. Biz Ýehowanyň Ezekiýel pygambere aýdan sözlerini bilýäris: «Adam ogly, men seni Ysraýyl öýüne garawul goýdum. Sen meniň aýdan sözlerimi diňlemeli we meniň adymdan olara duýdurmaly. Eger men erbet adama: «Hökman ölersiň» diýsem, sen bolsa oňa duýdurmasaň, erbet ýolundan saklamak üçin, janyny halas etmek üçin oňa hiç zat aýtmasaň, onda ol erbetliginden, günäsinden öler, ýöne onuň ganyny senden soraryn» (Ezek. 3:17, 18).

Biz agyr günlerde ýaşaýarys. Maşgala işlerine, ýygnagyň işlerine, dünýewi işlere hem-de wagza ýetişmek üçin paýhasly bolmak kyn. Onsoňam, köpümiz keselçilik, aşa göwnüçökgünlik, garrylyk, hatda yzarlama sebäpli ejir çekýäris. Köpümiz «agyr ýükli». Şonuň üçin Isanyň sözlerine laýyklykda, siziň ýagdaýyňyza düşünýändigimizi aýdasymyz gelýär: «Eý argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin» (Mat. 11:28). Şeýlelik-de, uly-kiçi kynçylyklara garamazdan, bar güýjüňiz bilen Ýehowa wepaly gulluk edýändigiňiz üçin size tüýs ýürekden berekella diýesimiz gelýär.

Siz yhlasly wagyz edýäňiz we okuw geçirýäňiz. Ýehowa bolsa size ak pata berýär. Netijede, bütin dünýä boýunça orta hasap bilen her hepde 4 762 adam suwda çokundyrylýar. Geçen gulluk ýylynda 1 375 täze ýygnak döredildi. «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen täze kitap 120-den gowrak dile terjime edildi. Şol kitap millionlarça adamlara «gutulyş gününde» Ýehowanyň merhemetini hem-de parahatlygyny gazanmaga kömek eder.

Ýolbaşçylyk maslahaty sizi çyn ýürekden söýýär hem-de siz hakda doga edýär. Biz hem siziň biz üçin edýän dogalaryňyza sagbolsun aýdýarys.

Doganlaryň,

Ýehowanyň Güwäçileriniň Ýolbaşçylyk maslahaty

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş