Gün tertibiňi üýtgedip bilersiňmi?
1. Biz gün tertibimizi näme üçin üýtgetmeli?
1 Biz, hakyky mesihçiler, «ynsan tutýan balykçylar» bolmak teklibini kabul etdik (Mat. 4:19). Eger-de bu işde balykçylar ýaly üstünlik gazanmak islesek, onda biz gün tertibimizi üýtgedip, adamlar öýünde mahaly wagyz etmeli. Köp ýurtlarda öňümizdäki aýlarda gün uzalýar. Şonuň üçin köp adamlar öýlän we iragşam öýünde bolýar. Şol wagt olar köplenç onçakly işli bolmaýar, öýüne gelen adamlary-da güler ýüz bilen garşylaýarlar. Şol wagt wagyz etmek üçin gün tertibiňi üýtgedip bilersiňmi? (1 Kor. 9:23).
2. Biz köpräk adamlara hoş habary ýetirmek üçin nämeler edip bileris?
2 Agşamara wagyz etmek. Biz agşamara wagyz etmegi planlaşdyrsak, köp adamlara hoş habary aýdyp bileris (Sül. tym. 21:5). Ýaşlar mekdepden soň, beýlekiler bolsa, işden soň wagyz edip bilerler. Ýygnagyň toparlary hem her hepde kitap öwrenilýän duşuşygynyň öň ýanyndan bir sagat wagyz etmäge wagt belleşip biler.
3. Seniň ýaşaýan ýeriňde öýlän we iragşam nädip wagyz etse bolýar?
3 Öýlän we iragşam öýden-öýe wagyz etsek, adatça öýünde bolmaýan adamlara duşmagymyz mümkin. Şeýle-de köp ýerlerde agşamara köçede we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde wagyz etse bolýar. Köp wagyzçylara ikilenç ideg etmäge hem-de Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamaga agşamara amatly bolýar.
4. Agşamara wagyz edeniňde paýhasly hem sypaýy bolmak näme üçin wajyp?
4 Paýhasly bolmak wajyp. Agşamara wagyz edeniňde paýhasly bolmaly. Köplenç iragşam wagyz etsek oňat bolar, ýogsam, öý eýesi ýatmak üçin düşege geçýän wagty barmagyň mümkin (Flp. 4:5). Şeýle-de gapyny kak-da, görner ýaly ýerde dur we özüňi tanyşdyr. Soňra näme maksat bilen geleniňi aýt. Eger seniň gelen wagtyň ol maşgalasy bilen saçak başynda bolsa, onda başga bir amatly wagt gelmegi teklip et. Hemişe sypaýy bolmaly (Mat. 7:12).
5. Wagyzda howply ýagdaýlardan ägä bolmak üçin näme etmeli?
5 Onsoňam, howply ýagdaýlardan ägä bolmaly. Eger-de iňrik garaňkyrap ugranda ýa-da garaňky düşende wagyz etseň, iki-ikiden ýa topar-topar bolup gitmeli. Çola däl hem ýagty köçelerden ýöre. Howpsuz ýerlerde wagyz et. Garaňky düşende howply hasaplanýan ýerlerde wagyz etme (Sül. tym. 22:3).
6. Öýlän hem iragşam wagyz etmegiň başga näme peýdasy bar?
6 Galyberse-de, öýlän we iragşam wagyz edip, biz ýygnagyň pionerleri bilen wagza çykyp bileris (Rim. 1:12). Eýsem, senem gün tertibiňi üýtgedip, gullugyň şu görnüşine gatnaşyp bilersiňmi?