Wagyz etmegiň täze usullary
1. I asyryň mesihçileri bize nähili görelde galdyrdy?
1 I asyrda mesihçiler köplenç öýden-öýe wagyz edýärdiler. Şeýle-de olar köpçüligiň öňünde hem wagyz edýärdi (Res. iş. 20:21). Meselem, olar köp adamlaryň üýşýän ýerine ybadathana barýardy (Res. iş. 5:42). Pawlus resul Afina baranda, her gün bazarda sataşýan adamlara wagyz edýärdi (Res. iş. 17:17). Şu günlerem biz, esasanam, hoş habary öýden-öýe wagyz etsek-de, awtoduralgada, adamlaryň işleýän ýerinde, seýilgähde, köp adamly köçelerde we başga ýerlerde-de hoş habary wagyz edýäris. Wagyzçylaryň hemmesi mümkin boldugyndan, ähli ýerde wagyz etmäge jan etseler-de, köpüsi täze iki usul bilen wagyz edip biler.
2. 2011-nji ýylyň noýabrynda nähili usul bilen wagyz edilip başlandy?
2 Uly şäherlerde wagyz etmek. 2013-nji ýylyň «Ýyllyk kitabynyň» 16, 17-nji sahypalarynda 2011-nji ýylyň noýabrynda Nýu-Ýork şäherinde täze usul bilen wagyz edip başlanandygy aýdylýar. Şäherde köp adamlaryň ýöreýän ýerlerinde göze ýakymly stollarda we arabajyklarda birnäçe dilde edebiýat goýlup, wagyz edildi. Her gün müňlerçe adamlar, şol sanda Ýehowanyň Güwäçilerine girmäge rugsat berilmeýän jaýlarda ýaşaýan hem-de köplenç öýünde bolmaýan adamlar stollaryň we arabajyklaryň deňinden geçdiler. Örän köp adamlar edebiýatlarymyz bilen gyzyklandy. Soňky aýda 3 797 žurnal we 7 986 kitap ýaýradyldy. Köp adamlar Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmegi haýyş etdiler. Dogan-uýalar esasanam, Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamagy we gyzyklanan adamlary öýünde idär ýaly, adreslerini ýaşaýan ýerindäki ýygnaga bermegi maksat edinipdi.
3. Bütin dünýäde täze usul bilen nädip wagyz ediler?
3 Wagyz etmegiň bu täze usuly üstünlikli bolany üçin, indi bütin dünýäde köp ilatly beýleki uly şäherlerde-de şeýle wagyz ediler. Ýerli filial haýsy şäherlerde täze usulyň peýdaly boljakdygyny çözer. Şeýle şäherlerde wokzallarda, köp edaraly we uly ýaşaýyş jaýly ýerlerde adamlar köp bolýar. Şol sebäpli filial täze usul bilen wagyz etjek ýygnaklara hat ýazyp, goşmaça görkezme berer. Köplenç täze usul bilen pionerler we ýörite pionerler wagyz etdi, käbir ýerlerde bolsa muňa kömekçi pionerler hem gatnaşdy.
4. Täze usul bilen nädip wagyz edildi?
4 Nädip wagyz edildi? Uly şäherlerde täze usul bilen wagyz eden dogan-uýalar adamlaryň stoluň ýa-da tigirli edebiýat goýlan stendiň ýanyna gelmegine garaşdylar. Kimdir biri gelip gyzyklananda, islän edebiýatyny almagy teklip etdiler. Pionerler Mukaddes Ýazgylaryň esasynda höwes bilen olaryň soraglaryna jogap berdiler. Eger biri edebiýat alsa, pionerler meýletin sowgat barada aýtmadylar. Emma adam edebiýatlary çap etmek üçin pul nireden alynýar diýip soranda, edebiýatdaky adres boýunça meýletin sowgat iberip bolýandygyny düşündirdiler. Mümkin bolsa, pionerler gyzyklanan adamdan: «Siz, kimdir biriniň öýüňize baryp, idemegini isleýärsiňizmi?» ýa-da «Şu edebiýat boýunça mugtuna Mukaddes Ýazgylar okuwy geçirilýändigini bilýärsiňizmi?» diýip soraýarlar.
5. Täze usul bilen wagyz eden mesihçi är-aýal nähili bereketler aldy?
5 Täze usul bilen wagyz etmek köp bereketler berýär. Mesihçi är-aýal şeýle diýýär: «Biz stoluň ýanynda durup, müňlerçe geçip barýan adamlary görüp, her gün bütin dünýäde ähli adamlara hoş habary wagyz etmek üçin nähili wajyp iş edilýändigine örän begenýäris. Şeýle kän adamlary görüp we Ýehowanyň her bir adamyň ýürekden aladasyny edýändigi barada oýlanyp, wagyz etmegi birinji orunda goýmagy ýüregimize düwdük. Biz Ýehowanyň stoluň ýanyndan geçýän ähli adamlaryň ýüregini görýändigini we mynasyp adamlary gözleýändigini göz öňüne getirýäris. Biz perişdeler bilen işleşýändigimizi duýýarys».
6. a) Köp ýygnaklarda täze usul bilen wagyz etmegiň gurnalyşynyň, uly şäherleriňkiden näme tapawudy bar? b) Ýygnaklar wagyzda nädip hyzmatdaşlyk edip biler?
6 Käbir ýerlerde wagyz etmegiň gurnalyşy. Ýaşulular maslahatynyň köpüsi öz ýerinde uly şäherlerdäki ýaly wagzyň täze usulyny gurnap biler. Wagyzçylar stol ýa-da tigirli edebiýat goýlan stend arkaly ýygnagyň territoriýasyna golaý adamlaryň köp bolýan ýerlerinde, täze usul bilen wagyz edip biler. Bu uly şäherlerde täze usul bilen wagyz edilişinden tapawutlanýar. Sebäbi oňa filialyň saýlamagyna görä, köp ilatly ýerlerde birnäçe ýygnagyň wagyzçylary gatnaşýar. «Gowy hyzmatdaşlyk etmeli» diýen bukja seret.
7. Ýaşulular nirelerde täze usul bilen wagyz etmegiň netijeli boljakdygyny nädip çözüp biler?
7 Ýaşulular ýygnagyň territoriýasynda adamlaryň köp bolýan ýerlerini bilip, täze usul bilen wagyz etmegiň netijeli ýa-da netijesiz boljakdygyny çözerler. Belki, edebiýat goýlan stoly ýa-da tigirli stendi wokzallarda, seýilgählerde, köp adam ýöreýän köçelerde, bazarlarda, söwda merkezlerinde, okuw jaýlaryň töwereginde, aeroportda we her hili çäreler geçirilýän ýerlerde goýsa bolar. Stol şol bir günde we wagtda hem-de şol bir ýerde goýulsa, netijeli bolýar. Stol adamlaryň adatça barylýan uly dükanlarynyň daşynda goýulman, eýsem, söwda merkeziniň içinde goýulsa, gowy bolar. Käbir ýerlerde, meselem, adamlaryň geçýän tratuarlarynda kiçiräk tigirli stend goýulsa, has gowy bolar. Ýaşulular bu täze usul bilen wagyz eder ýaly, «Garawul diňi», «Oýanyň!» žurnallarynyň we «Näme öwredýär?» kitabynyň görkezme esbabyny ýasamak üçin, ýörite taýýarlanan faýllary web saýtymyzdan alyp biler. Bu täze usul bilen wagyz etjek wagyzçylar hem edil uly şäherlerde şeýle usul bilen wagyz edilişi ýaly etmeli hem-de gulluk gözegçisiniň görkezmesine eýermeli. Eger territoriýasynda ýaşamaýan adam gyzyklanyp, olara adresini berse, derrew «Şu adamy idemegi haýyş edýäris» (S—43 U) diýen resmikagyzy dolduryp, ýygnagyň kätibine bermeli.
8. Ýygnagyňyzda täze usul bilen wagyz edilmese-de, nähili mümkinçiliklerden peýdalansa bolar?
8 Adamlaryň köp bolýan ýerlerinde wagyz etmek. Käbir ýygnaklaryň territoriýasynda edebiýat goýlan stoly we tigirli stendi goýar ýaly, köp adam ýöreýän köçeler ýok. Emma şol ýygnaklarda-da, her bir wagyzçy adamlaryň köplenç bolýan ýerlerinde wagyz edip biler. Territoriýaňyzda söwda merkezi, dükanlar we bazarlar barmy? Adamlaryň dynç alýan ýerleri ýa-da seýilgähler barmy? Adamlaryň köplenç her hili çäreleri geçirmek üçin ýygnanýan ýerleri barmy? Siz şeýle ýerlerde-de wagyz edip bilersiňiz.
9. Biz näme üçin adamlara ähli ýerlerde wagyz etmeli?
9 Ýehowa «bütin adamlaryň gutulmagyny, hakykat bilimine ýetmegini isleýär» (1 Tim. 2:4). Şol sebäpli biz zalym dünýäniň soňy gelmänkä, mümkin boldugyndan, köp adamlara hoş habary wagyz etmäge jan edýäris (Mat. 24:14). Köp ýerlerde adamlary öýünde tapyp bolmaýar. Emma biz olar bilen köpçüligiň bolýan ýerlerinde gürleşip bileris. Käbir adamlar hoş habary diňe jemgyýetçilik ýerlerinde eşidip biler. Şol sebäpli biz adamlara ähli ýerde wagyz edip, gullugymyzy doly ýerine ýetirip bileris (2 Tim. 4:5).
«Gowy hyzmatdaşlyk etmeli»
Käbir maglumatlara görä, goňşy ýygnaklaryň wagyzçylary käwagt şol bir köçelerde, şol bir awtoduralgalarda, şol bir edaralaryň öňünde ýa-da wokzallarda wagyz edýärler. Dürli ýygnaklaryň wagyzçylary edaralarda wagyz edişi ýaly, westibýulda, wokzallaryň garaşylýan otagynda ýa-da kir ýuwulýan ýerlerde žurnal goýup gidýärler. Wagyzçylar şol bir wagtda wagyz etmeseler-de, işjeň adamlar we ýaşaýjylar gaharlanypdyr. Şol sebäpli, ýygnagyň bellenen territoriýasynda täze usul bilen wagyz edilse, has oňat bolar.
Eger wagyzçylar golaýdaky ýygnagyň territoriýasynda wagyz etmek islese, onda olar gulluk gözegçisi bilen gürleşmeli. Gulluk gözegçisi wagyzçylar wagyz edip başlamanka, başga ýygnagyň gulluk gözegçisi bilen habarlaşyp, onuň razylygyny almaly. Başga dildäki ýygnaklaryň territoriýasynda wagyz edilende, biderek ýere ýaşaýjylaryň gaharyny getirmez ýaly, gulluk gözegçileri habarlaşyp durmaly. Gowy hyzmatdaşlyk arkaly hemme zady «sypaýyçylyk hem tertip bilen» edip bolýar (1 Kor. 14:40).