Sowally bukja
◼ Mesihçi ene-atalar wagyzçy bolmadyk çagalaryny wagyz gullugyna äkidip bilermi?
Mesihçi ene-atalar çagalarynyň ruhy taýdan ösüp, Ýehowanyň gullukçysy bolmagyny isleýär (1 Şam. 2:18, 26; Luka 2:40). Mesihçi maşgalada terbiýe alýan çaga entek kiçi bolsa-da, Mukaddes Ýazgylaryň esasynda Hudaýa bolan imanyny düşündirip bilmeli. Ene-atasy çagalaryny bäbeklikden wagza äkitse, olar ruhy taýdan tiz ösýär. Ýöne çagalar wagyzdan şatlyk tapyp, wagyzçy bolmaga höwesi bolar ýaly hem-de guramanyň işlerine gatnaşar ýaly, olaryň ýüregine täsir etmek wajyp. Munuň üçin ene-atalar çagalaryna sabyrly öwretmeli (1 Tim. 4:6; 2 Tim. 2:15). Tejribeli wagyzçylaram ene-atasy garşy bolmasa, käwagt çagalara kömek edip biler. («Guramaçylykly» rus. sah. 81, 82).
Özüni gowy alyp barýan çagalar ene-atasy bilen öýden-öýe gidip, wagyz etmegi öwrenýärler. Ýöne olar wagyzçy bolar ýaly ukybyny ösdürip, tejribesini artdyrmaly. Mesihçi ene-atalar çagasy bilen gulluga çykanda, olara wagyz etmäge mümkinçilik berip biler. Wagyzçy bolmadyk çagalar özbaşdak ideg edip ýa-da başga çagalar bilen wagza gidip bilmeýärler. Olar wagyzda Mukaddes Ýazgylardan aýat okap, kitapça ýa-da žurnaly hödür edip ýa-da öý eýesine edebiýatymyzdaky suraty görkezip biler. Ene-atalar şu usullary ulanyp, çagalaryna wagyz etmegi öwredip biler. Çaga ulaldygyça wagyzda gürrüňdeşlige has köpräk gatnaşyp biler.
Ene-atalar çagalaryna gowy terbiýe berse, olar wagyz gullugyny gymmat saýmagy we ene-atasyna gulak asyp, özüni edepli alyp barmagy öwrener. Jogapkärli ene-atalar çagalary wagyzçy bolmasa-da, olaryň aladasyny başgalar eder diýip pikir etmän, wagyz duşuşygyna äkitmeli. Sebäbi ene-atalar çaga terbiýe bermekde özüniň jogapkärdigine düşünýär. Elbetde, ýygnakdaky ynamdar wagyzçylaram Ýehowa ýürekden gulluk etmek isleýän ýaşlara kömek edip biler.