Yhlasly bolmak üçin näme etmeli?
1 Apollos yhlasly wagyz edýärdi. Şu günler hem köp mesihçiler yhlasly wagyz edýärler (Res. iş. 18:24—28). Bize şeýle maslahat berilýär: «Gaýratyňyz gowşamasyn. Ruhda hyjuwly boluň» (Rim. 12:11). Wagyzda hemişe yhlasly bolmaga bize näme kömek eder?
2 Bilimiňi artdyrmaly. Isa iki şägirdine görnüp, «hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi». Soňrak olar şeýle diýdiler: «Ýolda biziň bilen gepleşip gelýärkä... içimizde ýüregimiz ýanmaýarmydy?» (Luka 24:27, 32). Şonuň ýaly-da Mukaddes Ýazgylara has oňat düşünsek, eýsem, biziň ýüregimiz tolgunyp ýanmaýarmy? Hawa, bilimiň artsa, imanyň berkeýär. Rimliler 10:17-de: «Iman eşitmekden» diýilýär. Biz Ýehowanyň wadasyna ýürekden ynansak, onda öwrenen zatlarymyz barada sözlemezlik mümkin däl! (Zeb 145:7; Res. iş 4:20).
3 Biz mundan beýläk hem Hudaýy ýürekden söýüp, yhlasly gulluk etmek üçin diňe birwagt alan bilimimize bil baglap bilmeris. Biz hakykat baradaky düşünjämizi artdyrmagy hem-de Ýehowa bolan söýgimizi berkitmegi dowam etmeli. Ýogsa, kem-kemden Hudaýa sowuk-sala gulluk edip başlarys (Ylh. 2:4). Mukaddes Ýazgylar bizi «Hudaýy tanamakda ösmäge» höweslendirýär (Kol. 1:9, 10).
4 Öwrenmegi endik etmek. Biz öwrenmegi endik etsek oňat bolar. Mysal üçin, biz «Garawul diňi» žurnalyň makalasyny öwrenende soraglaryň jogaplarynyň aşagyny çyzýarys hem-de dogry jogap bermäge çalyşmaly. Ýöne biz berlen aýatlary açyp, materialyň durmuşda ulanylyşy hakda oýlanýarysmy? Mukaddes Ýazgylary her hepde okaňda, ýagdaýymyza görä goşmaça barlag geçirmäge çalyşýarysmy hem-de näme öwrenendigimiz barada oýlanýarysmy? (Zeb. 77:11, 12; Sül. tym. 2:1—5). Mukaddes Ýazgylaryň üstünde oýlanmak hem-de şol bilen meşgul bolmak nähili peýdaly! (1 Tim. 4:15, 16). Mukaddes Ýazgylary şeýle çuňňur öwrensek, bizi gorar hem-de «ýagşylyk etmäge yhlasly» bolmaga güýç berer (Tit. 2:14).