«Ruhda hyjuwly boluň»
1. Biz nädip gulluk etmeli?
1 Biz Hudaýa gulluk edende, ähli taraplaýyn ösmeli. Mukaddes Ýazgylarda şeýle maslahat berilýär: «Ruhda hyjuwly boluň. Rebbe hyzmat ediň» (Rim. 12:11). Emma biziň gulluga bolan yhlasymyzy köp zat gowşadyp biler. Biz nädip gullukda yhlasymyzy we hyjuwymyzy «lowurdadyp» bileris? (2 Tim. 1:6, 7).
2. Şahsy okuw bilen yhlasly gullugyň nähili baglanyşygy bar?
2 Şahsy okuw. Patyşalygyň ökde wagyzçysy Hudaýyň kanunyny söýýär we ondaky hakykaty çuňňur öwrenýär (Zeb. 119:97). Mukaddes Ýazgylary özbaşdak okap peýdaly pikir tapanymyzda, bu biziň ýüregimize täsir edip, yhlasymyzy artdyrýar. Şeýle hakykaty açan Ýehowa bolan söýgimiz we hoş habary adamlara wagyz etmäge bolan yhlasymyz, Hudaýy şöhratlandyrmaga, onuň adyny hemmeleriň öňünde yglan etmäge höweslendirýär (Ýew. 13:15). Hawa, hoş habary ýürekden wagyz etsek, hakykatyň gadyryny bilýändigimizi görkezeris.
3. Hudaýyň mukaddes ruhy wagyz etmäge nädip kömek edýär?
3 Mukaddes ruhy dile. Biz öz güýjümiz bilen üstünlikli wagyz edip bilmeris. Hudaýyň mukaddes ruhy has yhlasly gulluk etmäge kömek edýär (1 Pet. 4:11). Gudraty güýçli Hudaýa ýakynlaşsak, batyrgaýlyk bilen wagyz etmäge güýç berer (Iş. 40:26, 29—31). Pawlus resul «Hudaýyň hemaýaty» bilen wagyzda duş gelen garşylyklara döz gelipdi (Res. iş. 26:21, 22). Ýehowanyň güýçli mukaddes ruhy gullukda hyjuwly bolmaga ýardam edýär, şonuň üçin biz bu barada doga etmeli (Luka 11:9—13).
4. Yhlasly gulluk nähili gowy netije berip biler, ýöne nämäni unutmaly däl?
4 Patyşalyk baradaky hoş habary güýçli yhlas bilen wagyz etsek, başga mesihçileriň hem yhlasy artar (2 Kor. 9:2). Eger meýdançamyzda-da hyjuwly we ynamly wagyz etsek, has köp adam seslener. Emma hemişe sypaýy we ýumşak bolmaly (Titus 3:2). Biz elmydama wagyz edýän adamlarymyza we olaryň garaýşyna hormat goýmaly.
5. Hudaýyň Sözündäki haýsy maslahata eýermeli?
5 Biz, Patyşalygyň wagyzçylary hemişe «ruhda hyjuwly» bolup bileris. Geliň, Mukaddes Ýazgylary özbaşdak öwrenip, güýçli mukaddes ruhy berýän Ýehowa gyzgyn doga edip, hyjuwymyzy artdyralyň. Şeýdip, biz gullugymyzy «Mukaddes Ruh bilen, uly ynam bilen» yhlasly ýerine ýetireris (1 Sel. 1:5).