Siz «ýagşylyk etmäge yhlaslymy»?
«Mesih... Özüne degişli, ýagşylyk etmäge yhlasly halk bolmagymyz üçin, bizi tämizlejek bolup, Özüni biziň ugrumyzda pida etdi». TITUS 2:14
1, 2. Näme üçin Ýehowanyň gullukçysy bolmak uly hormat we siz muňa nähili garaýarsyňyz?
ADAMLARYŇ köpüsi gazanan üstünligi üçin baýrak almagy özüne hormat saýýarlar. Meselem, käbir adamlar iki duşmançylykly tarapy ýaraşdyrmakda eden yhlasy üçin Nobel baýragyna eýe boldular. Hudaýyň habarçysy ýa-da wekili bolup, adamlary Ýaradyjysy bilen ýaraşdyrmak has uly hormat dälmi näme!
2 Ýehowanyň Güwäçisi bolmak uly hormat. Hudaý bilen Isanyň ýolbaşçylygy astynda, biz adamlara: «Hudaý bilen ýaraşyň!» diýip ýalbarýarys (2 Kor. 5:20). Ýehowa biz arkaly adamlary özüne ýakynlaşdyrýar. Netijede, 235-den gowrak döwletde millionlarça adamlar Hudaý bilen dostlaşyp, ebedi ýaşamaga umyt edýärler (Titus 2:11). Biz her bir adamyň «gelip, ýaşaýyş suwuny mugt» almaga yhlas bilen çagyrýarys (Ylh. 22:17). Biz bu hormatly işi gymmat saýyp, ony erjellik bilen ýerine ýetirýäris. Şol sebäpli biz «ýagşylyk etmäge yhlasly halk» diýen ada eýe bolduk (Titus 2:14). Geliň, ýagşy işlere bolan yhlasymyzyň adamlara Hudaýa ýakynlaşmaga nädip kömek edýändigini bileliň. Yhlasly wagyz etmek munuň bir ýoludyr.
ÝEHOWA BILEN ISANYŇ YHLASLYLYGYNDAN GÖRELDE ALYŇ
3. «Hökmürowan Rebbiň yhlasy» bizi nämä ynamly edýär?
3 Işaýa 9:7-de Hudaýyň Oglunyň Patyşa boljakdygy we onuň adamzat üçin gowy işleri etjekdigi barada aýdylýar. Bu hökman ýerine ýeter, çünki ol «Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar». Yhlas sözi nämedir bir zady ýerine ýetirmäge güýçli islegi aňladýar. Bu aýatdaky sözler gökdäki Atamyzyň adamlary halas etmek isleýändigini görkezýär. Ýehowa yhlasly Hudaý. Şol sebäpli biz hem wagyz işini joşgunly we yhlas bilen berjaý etmeli. Biz Hudaýyň işdeşleri hökmünde hoş habary wagyz etmek üçin elimizde baryny edýärismi? (1 Kor. 3:9).
4. Isa yhlasly we erjellik bilen wagyz etmekde nähili görelde galdyrdy?
4 Geliň, Isanyň wagyz işine yhlasly gatnaşandygyna seredeliň. Ol yhlasy we erjelligi bilen kämil görelde galdyrdy. Isa güýçli yzarlamalara garamazdan, ýerdäki ömrüniň ahyryna çenli yhlasly wagyz etdi (Ýahýa 18:36, 37). Ol ömrüniň ahyrky günlerinde Ýehowany adamlara tanatmak üçin has köp tagalla etdi.
5. Isanyň wagyz işi bilen injir agajy baradaky tymsalyň nähili meňzeşligi bar?
5 B. e. 32-nji ýylynyň ahyrynda Isa bir adamyň bagynda üç ýyl bäri miwe bermeýän injir agajy baradaky tymsaly gürrüň berýär. Hojaýyn agajy kesdirjek bolýar, şonda bagban ýene-de biraz garaşyp, agaja dökün bermegi haýyş edýär (Luka 13:6—9-njy aýatlary okaň). Şol wagt Isa wagyz edip, bary-ýogy birnäçe şägirt ýygnapdy. Emma tymsaldan görnüşi ýaly, ol galan gysga wagtyny — takmynan alty aý — Ýahudada we Pereýada erjellik bilen gulluk etmäge sarp etdi. Isa ölmegine birnäçe gün galanda, döwürdeşleriniň «gulagynyň agralandygy», ýagny hoş habary eşitmek islemeýändikleri üçin aglaýar (Mat. 13:15; Luka 19:41).
6. Biz näme üçin erjellik bilen wagyz etmeli?
6 Biz soňky günleriň tamamlanýandygyny görüp, wagyz işine erjellik bilen gatnaşmaly dälmi näme? (Danyýel 2:44-i okaň)a. Ýehowanyň Güwäçileri bolmak nähili ajaýyp hormat! Olar adamlaryň kynçylygyny çözmäge hakyky umydy berýän ýeke-täk halkdyr. Ýakynda bir žurnalist inkär edip bolmaýan soragy berdi: «Näme üçin gowy adamlar ejir çekýär?» Biz şeýle soraglara Mukaddes Ýazgylar esasynda jogap bermegi özümize borç we hormat saýýarys. Hudaýyň tabşyrygyny «ruhda hyjuwly bolup» berjaý etmäge ähli sebäpler bar (Rim. 12:11). Biz Ýehowanyň bereketi bilen adamlara Hudaýy tanamaga hem-de Onuň söýgüsini duýmaga kömek edip bileris.
JANAÝAMAZLYK RUHY ÝEHOWANY ŞÖHRATLANDYRÝAR
7, 8. Janaýamazlyk ruhy Ýehowany nädip şöhratlandyrýar?
7 Pawlus resul ýaly biz hem wagyz etmek üçin «ukusyzlykda» we «orazalarda», ýagny iýmitsiz galmagymyz mümkin (2 Kor. 6:5). Bu sözler wagyz işini durmuşynda birinji orunda goýup, janaýamazlyk ruhuny görkezýän we öz güzeranyny özi görýän pionerleri ýada salýar. Şeýle-de daşary ýurtda gulluk edýän missionerler barada oýlanyp göreliň. Olaryň «hyzmaty Oňa (Hudaýa) bagyş edilen gurbanlyk kimindir» (Flp. 2:17). Ýehowanyň sürüsi hakda alada etmek üçin, iýmän-içmän ýa-da gijelerini ukusyz geçirýän ýaşulularyň çekýän agyr zähmeti barada näme diýse bolar? Gartaşan we ýarawsyz dogan-uýalar ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýarlar hem-de wagyz edýärler. Şeýle janaýamazlyk ruhy bilen Hudaýa gulluk edýän imandaşlary görenimizde, biziň ýüregimiz minnetdarlykdan dolýar. Olaryň edýän tagallasy adamlara biziň gullugymyzyň wajypdygyny görkezýär.
8 Bir gazetde okyjynyň şeýle sözleri getirilýär: «Adamlaryň dine bolan ynamy gaçdy... Dini ýolbaşçylar uzak gün näme edýärlerkä? Elbetde, olar Mesih ýaly adamlara duşmak üçin köçä çykyp wagyz etmeýärler... Adamlaryň aladasyny edýän ýeke-täk din, bu Ýehowanyň Güwäçileri bolmaly. Olar ähli ýerde adamlara ak ýürekden hakykaty wagyz edýärler» («Boston Target»). Öz bähbidine çapýan dünýäde biziň görkezýän janaýazmazlyk ruhumyz Ýehowa Hudaýy şöhratlandyrýar (Rim. 12:1).
9. Bizi wagyz işine yhlasly bolmaga näme höweslendirip biler?
9 Eger biz wagza bolan yhlasymyzy ýitiren bolsak näme edip bileris? Şeýle ýagdaýda Ýehowanyň tabşyran wagyz işiniň berýän ähli gowy taraplary barada oýlanmak peýdaly bolar (Rimliler 10:13—15-nji aýatlary okaň). Halas bolmak üçin Ýehowa Hudaýyň adyna iman edip, Ony çagyrmaly. Emma biz wagyz etmesek, adamlar Hudaýy çagyryp bilmezler. Bu bize ýagşylygy yhlas bilen etmäge we Patyşalyk baradaky hoş habary erjellik bilen aýtmaga höweslendirmeli.
ÝAGŞY EDIM-GYLYMYŇ TÄSIRI
10. Biziň ýagşy edim-gylymymyz adamlary nädip hakykata çekýär?
10 Adamlaryň Hudaýa ýakynlaşmagy üçin yhlasly wagyz etmek ýeterlikli däl. Biziň ýagşy edim-gylymymyz hem adamlary Hudaýa çekýär. Pawlus bu babatda şeýle nygtady: «Biz gullugymyz käýinje sezewar bolmaz ýaly, hiç zatda biriniň büdremegine sebäp bolmaýarys» (2 Kor. 6:3). Biziň peýdaly gürrüňlerimiz we dogruçyllygymyz Ýehowanyň taglymatyny bezeýär hem-de adamlary Oňa sežde etmäge höweslendirýär (Titus 2:9). Köplenç biziň edim-gylymymyzy synlaýan akýürekli adamlar hakykata gowy seslenýärler.
11. Biz näme üçin özümizi alyp barşymyz barada oýlanmaly we doga etmeli?
11 Eger biziň ýagşy edim-gylymymyz adamlary hakykata çekýän bolsa, onda erbet häsiýetlerimiz olary hakykatdan daşlaşdyryp biler. Biz islendik ýerde, işde, öýde ýa-da mekdepde bolsak-da, gullugymyza we özümizi alyp barşymyza dil ýetirilýän işlerden gaça durmaly. Eger biz «bilgeşleýin günä etsek» Ýehowa bilen dostlugymyzy hemişelik ýitirip bileris (Ýew. 10:26, 27). Biz edýän işlerimiziň we edim-gylymymyzyň başgalara edýän täsiri barada oýlanmaly we doga etmeli. Bu dünýäniň ahlak kadalary gitdigiçe peselýär, emma şonda-da akýürekli adamlar «Hudaýa gulluk edýän bilen etmeýäniň arasyndaky tapawudy görerler» (Mal. 3:18). Hawa, biziň ýagşy edim-gylymymyz adamlary Hudaý bilen ýaraşdyrmakda wajyp orun tutýar.
12—14. Yzarlamalarda çydamly bolsak, adamlar biziň gullugymyza nähili gararlar? Mysal getiriň.
12 Pawlus Korintoslylara ýazan hatynda muşakgatlarda, çykgynsyz ýagdaýlarda, taýaklanmalarda, tussaglarda çeken ejiri barada aýdýar (2 Korintoslylar 6:4, 5-nji aýatlary okaň). Imanymyz synalanda biziň çydamlylygymyz adamlara hakykaty kabul etmäge kömek edip biler. Meselem, birnäçe ýyl mundan öň Angolada Ýehowanyň Güwäçilerini ýok etjek boldular. Suwda çokundyrylan iki sany Güwäçi we otuz sany gyzyklanýan adam ýygnak duşuşygyna gelende, duşmanlar olaryň bedeninden gan çykýança urdular. Olar hatda aýallary hem-de çagalary şeýle gynadylar. Duşmanlaryň maksady adamlary gorkuzyp, Ýehowanyň Güwäçilerini diňlemez ýaly etmekdi. Gaýtam, bu wakadan soň, adamlaryň köpüsi Ýehowanyň Güwäçilerine ýüz tutup, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmegi haýyş etdiler. Şeýlelikde, wagyz işi dowam etdi we köp adamlar hakykaty kabul edip, ençeme bereket aldylar.
13 Görşümiz ýaly, Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere berk eýersek, başgalara güýçli täsir edýär. Şonuň üçin-de, biz Petrusyň we başga resullaryň görkezen batyrgaýlygynyň köp adamlara Hudaýa ýakynlaşmaga kömek edendigine geň galmaýarys (Res. iş. 5:17—29). Biz hem dogrulyk ugrunda berk dursak, synpdaşlarymyzyň, işdeşlerimiziň ýa-da maşgala agzalarymyzyň hakykaty kabul etmegine kömek ederis.
14 Imandaşlarymyzyň käbiri yzarlamalara duçar bolýar. Meselem, Ermenistanda bitaraplygy saklan 40-a golaý dogany türmä basdylar. Belki-de, ýene-de onlarça doganlary türmä basarlar. Eritreýada Ýehowanyň 55 sany gullukçysy türmede otyr (olaryň käbiri 60 ýaşyndan geçen). Günorta Koreýada takmynan 700 sany Güwäçi imany üçin türmä basyldy. Bu ýagdaý 60 ýyldan bäri dowam edip gelýär. Geliň, dürli ýurtlarda yzarlamalara sezewar bolýan wepaly doganlarymyzyň Hudaýy şöhratlandyrmagy üçin doga edeliň we dogrulygy söýýän adamlara hakyky seždäniň tarapynda berk durmaga kömek edeliň (Zeb. 76:8—10).
15. Biziň dogruçyllygymyzyň adamlara hakykaty kabul etmäge kömek edişini görkezýän mysal getiriň.
15 Biziň dogruçyllygymyz hem adamlara hakykaty kabul etmäge kömek edýär (Ýewreýler 13:18-i okaň). Meselem, uýa awtobusda ýol puluny tölemekçi bolanda, bir tanyş aýal oňa gysga aralyk üçin petek almagyň hökman däldigini aýdýar. Emma uýa bir duralga çenli münülse-de, ýol puluny tölemegiň wajypdygyny düşündirýär. Ol aýal awtobusdan düşende, sürüji uýamyza ýüzlenip: «Siz Ýehowanyň Güwäçisimi?» diýip soraýar. Uýa: «Hawa. Ýöne siz muny näme üçin soradyňyz?» diýýär. Sürüji şeýle diýýär: «Men siziň ýol puluny tölemek baradaky gürrüňiňizi eşitdim. Şeýle-de men Ýehowanyň Güwäçileriniň ähli zatda özlerini dogruçyl alyp barýandygyny bilýärin. Dogruçyl adamlar örän seýrek duş gelýär». Mundan birnäçe aý geçensoň, ýygnak duşuşygynda uýamyzyň ýanyna bir adam gelip, oňa şeýle diýýär: «Siz meni tanadyňyzmy? Siz awtobusda ýol puluny tölemek barada gürrüň edipdiňiz, men şol awtobusyň sürüjisi. Men siziň gowy edim-gylymyňyzy görüp, Ýehowanyň Güwäçileri bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmegi ýüregime düwdüm». Hawa, adamlar biziň dogruçyllygymyzy görüp, wagyz edýän hoş habarymyza seslenýärler.
HUDAÝY ŞÖHRATLANDYRÝAN HÄSIÝETLERI ÖSDÜRIŇ
16. Sabyrlylyk, mähribanlyk we söýgi ýaly häsiýetleri ösdürmek näme üçin peýdaly? Ýalan dini ýolbaşçylaryň edýän işlerinden mysal getiriň.
16 Sabyrlylyk, mähribanlyk we söýgi ýaly häsiýetleri ösdürmek örän wajyp, çünki bu adamlary Ýehowa ýakynlaşmaga höweslendirýär. Bu häsiýetler bize syn edýän käbir adamlara Ýehowany, Onuň niýetlerini we halkyny tanamaga ýardam berip biler. Mesihçileriň garaýşy we edýän işleri özüni hudaýhon saýýan adamlardan örän tapawutlanýar. Sebäbi şeýle adamlar Hudaýa göz üçin gulluk edýärler. Käbir dini ýolbaşçylar buthana gelýän adamlaryň hasabyna baýadylar. Olaryň berýän sadakalaryna kaşaň jaýlar we ulaglar edindiler. Hatda bir ruhany itine kondisionerli ýatak satyn aldy. Hawa, dindar adamlaryň köpüsi «mugt beriň» diýen tabşyrygy ýerine ýetirmeýärler (Mat. 10:8). Olar gadymy Ysraýyldaky özdiýenli ruhanylar ýaly «tölegli sapak berýärler» we olaryň aýdýan zatlarynyň köpüsi Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýar (Mika 3:11). Şeýle ikiýüzlülik Hudaýa ýakynlaşmaga kömek etmeýär.
17, 18. a) Ýehowanyň häsiýetlerine eýersek, Ony nädip şöhratlandyryp bileris? b) Sizi ýagşy işlere yhlasly bolmaga näme höweslendirýär?
17 Emma mesihçileriň taglymaty we edýän ýagşy işleri adamlaryň ýüregine täsir edýär. Bir pioner dogan öýden-öýe wagyz edip ýörkä, gartaşan dul aýala gabat gelýär. Ol doganyň Ýehowanyň Güwäçisidigini bilende, ony diňlemek islemeýär. Gapy kakylanda, ol aşhanada lampoçkany çalyşmak üçin merdiwanyň üstünde zordan durandygyny aýdýar. Dogan: «Bu iş siziň üçin howply bolaýmasyn» diýýär. Şonda ol aýal dogany içerik çagyrýar. Dogan lampoçkany çalşyp, ýene-de wagyz etmäge gidýär. Soňra şol aýalyň ogly ejesinden habar almaga gelýär, ol bolan wakany ogluna gürrüň berýär. Ogly muny eşidende, doganymyza minnetdarlyk bildirmek isleýär we ony tapyp, gürrüňdeş bolýar. Şeýlelikde, ol Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge razylaşýar.
18 Biz näme üçin ýagşylyk etmekden ýadamaly däl? Eger biz yhlasly wagyz edip, Ýehowanyň islegine görä ýaşasak, Ony şöhratlandyrarys we adamlaryň halas bolmagyna kömek edip bileris (1 Korintoslylar 10:31—33-nji aýatlary okaň). Şeýle-de biz yhlasly wagyz edip, ýagşy edim-gylymymyz bilen Hudaýy we adamlary söýýändigimizi görkezýäris (Mat. 22:37—39). Eger-de biz ýagşy işlere yhlasly bolsak, şatlyk we kanagat taparys. Galyberse-de, biz gelejekde ähli adamlaryň hakyky seždä yhlasly boljak we Ýaradyjymyz Ýehowany şöhratlandyrjak gününi göreris.
a Danyýel 2:44 Şol patyşalaryň döwründe gökdäki Hudaý hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.