Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/5 sah. 3—7
  • Hoş habarçy bolup hyzmatyňy bitir

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hoş habarçy bolup hyzmatyňy bitir
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ADAMLAR HOŞ HABARY NÄME ÜÇIN EŞITMELI?
  • ÖKDE HOŞ HABARÇYLAR SORAGLARY TÄSIRLI ULANÝARLAR
  • ÖKDE HOŞ HABARÇYLAR BIR-BIRINE KÖMEK EDÝÄRLER
  • Soraglary ökdelik bilen ulanmak
    Wagyz mekdebi
  • Biz «her kime» nädip jogap bermeli?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Wagyzda birek-biregi goldaň
    Hudaýa gullugymyz — 2014
  • Wagyz etmek tejribämizi artdyrýarys. Soraglary ökdelik bilen ulanýarys
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/5 sah. 3—7

Hoş habarçy bolup hyzmatyňy bitir

«Hoş Habarçy bolup işläp, hyzmatyňy bitir». 2 TIM. 4:5

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Hoş habarçy diýip kime aýtsa bolýar?

  • Näme üçin adamlar hoş habary eşitmeli?

  • Ökde hoş habarçy bolmak üçin näme etmeli?

1. Näme üçin Ýehowa ilkinji we Baş hoş habarçy diýilýär?

GOWY habary wagyz edýän adama hoş habarçy diýilýär. Ilkinji we Baş hoş habarçy Ýehowa Hudaýdyr. Adam ata bilen How ene pitne turzan badyna, Ýehowa Şeýtan Iblisiň ýok ediljekdigi baradaky hoş habary yglan etdi (Gel. çyk. 3:15). Ýüzlerçe ýylyň dowamynda Ýehowa wepaly gullukçylary arkaly Öz adyny nädip aklajakdygyny, Şeýtanyň ýetiren zyýanyny nädip düzetjekdigini we Adam ata bilen How enäniň ýitiren ebedi ýaşaýşyny nädip dikeltjekdigini jikme-jik ýazdyrtdy.

2. a) Näme üçin perişdelere hoş habarçy diýse bolýar? b) Isa hoş habarçylara nähili görelde galdyrdy?

2 Perişdelere-de hoş habarçy diýse bolýar. Olar hem hoş habary yglan edýär, hem başgalara-da aýtmaga kömek edýär (Luka 1:19; 2:10; Res. iş. 8:26, 27, 35; Ylh. 14:6). Baş perişde Mikaýyl barada näme diýse bolar? Isa ýer ýüzünde ýaşanda başga hoş habarçylara görelde galdyrdy. Şonuň üçin-de, ol ýer ýüzündäki ömrüni hoş habary ýaýratmaga bagyş etdi (Luka 4:16—21).

3. a) Biz nähili hoş habary ýaýratmaly? b) Biz haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

3 Isa şägirtlerine hoş habarçy bolmagy tabşyrdy (Mat. 28:19, 20; Res. iş. 1:8). Pawlus resul işdeşi Timoteosa: «Hoş Habarçy bolup işläp, hyzmatyňy bitir» diýip maslahat berdi (2 Tim. 4:5). Biz Isanyň şägirtleri hökmünde nähili hoş habary ýaýratmaly? Biz gökdäki Atamyz Ýehowanyň adamlary söýýändigini äşgär etmeli (Ýahýa 3:16; 1 Pet. 5:7). Ýehowa Hudaý, esasan-da, Patyşalygy arkaly adamlara söýgüsini görkezýär. Şol sebäpli biz Hudaýyň Patyşalygynyň görkezmesine tabyn bolýan, Oňa gulak asýan we dogrulyk edýän ähli adamlaryň Hudaýyň dosty bolup biljekdigini şatlyk bilen gürrüň berýäris (Zeb. 15:1, 2). Ýehowa ähli horluklary we geçmişiň galdyran zyýanyny aýyrmak isleýär. Ine, şuňa-da hoş habar diýse bolar! (Iş. 65:17). Geliň, biz hoş habarçylar hökmünde şu iki wajyp soragyň jogabyny bileliň: adamlar hoş habary näme üçin eşitmeli? Biz nädip hoş habary ökdelik bilen wagyz edip bileris?

ADAMLAR HOŞ HABARY NÄME ÜÇIN EŞITMELI?

4. Adamlar Hudaý barada nähili ýalan zatlary ýaýradýarlar?

4 Mysal üçin, kimdir biri size ýalan sözläp, kakaňyzyň sizden ýüz öwrendigini aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, kakaňyz doňýürek we özüni tanatmajak bolup, sizden gaçyp ýör, hatda ony gözlemegiň haýry ýok, sebäbi ol aradan çykypdyr. Aslynda, köp adamlar Hudaý barada şeýle ýalan zatlary ýaýradýarlar. Olar Hudaýy tanap we Oňa ýakynlaşmak mümkin däl diýýärler. Şeýle-de olar Hudaýy zalym hasaplaýarlar. Meselem, käbir dini ýolbaşçylaryň aýtmagyna görä, Hudaý erbet adamlary dowzah odunda ýakýar. Käbirleri bolsa, tebigy betbagtçylyklary Hudaýdan görýärler. Şeýle betbagtçylykda hem gowy, hem erbet adamlar ölse-de, oňa Hudaýyň jezasy hökmünde garaýarlar.

5, 6. Ewolýusiýa we ýalan dini taglymatlar adamlara nähili täsir edýär?

5 Käbir adamlar Hudaý ýok diýýärler. Geliň, bu babatda ewolýusiýa taglymaty barada gürrüň edeliň. Bu taglymatyň tarapdarlary ýaşaýşyň öz-özünden dörändigini we Ýaradyjynyň ýokdugyny nygtaýarlar. Hatda käbirleri ynsanyň haýwandan dörändigine ynanýarlar. Şol sebäpli adamlaryň diňe özüni bilýändigine we başgalara zorluk edýändigine geň galmaly däl diýýärler. Olaryň aýtmagyna görä, güýçlüleriň ejizleriň üstünden höküm sürmegi tebigatyň kanunydyr. Şol sebäpli köp adamlar adalatsyzlygyň hemişe boljakdygyna ynanýarlar. Hawa, ewolýusiýa taglymatyna ynanýanlaryň gelejege umydy ýok.

6 Şu soňky günlerde ewolýusiýa we ýalan dini taglymatlar adamlaryň ejir çekmegine sebäp bolýar (Rim. 1:28—31; 2 Tim. 3:1—5). Bu taglymatlara hoş habar diýip bolmaz. Pawlus resul olaryň adamlary «içlerindäki nadanlyk üçin Hudaýyň ýaşaýşyna ýat bolmagyna, aň-düşünjeleriniň garaňkyramagyna» iterýändigini aýdýar (Efes. 4:17—19). Şeýle-de ewolýusiýa we ýalan taglymatlar adamlara Hudaýyň hoş habaryny kabul etmäge päsgel berýär (Efesliler 2:11—13-nji aýatlary okaň).

7, 8. Adamlar hoş habary haýsy ýeke-täk ýol bilen eşidip bilerler?

7 Adamlar Hudaýyň dosty bolmak üçin, ilki bilen, Ýehowanyň bardygyna we Oňa ýakynlaşmagyň peýdalydygyna ynanmaly. Biz olara ýaradylan zatlary öwrenmäge kömek etmeli. Eger olar ak ýürekden öwrenmek isleseler, Hudaýyň akyldarlygyny we güýjüni görerler (Rim. 1:19, 20). Adamlaryň ünsüni Hudaýyň ýaradan ähli ajaýyp zatlaryna nädip çekse bolýar? Meselem, biz 2011-nji ýylyň 15-nji fewralynda çykan «Garawul diňi» žurnalyndan «Mukaddes ruhuň ýaradylyşdaky ähmiýeti» atly makalany ulanyp bileris. Emma adam diňe ýaradylan zatlary öwrenip, durmuşda ýüze çykýan şu wajyp soraglara jogap tapyp bilmez: Hudaý näme üçin horluklara ýol berýär? Hudaý Ýeri näme üçin ýaratdy? Hudaý biziň aladamyzy edýärmi?

8 Hudaý we Onuň niýeti baradaky hoş habary diňe Mukaddes Ýazgylar arkaly bilse bolýar. Bu habary aýtmak uly hormat! Emma adamyň ýüregine täsir etmek üçin diňe deliller getirmeklik ýeterlikli däl. Olara öwrenen zatlaryna doly ynanmaga kömek etmeli (2 Tim. 3:14). Eger biz Isanyň göreldesine eýersek, ökdelik bilen wagyz edip bileris. Isa näme kömek etdikä? Ol soraglary ussatlyk bilen ulanypdyr. Biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris?

ÖKDE HOŞ HABARÇYLAR SORAGLARY TÄSIRLI ULANÝARLAR

9. Nädip adama ruhy taýdan kömek edip bolýar?

9 Biz näme üçin Isa ýaly sorag bermeli? Geliň, bir mysala seredeliň. Bejergi berýän lukman size operasiýa etmegiň gerekdigini aýdýar. Siz oňa ynanýarsyňyz. Eger ol öňünden siziň saglygyňyz barada hiç hili sorag bermese, oňa ynamyňyz gaçar gerek? Hatda ökde lukman-da syrkawyň ýagdaýy barada sorag berýär we ony ünsli diňleýär. Şonuň ýaly-da, eger biz adamlaryň Patyşalyk baradaky hoş habara ynanmagyny islesek, onda ökdelik bilen sorag bermegi öwrenmeli. Diňe şonda biz onuň ruhy ýagdaýynyň nähilidigine göz ýetireris we kömek edip bileris.

Adamyň ýüregine täsir etmek üçin diňe bir deliller ýeterlikli däl

10, 11. Biz Isanyň tälim berşinden näme öwrenip bileris?

10 Isa ökdelik bilen sorag bermegiň wajypdygyna düşünýärdi. Sebäbi soraglar diňe bir adam barada maglumat bermän, eýsem, onuň bilen näme hakda gürrüň etmelidigini bilmäge kömek edýär. Meselem, Isa şägirtlerine kiçigöwünliligi öwretmek üçin oýlandyryjy soraglary bererdi (Mar. 9:33). Bir gezek ol Petrusa sorag berip, onuň iki jogabyny aýdýar, soňra dogry jogaby tapmagy teklip edýär. Şeýdip, ol prinsipleriň üstünde oýlanmagy öwredýär (Mat. 17:24—26). Başga bir sapar bolsa, Isa şägirtleriniň ýüregindäki oý-pikirini bilmek üçin birnäçe soraglary berýär. Bu olara pikirini aýtmaga kömek edýär (Matta 16:13—17-nji aýatlary okaň). Isa adamlara diňe bir näme etmelidigini aýtmak bilen çäklenmedi. Ol soraglar arkaly hoş habary kabul etmäge höweslendirdi we olara durmuşyny özgertmäge kömek etdi.

11 Biz Isanyň sorag berşinden görelde alsak, adama nädip ýardam bermelidigini, sözümizi bölenlerinde nädip gürrüňi dowam etmelidigini we öwrenen zatlaryndan has köp peýda alyp bolýandygyny bilmäge kömek edip bileris. Geliň, häzir nädip soraglary ökdelik bilen ulanyp bolýandygyny görkezýän üç mysala seredeliň.

12—14. Siz çagaňyza ynamly wagyz etmäge nädip kömek edip bilersiňiz? Mysal getiriň.

12 Birinji mysal. Aýdaly, ýetginjek çagaňyz size synpdaşynyň «Ölen adamlaryň nähili ýagdaýdadygy we günäkärleriň dowzahda ejir çekýändigi» barada aýdan zatlaryny gürrüň berýär. Çagaňyz oňa wagyz etmek isleýär, ýöne nämeden başlajagyny bilmeýär. Şonda siz oňa nädip kömek edip bilersiňiz? Çagaňyzy tankytlamagyň ýa-da oňa derrew maslahat bermegiň deregine, siz Isanyň göreldesine eýerip, oňa sorag berseňiz gowy bolmazmy?

13 Meselem, siz çagaňyz bilen «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 6-njy babyndan birnäçe abzasy okap bilersiňiza. Soňra bu bapda ölen adamlaryň dowzah odunda ejir çekmeýändigini has gowy tassyklaýan delilleri görkezmegi haýyş ediň. Şeýle-de öz pikirini arkaýyn aýtmaga höweslendiriň we ony näme üçin dogry hasaplaýandygyny soraň (Rim. 12:2). Onuň getiren delilleriniň siziň delilleriňizden tapawutlanjakdygyny düşündiriň.

14 Soňra siz çagaňyz bilen synpdaşyna nädip wagyz etjekdigini sahnalaşdyryň. Ol «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 6-njy babynyň 17-nji abzasyndaky maglumaty ulanyp, synpdaşyna şeýle sorag berip biler: «Kakasy diýen etmeýän çagasyna temmi bermek üçin, onuň elini oda tutarmy?» Ol synpdaşynyň beren jogabyny diňläp, soňra şeýle diýip biler: «Eger ynsan çagasyna şeýle temmi bermeýän bolsa, onda adamlary ýaradan Hudaý olary dowzah odunda ebedi gynarmy?» Siz çagaňyz bilen yzygiderli pikir alşyp dursaňyz, oňa imany barada ynamly wagyz etmäge we soraglary ökdelik bilen ulanmaga kömek edersiňiz. Şeýlelikde, ol gowy hoş habarçy bolup ýetişer.

15. Hudaýa ynanmaýan adamlara kömek etmek üçin soraglary nädip ökdelik bilen ulanyp bileris?

15 Ikinji mysal. Biz käte wagyzda Hudaýyň bardygyna şübhelenýän adamlara duşýarys. Meselem, kimdir biri Hudaýa ynanmaýandygyny aýdanda, biz ondan sebäbini sorap, gürrüňi dowam edip bileris. Onuň haçandan bäri Hudaýa ynanmaýandygyny we näme üçin şeýle karara gelendigini ýumşaklyk bilen soraň. Siz berlen jogaby ünsli diňläp, çuňňur oýlanýandygy üçin oňa minnetdarlyk bildiriň. Soňra ýaşaýşyň öz-özünden däl-de, ýaradylandygyny tassyklaýan delilleri bilmegiň hem paýhaslydygyny aýdyň. Eger ol hakykaty gözleýän bolsa, onda şeýle delilleri inkär etmegiň akylsyzdygyna düşüner. Soňra onuň bilen 2011-nji ýylyň 15-nji fewralynda çykan «Garawul diňi» žurnalyndan «Mukaddes ruhuň ýaradylyşdaky ähmiýeti» atly makala boýunça pikir alşyp bilersiňiz. Hawa, sypaýyçylyk we ýumşaklyk bilen berlen soraglar adamyň ýüregine täsir eder.

16. Okuw geçýän adam soragyň jogabyny kitapdan okamaz ýaly näme edip bileris?

16 Üçünji mysal. Eger Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adam soragyň jogabyny diňe kitapdan okasa näme? Bu onuň ruhy taýdan ösmegine päsgel berer. Näme üçin? Sebäbi pikirleriň üstünde oýlanman jogap berýän adamy köki çuňňur ornaşmadyk ösümlige meňzetse bolýar. Şeýle adam güýçli yzarlamalarda hakykatdan dänmegi ahmal (Mat. 13:20, 21). Şonuň üçin gyzyklanýandan öwrenen zatlary barada näme pikir edýändigini soramaly. Eger ol ylalaşýan bolsa, onuň sebäbini bilmäge çalşyň. Has wajyby-da, ol näme üçin ylalaşýandygyny ýa-da ylalaşmaýandygyny düşündirsin. Soňra Mukaddes Ýazgylaryň esasynda pikir alşyp, oňa bilen zatlarynyň dogrudygyna göz ýetirmäge kömek ediň (Ýew. 5:14). Eger biz soraglary ökdelik bilen ulansak, okuw geçýän adamlara hakykatda berk durmaga kömek ederis. Şonda olar garşylyklara hötde gelip, ýalan zatlara ynanmazlar (Kol. 2:6—8). Biz ökde hoş habarçy bolmak üçin ýene-de näme edip bileris?

ÖKDE HOŞ HABARÇYLAR BIR-BIRINE KÖMEK EDÝÄRLER

17, 18. Wagyzda nädip birek-birege kömek berip bolýar?

17 Isa şägirtlerini wagyz etmäge iki-ikiden ýollady (Mar. 6:7; Luka 10:1). Pawlus resul: «Işdeşlerim bilen birlikde Hoş Habary ýaýratmakda tutanýerli işleşdik» diýip ýazdy (Flp. 4:3). Şol sebäpli-de, 1953-nji ýylda Patyşalygyň wagyzçylarynyň ählisi wagyz etmegi öwrener ýaly, ýörite okuw geçirilip başlandyb.

18 Siz wagyzda bir-biriňize nädip kömek berip bilersiňiz? (1 Korintoslylar 3:6—9-njy aýatlary okaň). Meselem, biriňiz Mukaddes Ýazgylardan okanyňyzda, beýlekiňiz öz kitabyňyzdan yzarlaň. Biri öý eýesine wagyz edende, beýlekisi ünsli diňlesin. Öý eýesi ylalaşmadyk ýagdaýynda dykgatly boluň (Wag. 4:12). Emma wagyzçy gowy güwälik etse ýa-da öý eýesi öz pikirini aýdýan bolsa, onda gürrüňi bölmejek boluň. Eger siz gürrüňe ýerliksiz wagty goşulsaňyz, wagyzça päsgel berersiňiz we öý eýesiniň başyny çaşyrarsyňyz. Emma käte gürrüňe goşulmak peýdaly bolýar. Ýöne diýjek sözleriňiz barada oýlanyň we gysgaça aýdyň. Soňra wagyzça sözüni dowam etmäge mümkinçilik beriň.

19. Biz nämäni unutmaly däl we näme üçin?

19 Öýden-öýe wagyz edenimizde biri-birimize nädip kömek edip bileris? Teklibiňizi gowulandyrmak barada gürrüň etseňiz peýdaly bolmazmy? Adamlara ruhdan düşürýän pikirleri aýtmajak boluň. Şeýle-de dogan-uýalary tankytlamaň (Gal. 5:15). Ähli adamlaryň bikämildigini unutmaň. Ýehowa bize gymmatly hoş habary ynanyp, jomartlygyny bildirýär (2 Korintoslylar 4:1, 7-nji aýatlary okaň). Geliň, ählimiz hoş habara minnetdar bolup, ony has gowy ýerine ýetireliň!

a «Dowzah ody Hudaýyň jezasymy?» diýen kitapçany hem ulanyp bilersiňiz.

b «Ýehowanyň Güwäçileri — Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edýär» (rus.) atly kitaba serediň (sah. 99, 569, 570).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş