Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 1/14 sah. 2
  • Wagyzda birek-biregi goldaň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Wagyzda birek-biregi goldaň
  • Hudaýa gullugymyz — 2014
  • Meňzeş maglumat
  • Öýden-öýe wagyz edende, gowy kömek et
    Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Wagyzda biri-biriňizi ruhlandyryň
    Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Yhlasly wagyz ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Gowy kömekçi bolup, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
    Hudaýa gullugymyz — 2014
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2014
km 1/14 sah. 2

Wagyzda birek-biregi goldaň

1. Wagyzda Pawlus resulyň göreldesine nädip eýerip bileris?

1 Pawlus resul her bir mümkinçilikden peýdalanyp, dogan-uýalary ruhlandyrýardy hem-de özi ruhlanýardy (Rim. 1:12). Siz wagyzda dogan-uýalary ruhlandyrmak hem-de olara kömek etmek üçin näme edýärsiňiz? Siz dogan-uýalara ökde wagyzçy bolmaga nädip kömek edip bilersiňiz?

2. Biz dogan-uýalara ynamly wagyz etmäge nädip kömek edip bileris we bu näme üçin wajyp?

2 Ynamly wagyz etmäge kömek ediň. Köp wagyzçylaryň özüne bolan ynamsyzlygyny ýüz keşbinden we äheňinden görse bolýar. Biz olara ýürekden öwgüli sözleri aýtsak, ynamly wagyz etmäge kömek ederis. Munuň başga-da nähili usullary bar? Aýlanýan gözegçi dogan gorkynyň hötdesinden gelmek üçin näçe sapar doga edendigini gürrüň berýär. Başga bir dogan bolsa ynamly wagyz etmek üçin näme edendigi barada şeýle diýýär: «Men ýylgyryp, soňra ýönekeý sözler bilen gürrüňe başlamak üçin doga edýärin». Size ynamly wagyz etmäge näme kömek edýär? Bu barada wagyzda dogan-uýalara gürrüň beriň.

3. Dogan-uýalara ökde wagyzçy bolar ýaly näme hakda gürrüň bermeli?

3 Tejribäňiz bilen paýlaşyň. Belki, siz ýerli wakalar ýa-da sorag arkaly gürrüňe başlaýansyňyz? Ýa-da sizde gowy teklip bardyr? Siz ony ýanyňyzdaky wagyzçy bilen paýlaşyň (Sül. tym. 27:17). Ikilenç ideg edeniňizde näme hakda we ony nädip aýtjakdygyňyzy gürrüň beriň. Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirenden soňra, gyzyklanýan adama käbir pikirleri, aýatlary näme üçin nygtap geçendigiňizi we öwretmegiň käbir tärlerini ulanandygyňyzy düşündiriň.

4. Biz näme üçin dogan-uýalara kömek etmeli?

4 I asyrda wagyzçylar diňe bir adamlara kömek etmän, eýsem, birek-biregi ruhlandyryp, berkidýärdiler (Res. iş. 11:23; 15:32). Pawlus resul ýaş Timoteosa tälim berenden soňra, başgalara hem öwretmegi maslahat berdi (2 Tim. 2:2). Biz hem wagyzda dogan-uýalara kömek etsek, diňe bir ökde wagyzçy bolman, eýsem, şatlyk tapyp, gökdäki Atamyzy hem begendireris (Ýew. 13:15, 16).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş