Gowy kömekçi bolup, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
Bu näme üçin wajyp? Isa iki bolup wagyz etmegiň wajypdygyna düşünýärdi. Şol sebäpli ol 70 şägirdini wagyz etmäge iberende, olary iki-ikiden ýollady (Luka 10:1). Eger wagyzçy kyn ýagdaýa düşse ýa-da berlen soraga jogap bermäge ýaýdansa, ýoldaşy oňa kömek edip biler (Wag. 4:9, 10). Ol ýanyndaky dogana ýa-da uýa ökde wagyzçy bolar ýaly maslahat berip, tejribesini paýlaşyp biler (Sül. tym. 27:17). Şeýle-de olar öýden-öýe wagyz edenlerinde, özara abatlaýjy gürrüňler edip bilerler (Flp. 4:8).
Aýyň dowamynda şuny etmäge çalşyň:
Wagyz edip bolanyňyzdan soň, ýanyňdaky wagyzça gowy kömekçi bolandygyny aýdyp, eden tagallalary üçin ony öwüp bilersiň.