Öýden-öýe wagyz edende, gowy kömek et
1. Dogan ýa-da uýa bilen wagyz etmegiň näme peýdasy bar?
1 Günleriň biri Isa 70 sany şägirdini wagyz etmäge «iki-ikiden öňünden ýollady» (Luka 10:1). Elbetde, bu wagyzda olara biri-birine ýardam bermäge we ruhlandyrmaga kömek edýärdi. Käwagt biz howpsuzlyk üçin ýeke wagyz etsek-de, dogan ýa-da uýa bilen wagyz edende, nädip kömek edip bileris?
2. Imandaşyň wagyz edende, nädip we näme üçin ünsli diňlemeli?
2 Ünsli diňle. Imandaşyň wagyz edende ony ünsli diňle (Ýakup 1:19). Ol aýat okanda, sen hem Mukaddes Ýazgylaryňdan yzarla. Imandaşyň ýa-da öýüň eýesi gürläninde, gepleýän adama seret. Eger sen edilýän gürrüňi ünsli diňleseň, öýüň eýesi hem diňlär.
3. Haçan biz imandaşymyzyň sözüni goldap bileris?
3 Haçan gürlemeli? Imandaşymyz wagyz edip başlanda, oňa hormat goýup sözüni bölmeli däl (Rim. 12:10). Eger-de ol aýtjak zadyny ýadyndan çykarsa ýa-da öýüň eýesi başga sorag berse, onda oňa kömek etmeli. Şonda biz gepi başga ýana sowman, imandaşymyzyň gürrüňini goldarys (Sül. tym. 16:23; Wag. 3:1, 7). Şeýdip, biz sözümiz bilen güwälik etmeli (1 Kor. 14:8).
4. Gowy wagyz etmäge we şatlanmaga näme kömek eder?
4 Şägirtler wagza iki-ikiden gidende, olar «şatlyk bilen» dolandylar (Luka 10:17). Öýden-öýe wagyz edende imandaşymyzy diňläp, haçan gürrüňi goldamalydygyny saýgarsak, gowy wagyz ederis we şatlyk taparys.