Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 3/08 sah. 1
  • Wagyzda biri-biriňizi ruhlandyryň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Wagyzda biri-biriňizi ruhlandyryň
  • Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Meňzeş maglumat
  • Öýden-öýe wagyz edende, gowy kömek et
    Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Wagyzda birek-biregi goldaň
    Hudaýa gullugymyz — 2014
  • Yhlasly wagyz ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • «Bir-biriňizi her gün ruhlandyryň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2008
km 3/08 sah. 1

Wagyzda biri-biriňizi ruhlandyryň

1 Bize ruhlandyryjy we «ýerinde aýdylan sözleri» eşitmek ýakymly bolýar (Sül. tym. 25:11). Wagyzda imandaşlarymyz bilen ruhlandyryjy gürrüň eder ýaly näme etmeli?

2 Ruhlandyryjy gürrüň. Wagyzda ruhy temalar barada gürrüň etsek, bizi ruhlandyrar! (Zeb. 37:30). Biz wagyz üçin teklipleri ara alyp maslahatlaşyp ýa-da ýaňy-ýakynda wagyzda bolan ruhlandyryjy wakalary gürrüň berip bileris (Res. iş. 15:3). Mukaddes Ýazgylar şahsy okuwynda we žurnallarda okan ýa-da ýygnak duşuşyklarynda eşiden gyzykly wakalary gürrüň bermegi nähili görýärsiňiz? Biz ýygnakda okalan jemagat nutgyndaky pikirleri ara alyp maslahatlaşyp bileris.

3 Bir adamyň bildiren närazylygyna jogap berip bilmändigimiz üçin ruhdan düşüp bileris. Gürrüňden soň, imandaşymyz bilen şeýle nerazylyk dörände, nähili jogap bermelidigi barada birnäçe minut ara alyp maslahatlaşsak, peýdaly bolar. Şeýle-de «Mukaddes Ýazgylar barada gürrüňe nädip başlamaly we dowam etmeli» diýen broşýura seretseňiz bolar. Imandaşymyzyň wagyzda eden teklibinden bir zat göwnümize ýarasa, ony ýürekden öwsek, ruhlandyrarys.

4 Yhlasly boluň. Kitap öwrenilýän toparyňyzda, köpden bäri kimdir biri bilen gulluk etmedik bolsaňyz, ony wagza çagyryp, birek-biregi ruhlandyryň (Rim. 1:12). Köp wagyzçylaryň ertir irden ýa-da agşam wagza gidip bilmeýän wagtlary, siz pionerler we kömekçi pionerler bilen wagyz etseňiz, olar begenerler. Biz pionerleri bilen wagyz edip, olary goldaýarys. Köp wagt wagyz edip bilmeýän saglygy ýarawsyz wagyzçylary Mukaddes Ýazgylar okuwyna çagyrsak, iki taraplaýyn peýdaly bolar (Sül. tym. 27:17).

5 Hatda ýönekeý zat üçin öwgüli sözleri aýtmak we minnetdarlyk bildirmek hemişe ruhlandyrýar. Imandaşlar bilen gulluk edenimizde muny unutmalyň, sebäbi biz hemişe «biri-birimizi ruhlandyrmak» isleýäris (1 Sel. 5:11).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş