44-NJI SAPAK
Soraglary ökdelik bilen ulanmak
SORAGLAR dilden ýa-da pikiriňde jogap bermegi talap edýär. Şeýle-de olar diňleýjileriň ünsüni tema gönükdirmäge kömek edýär. Soraglar gürrüňdeşlige başlamaga we gyzykly pikir alyşmaga ýardam berýär. Siz nutukçy we mugallym hökmünde soraglary adamy gyzyklandyrmak, oňa oýlanmaga kömek etmek ýa-da haýsydyr bir pikiriň wajyplygyny nygtamak üçin berip bilersiňiz. Soraglary ökdelik bilen ulansaňyz, adamlary huşsuz diňleýji bolmaga däl-de, gowy pikirlenmäge höweslendirersiňiz. Soraglary goýan maksadyňyza ýetip biler ýaly ulanyň.
Söhbetdeşlige höweslendirýän soraglar. Wagyz edeniňizde, eger adamlar garşy bolmasa, her bir amatly pursatdan peýdalanyp, olara öz pikirini aýtmagy teklip edip bilersiňiz.
Ençeme Ýehowanyň Şaýatlary: «Siz şu barada pikirlenip gördüňizmi..?» ýaly soraglar arkaly adamlar bilen gyzykly gürrüňe başlaýarlar. Eger siz, hakykatdan-da, adamlary biynjalyk edýän soraglary tapyp bilseňiz, wagyz gullugy örän gyzykly bolar. Hatda adama bilmeýän soragyny berseňiz-de, bu onda bilesigelijilik döredip biler. Meselem, «Siz nähili pikir edýärsiňiz..?», «Siz... nähili garaýarsyň?» we «Siz muňa ynanýarsyňyzmy..?» ýaly soraglar dürli temalardan gürrüň açmaga kömek edýär.
Hoş habarçy Filipus Işaýanyň pygamberligini sesli okap oturan Hebeşistanly weziriň ýanyna baryp: «Okaýan zatlaryňa düşünýärsiňmi?» diýip, oňa ýönekeý sorag berdi (Res. iş. 8:30). Bu sorag Filipusa Isa Mesih barada hakykaty aýtmaga mümkinçilik berdi. Şu günlerem Ýehowanyň käbir Şaýatlary şeýle soraglary berip, Mukaddes Ýazgylara gowy düşünmäge güýçli islegi bolan adamlary tapdylar.
Adamlara öz pikirini aýtmaga mümkinçilik berilse, adatça, olar höwes bilen diňleýärler. Şonuň üçin sorag bereniňizden soň, olary ünsli diňläň. Adamyň beren jogabyna tankydy garaýyşda bolman, ony dogry kabul ediň. Eger başarsaňyz, ýürekden öwgüli sözleri aýdyň. Bir gezek Isanyň beren soragyna kanunçy «paýhasly jogap berende», Isa ony öwüp: «Sen Hudaýyň Patyşalygyndan uzak dälsiň» diýdi (Mar. 12:34). Eger siz adamyň aýdýan zatlary bilen ylalaşmasaňyz-da, öz pikirini aýdandygy üçin minnetdarlyk bildiriň. Onuň sözleri size Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty gürrüň bereniňizde nämeleri göz öňünde tutmalydygyny bilmäge kömek eder.
Wajyp pikirlere geçmek üçin soraglar. Siz birnäçe adama ýüzlenseňiz-de, bir adam bilen gürrüňdeş bolsaňyz-da, wajyp pikiri aýtmazdan öň sorag bermäge çalşyň. Berýän soraglaryňyzyň diňleýjileri gyzyklandyrýan temalara degişlidigine göz ýetiriň. Şeýle-de adamy gyzyklandyraýjak soraglary ulanyp bilersiňiz, çünki olaryň jogaby derrew belli bolmaýar. Sorag bereniňizden soňra biraz säginseňiz, olar sizi uly höwes bilen diňlärler.
Isa adamlar bilen gürrüňdeş bolmak üçin, köplenç, soraglar berýärdi. Bir gezek ol Ýahýa Çokundyryjynyň Hudaýyň niýetindäki orny barada aýdanda birnäçe soraglar berdi. Ol şonda üç sorag berip, soňra olaryň hersine jogap talap edilmeýän soraglary hem berdi. Bu soraglar arkaly Isa diňleýjilerini dogry jogaby kabul etmäge taýýarlady (Mat. 11:7—14). Siz-de tälim bereniňizde şeýle usuly ulanyp bilermisiňiz? Synanyşyp görüň.
Pikirlenmäge kömek edýän soraglar. Soraglar getirilen delilleriň dogrudygyna düşünmäge kömek edýär. Pawlus resul diller barada gürrüň edende şu usuly ulandy. Muny 1 Korintoslylar 14:4—12-nji aýatlardan görse bolýar. Pawlusyň aýtmagyna görä, kimdir biri başga dillerde gepleýän bolsa, ýygnagy abatlamalydy. Soňra ol diliň düşnükli bolmalydygyny görkezmek üçin şeýle sorag berdi: «Eý doganlar, men siziň ýanyňyza baryp, başga dillerde geplesem, ýöne ylham, bilim, pygamberlik ýa taglymatdan gürrüň bermesem, size näme haýrym deger?» Ol başga dilde geplemegiň wajyp däldigini aýdyň mysallar arkaly soraglar berip düşündirdi. Pawlusyň bu sözleri duýgulara täsir edip, ünsüňi özüne çekýär, ondaky logikany ýalana çykaryp bolmaýar, aýdylan pikir hem ýatdan çykmaýar.
Käbir nutukçylar soraglary berende, şeýle usullary ulanýarlar. Emma soraglara dilden jogap bermeklik talap edilmese-de, bu diňleýjilere pikirinde jogap bermäge kömek edýär.
Mukaddes Ýazgylar okuwy geçirilende adam bilen pikir alyşmak usulyndan peýdalanmaly. Adam jogaplary okaman öz sözi bilen aýtsa, has-da gowy bolar. Mähirli äheň bilen berlen goşmaça soraglar oýlanmaga kömek edýär. Esasy pikirlere jogap bermeli bolanda, gyzyklanýany Mukaddes Ýazgylary ulanmaga höweslendiriň. Siz şeýle soraglary-da berip bilersiňiz: «Şu öwrenen zatlarymyzyň öňki bilenlerimiz bilen nähili baglanyşygy bar? Bu näme üçin wajyp? Olar durmuşymyza nähili täsir etmeli?» Şeýle usul temany giňişleýin düşündirmekden ýa-da öz garaýşyňy beýan etmekden has peýdalydyr. Şeýlelikde, siz gyzyklanýan adama Hudaýa sežde etmek üçin «saýgarma ukyplaryny... öwrenişdirmäge» kömek edersiňiz (Ýew. 5:14).
Eger gyzyklanýan adam bir pikire düşünmese, sabyrly bolmaly. Belki-de, ol ençeme ýyldan bäri ynanýan zatlaryny siziň aýdýanlaryňyz bilen deňeşdirjek bolýandyr. Tema dürli taraplardan seretseňiz peýdaly bolar. Emma käte ýönekeý soraglar arkaly pikir alyşmaklyk hem ýeterlikli bolýar. Mukaddes Ýazgylary köp ulanyň. Aýdyň mysallar getiriň. Bular bilen bilelikde, gyzyklanýan adamy getirilen deliliň üstünde oýlanmaga höweslendirmek üçin ýönekeý soraglar beriň.
Çuň duýgulary «çekip çykarýan» soraglar. Adam soraglara jogap berende, ol hemişe öz hakyky duýgusyny açmaýar. Ol siziň eşitmek isleýän jogabyňyzy bermegi mümkin. Şeýle ýagdaýda düşgürlik gerek (Sül. tym. 20:5). Siz Isadan görelde alyp: «Sen muňa ynanýarsyňmy?» diýip sorap bilersiňiz (Ýahýa 11:26).
Bir gezek Isanyň şägirtleriniň köpüsi onuň aýdan sözlerini göwnüne alyp, Isany terk etdiler. Şonda Isa resullaryna öz pikirini aýtmaga mümkinçilik berip: «Siz hem Meni terk etjekmisiňiz?» diýip sorady. Petrus duýgusyny şeýle sözler bilen beýan etdi: «Ýa Reb, biz Seni terk edip, kime baraly? Ebedi ýaşaýyş sözleri Sende ahyryn. Biz seniň Mesihdigiňe, diri Hudaýyň Ogludygyňa iman etdik, muny açyk bilýäris» (Ýahýa 6:67—69). Başga bir gezek Isa şägirtlerinden: «Adamlar Men Ynsan Ogluna kim diýýärler?» diýip sorady. Soňra Isa olara ýüregindäkini aýtmaga mümkinçilik berýän sorag berdi: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» Petrus jogap berip: «Sen diri Hudaýyň Ogly Mesihsiň» diýdi (Mat. 16:13—16).
Mümkin, siz hem Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçireniňizde käbir meseleler babatda şeýle usuly ulansaňyz, onuň peýdalydygyna göz ýetirersiňiz. Meselem, siz şeýle sorag berip bilersiňiz: «Bu barada klasdaşlaryňyz (ýa-da işdeşleriňiz) näme pikir edýär?» Soňra: «Bu babatda siz nähili pikir edýärsiňiz?» diýip soraň. Adamyň hakyky duýgularyny bilseňiz, mugallym hökmünde siz oňa has gowy kömek edip bilersiňiz.
Nygtamak üçin berilýän soraglar. Soraglary gerekli pikirleri nygtamak üçin-de ulansa bolýar. Meselem, şeýle soraglary Pawlus resulyň Rimliler 8:31, 32-nji aýatlarda ulanandygyny görse bolýar: «Hudaý bizlik bolsa, onda kim bize garşy? Öz Ogluny gaýgyrman, biziň hemmämiz üçin ölüme beren Hudaý Onuň bilen bile bize bar zady nähili bagyşlamaz?» Üns beren bolsaňyz, sözlemiň soňundaky sorag öňündäki pikiri nygtaýar.
Işaýa pygamber Babyl patyşasyna garşy Ýehowanyň hökümini yglan edenden soň, özüniň berk ynamyny şeýle soraglar arkaly görkezdi: «Hökmürowan Reb karar etdi, kim Oňa päsgel berip biler? Ol elini uzatdy, kim ony yzyna öwrüp biler?» (Iş. 14:27). Şeýle berlen soraglar ondaky pikiriň hökman ýerine ýetjekdigini görkezýär. Bu soraglar jogap bermegi talap etmeýär.
Nädogry garaýşy ýüze çykarýan soraglar. Oýlanyşykly berlen soraglar nädogry garaýşy ýüze çykarmaga kömek edýär. Isa keselli bir adamy sagaltmazdan öň, fariseýlerden we kanunçylardan: «Sabat güni şypa bermek dogrumy ýa dogry dälmi?» diýip sorady. Isa ol adamy sagaldyp, ýene bir sorag berdi: «Sabat güni sizden biriniň ogly ýa-da öküzi guýa gaçsa, ony derrew çykarmazmy?» (Luka 14:1—6, TD). Isa jogaba garaşmady, hiç kim jogap berjegem bolmady. Bu soraglar olaryň nädogry pikirini aýan etdi.
Käte Hudaýyň gullukçylarynda-da nädogry garaýyş bolup bilýär. I asyrda Korintosda ýaşan doganlaryň käbiri ýüze çykan kynçylyklary öz aralarynda çözmegiň deregine, kazyýete ýüz tutupdyrlar. Pawlus resul bu meseläni çözmek üçin näme etdi? Ol doganlaryň garaýşyny özgertmek üçin wajyp soraglary berdi (1 Kor. 6:1—8).
Berlen maslahatlara eýerseňiz, wagtyň geçmegi bilen, soraglary ökdelik bilen ulanyp bilersiňiz. Emma döwlet işgärleri, uly ýaşly we nätanyş adamlar bilen gepleşeniňizde, olara hormat bildirmegi unutmaň. Soraglary Mukaddes Ýazgylardaky hakykat bilen gyzyklandyrar ýaly edip beriň.