Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/12 sah. 7—11
  • Hakyky seždä yhlasly ýapyşyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hakyky seždä yhlasly ýapyşyň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Isadan görelde alyň
  • Işi gyssagly etmegiň we yhlasly bolmagyň tapawudy
  • Hakyky seždä yhlasly ýapyşyň
  • Wagtyň az galandygyny unutmaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sen Isa Mesihiň yzyna doly eýerýärmiň?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Siz «ýagşylyk etmäge yhlaslymy»?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Isa ýaly yhlasly boluň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/12 sah. 7—11

Hakyky seždä yhlasly ýapyşyň

«Hasyl bol, ýöne işçi az». (MAT. 9:37)

1. Gyssagly hereketi siz nähili suratlandyrardyňyz?

AÝDALY, siz wajyp hata şu günüň dowamynda gol çekdirmeli. Siz şonda näme edersiňiz? Siz hatyň daşyna «GYSSAGLY!» diýip ýazardyňyz. Wajyp duşuşyga gijä galyp barýan adam näme eder? Elbetde, ol sürüjä: «Haýyş edýärin, çaltrak sürüň, meniň GYSSAGLY işim bar!» diýer gerek? Hawa, wagt az bolsa, biz howsala düşüp, biynjalyk bolýarys. Biz wajyp işi çaltrak bitirmek üçin, elimizde baryny edýäris. Sebäbi iş gyssagly!

2. Mesihçiler üçin haýsy iş örän gyssagly?

2 Şu günler mesihçiler üçin Patyşalyk baradaky hoş habary ähli halklara wagyz edip, şägirt taýýarlamak wajyp hem gyssagly işdir (Mat. 24:14; 28:19, 20). Markus şägirt hem Isanyň: «Öňürti — zalym dünýäniň soňy gelýänçä — Hoş Habar bütin milletlere wagyz edilmelidir» diýen sözlerini ýazdy (Mar. 13:10). Hawa, bu şeýle-de bolmaly. Emma Isa: «Hasyl bol, ýöne işçi az» diýdi. Dogrudan-da, hasyl ýygymyny soňa goýup bolmaýar; ony orak döwri gutarmanka ýygnamaly (Mat. 9:37).

3. Wagyz etmegiň wajyplygyna düşünip, dogan-uýalaryň köpüsi näme etdi?

3 Wagyz işi örän wajyp, şol sebäpli biz oňa, mümkin boldugyndan, has köp wagtymyzy, güýjümizi we ünsümizi sarp etsek gowy bolar. Şeýle edýän dogan-uýalar öwgä mynasyp. Çünki olaryň käbiri pioner, missioner we bütindünýä Beýtel maşgalasynyň agzasy bolup gulluk etmek üçin, ýaşaýşyny sadalaşdyrdylar. Wagyz işi olaryň durmuşynda birinji orun tutýar. Şeýle-de olar köp zatdan geçýärler we ençeme kynçylyklara duş gelýärler. Muňa garamazdan, Ýehowa olara bol bereketini eçýär. Biz şeýle dogan-uýalara guwanýarys (Luka 18:28—30-njy aýatlary okaň). Beýleki dogan-uýalar bolsa, olaryň hataryna goşulyp bilmeseler-de, halas ediş işine gatnaşmak üçin wagtyny gaýgyrmaýarlar, olar çagalaryna-da halas bolmaga kömek edýärler (Kan. tag. 6:6, 7).

4. Näme üçin käbir doganlara oýa bolmak kyn bolýar?

4 Görşümiz ýaly, işi çäkli wagtda ýa-da belli bir möhlete çenli bitirmeli bolsa, onda ol has gyssagly bolýar. Häzir biz soňky günlerde ýaşaýarys, muny Mukaddes Ýazgylar hem, taryhy wakalar hem subut edýär (Mat. 24:3, 33; 2 Tim. 3:1—5). Emma dünýäniň soňunyň haçan geljegini hiç bir adam bilmeýär. Isa soňky günleriň «alamatyny» gürrüň berip: «Ol güni hem ol sagady hiç kim bilýän däldir, ne gökdäki perişdeler, ne-de Ogul, diňe Ata bilýändir» diýip nygtap geçdi (Mar. 13:32). Şonuň üçin käbir doganlara, esasanam, ol güne köpden bäri garaşýanlara ruhy taýdan oýa bolmak ýylsaýyn kyn bolýar (Sül. tym. 13:12). Sizde-de şeýle duýgular bolýarmy? Ýehowa Hudaýyň we Isa Mesihiň tabşyran gyssagly işini ýerine ýetirmek üçin, oýa bolmaga näme kömek eder?

Isadan görelde alyň

5. Hudaýa gulluk etmegi Isanyň gyssagly iş hasaplandygy nämeden görünýär?

5 Hudaýa gulluk etmegi gyssagly iş hasaplan adamlaryň arasynda iň gowy görelde görkezen Isa Mesihdir. Ol bary-ýogy üç ýarym ýylyň içinde köp işleri bitirdi. Muňa garamazdan, hakyky sežde üçin hiç kim Isa ýaly goşant goşan däldir. Ol Atasynyň adyny, niýetini aýan etdi, hoş habary ýaýratdy, dini ýolbaşçylaryň ikiýüzlüligini, ýalan taglymatlaryny paş etdi we soňky demine çenli Ýehowanyň hökümdarlygyny goldady. Ol ýurduň ähli künjegini aýlanyp, adamlara ders bermek, kömek etmek we syrkawlary sagaltmak üçin güýjüni gaýgyrmady (Mat. 9:35). Gysga wagtda şeýle köp işi hiç kim eden däldir. Hawa, Isa der döküp zähmet çekdi (Ýahýa 18:37).

6. Isa bar ünsüni nämä gönükdirdi?

6 Isa näme üçin arman-ýadaman wagyz edip bildi? Isa Daniýeliň pygamberliginden näçe wagt wagyz etmelidigini bilýärdi (Dan. 9:27). Pygamberlige görä, onuň ýer ýüzündäki gullugy «hepdäniň ortasynda» tamamlanmalydy, ýagny üç ýarym ýyl dowam etmelidi. B. e. 33-nji ýylynyň bahar aýynda Isa dabaraly ýagdaýda Iýerusalim şäherine girenden soňra: «Ynsan Oglunyň şöhratlanmaly wagty geldi» diýdi (Ýahýa 12:23). Isa ölüminiň golaýlandygyny bilse-de, ol barada alada etmeýärdi, we bu onuň erjellik bilen gulluk etmeginiň esasy sebäbi däldi. Ol bar ünsüni Atasynyň islegini berjaý etmäge we adamlaryň aladasyny etmäge gönükdirdi. Isa söýgi bilen şägirt ýygnady, olara öwüt-nesihat berdi we wagyz etmäge iberdi. Şeýlelikde, Isanyň şägirtleri onuň başlan işini dowam edip, hatda ondan hem has köp işleri edip bilerdiler (Ýahýa 14:12-ni okaň).

7, 8. Isanyň ybadathanany arassalamagy şägirtlerine nähili täsir etdi we Isa näme üçin özüni şeýle alyp bardy?

7 Bir gezek Isanyň güýçli yhlasy has-da aýdyň göründi. Ol şonda gullugyna ýaňy başlapdy. B. e. 30-njy ýylynyň Pasha baýramynda Isa şägirtleri bilen Iýerusalime gelýär. Ol ybadathana girip, «sygyr, goýun, kepderi satýanlary, pul çalşyp oturanlary görýär». Şonda Isa näme etdikä we bu şägirtlerine nähili täsir edýär? (Ýahýa 2:13—17-nji aýatlary okaň).

8 Isanyň eden işi we aýdan sözi şägirtlerine Dawudyň: «Seniň öýüňe yhlaslylyk meni iýdi» diýen sözlerini ýatlatdy (Zeb. 69:9). Näme üçin? Sebäbi diňe hakyky seždä yhlasly adam özüni şeýle howp astyna salyp bilerdi. Çünki bu biabraý söwdanyň arkasynda ybadathananyň ýolbaşçylary, ýagny ruhanylar, kanunçylar we şuňa meňzeş adamlar durdy. Isa bu adamlaryň mekirligini paş edip, puja çykarmak bilen, özüni olaryň duşmany etdi. Şonda şägirtler Hudaýyň öýüne, ýagny arassa seždä bolan yhlasyň nämedigine göz ýetirdiler. Eýsem, yhlasly bolmak nämäni aňladýar? Işi gyssagly etmek bilen yhlasly bolmagyň näme tapawudy bar?

Işi gyssagly etmegiň we yhlasly bolmagyň tapawudy

9. «Yhlas» sözüniň manysyny düşündiriň.

9 Bir sözlükde «yhlas» sözi «birine ýa-da bir işe janypkeşlik, höwes, akýüreklilik bilen garaýyş» diýip düşündirilýär. Dogrudan-da, bu sözler Isanyň gullugyny gowy suratlandyrýar. Şol sebäpli onuň ybadathanada söwdagärleri kowşuny görüp, şägirtleriň Dawudyň sözlerini ýatlamagy geň galdyrmaýar. Bu işi akýüreklilik bilen etmäge Isany näme höweslendirdikä?

10. Mukaddes Ýazgylardaky «yhlas» sözi nähili manyda ulanylýar?

10 Dawudyň mezmurynda «yhlas» diýip terjime edilen ýewreý sözi Mukaddes Ýazgylaryň başga kitaplarynda «gabanjaň», «gabanjaňlyk» diýip hem terjime edilýär (Müsürden çykyş 20:5; 34:14-nji aýatlary okaň). Mukaddes Ýazgylaryň bir sözlüginde şeýle diýilýär: «Bu söz köplenç är-aýal bilen baglanyşykly ulanylýar... Är-aýal biri-birini gabanmak bilen wepaly bolmagy talap edýärler. Şonuň ýaly-da, Hudaýyň gullukçylaryndan diňe Özüne wepaly bolmagy talap etmäge haky bar we ol şol hakyny gorap saklaýar». Diýmek, Mukaddes Ýazgylardaky yhlas sözüniň manysy bir işe janypkeş ýapyşmakdan we hyjuwly bolmakdan has köp zady aňladýar. Dawudyň gabanjaňlyk bilen görkezen yhlasy kimdir biriniň Ýehowa bilen bäsdeşlik etmegine ýa-da ony masgaralamagyna ýol bermeýär. Şeýle yhlas kimdir biriniň ýagşy adyny goramaga ýa-da oňa ýetirilen zyýany düzetmäge höweslendirýär.

11. Isa näme üçin yhlas bilen tagalla etdi?

11 Isanyň ybadathanadan söwdagärleri kowşuny görüp, şägirtleriň Dawudyň sözlerini ýatlamagy örän ýerliklidi. Sebäbi Isa wagtynyň azlygy üçin däl-de, Atasynyň adyna we arassa seždä bolan yhlasyny, ýagny gabanjaňlygyny görkezdi. Hudaýyň adynyň masgaralanýandygyny, oňa dil ýetirilýändigini görende, Isada gabanjaňlyk oýanýar we ol ýagdaýy düzetmäge çalyşýar. Isa dini ýolbaşçylaryň ýumşak adamlara azar berşini, olary ezişini görende, yhlas bilen olara teselli berdi we zalym dini ýolbaşçylary batyrgaý ýazgardy (Mat. 9:36; 23:2, 4, 27, 28, 33).

Hakyky seždä yhlasly ýapyşyň

12, 13. a) Häzirki dini ýolbaşçylar Hudaýyň adyny näme etdiler? b) Olar Hudaýyň Patyşalygyna nähili garaýarlar?

12 Häzirki hudaýhon adamlaryň özüni alyp barşy Isanyň günlerinde ýaşan dindar adamlardan-da has erbet. Ýadyňyzda bolsa, Isa nusgalyk dogasynda: «Adyň mukaddes bolsun» diýip, Hudaýyň adynyň şöhratlandyrylmagy barada öwretdi (Mat. 6:9). Häzir dini ýolbaşçylar adamlara Hudaýyň ady barada gürrüň berip, ony mukaddes edýärlermi? Ýok, gaýtam, olar ölmeýän ruh we dowzah ody ýaly ýalan taglymatlary ýaýradýarlar. Şeýle taglymatlar Hudaýy masgara edýär, adamlary ondan daşlaşdyrýar we ony zalym, hatda sütemkeş edip görkezýär. Dini ýolbaşçylar ahlaksyzlygy we ikiýüzlüligi bilen, Hudaýyň adyna ysnat getirýärler (Rimliler 2:21—24-nji aýatlary okaň). Galyberse-de, olar Mukaddes Ýazgylary terjime edenlerinde, Hudaýyň hakyky adyny aýryp, ony gizlemek üçin elinden geleni edýärler. Şeýdip, olar adamlara Hudaýa ýakynlaşmaga we onuň bilen dost bolmaga böwet bolýarlar (Ýakup 4:7, 8).

13 Şeýle-de Isa: «Patyşalygyň gelsin; gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn» diýip, şägirtlerine Hudaýyň Patyşalygy barada doga etmegi öwretdi (Mat. 6:10). Dini ýolbaşçylar köplenç bu dogany gaýtalap-gaýtalap aýtsalar-da, adamlary syýasy guramalary we beýleki ynsan bilelişiklerini goldamaga çagyrýarlar. Onsoňam, olar Patyşalyk hakda wagyz edýän adamlary äsgermezçilik edýärler. Şeýlelikde, özüni Hudaýyň gullukçysy hasaplaýan adamlar Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň bermeýärler, hatda oňa ynanmaýarlar.

14. Dini ýolbaşçylar Hudaýyň Sözüniň ähmiýetini nädip pese düşürýärler?

14 Isa Hudaýa doga edip: «Seniň sözüň hakykatdyr» diýdi (Ýahýa 17:17). Ol Hudaýyň halkyna ruhy iýmiti berjek «sadyk hem akylly hyzmatkäri» bellejekdigini aýtdy (Mat. 24:45). Dini ýolbaşçylar Hudaýyň Sözüni öwredýän diýseler-de, Isanyň tabşyran ýumşuny berjaý edip, onuň ynamyny ödedilermi? Ýok. Olar Mukaddes Ýazgylara erteki we rowaýat hökmünde garaýarlar. Olar adamlara ruhy iýmit, ýagny göwünlik hem bilim bermegiň deregine, olary ynsan pelsepesi bilen ýadadýarlar. Şeýle-de olar Hudaýyň ahlak kadalarynyň ähmiýetini pese düşürip, adamlary öz höweslerine görä ýaşamaga iterýärler (2 Tim. 4:3, 4).

15. Dini ýolbaşçylaryň Hudaýyň ady bilen edýän işleri size nähili täsir edýär?

15 Olar bu zatlaryň baryny Hudaýyň ady bilen edýärler. Şol sebäpli akýürekli adamlaryň köpüsi lapykeç bolup, ruhdan düşdüler, Hudaýa we Mukades Ýazgylara ynanmagyny bes etdiler. Olar Şeýtanyň we onuň zalym dünýäsiniň guly boldular. Siz şeýle zatlary her gezek göreniňizde we eşideniňizde özüňizi nähili duýýarsyňyz? Siz, Ýehowanyň gullukçysy hökmünde, Hudaýyň adynyň masgaralanýandygyny we oňa dil ýetirilýändigini eşitseňiz, sizde onuň goragyna çykmaga höwes döreýärmi? Siz aldanan we ezilen akýürekli hem ýumşak adamlary görseňiz, olara göwünlik bermek isleýärsiňizmi? Isa «çopansyz goýunlar ýaly pytraňňy, alaçsyz» adamlary görende, olara haýpy gelip, «köp zatlary öwretmäge başlady» (Mat. 9:36; Mar. 6:34). Geliň, biz hem Isadan görelde alyp, hakyky seždä yhlasly ýapyşalyň!

16, 17. a) Tagalla etmäge bizi näme höweslendirmeli? b) Biz indiki makalada nämä serederis?

16 Eger biz Hudaýa yhlasly gulluk etsek, Pawlusyň 1 Timoteos 2:3, 4-nji aýatlardaky sözleri has-da täsir eder (Okaň). Biz diňe bir soňky günlerde ýaşaýandygymyz üçin yhlasly gulluk etmeýäris. Biz adamlaryň hakykat bilimine ýetip, olaryň Hudaýa sežde etmegini we bereket almagyny isleýäris, çünki bu Ýehowanyň niýetidir. Şeýle-de biz wagtyň çäklidigi üçin tagalla etmeýäris. Biziň esasy maksadymyz: Hudaýyň adyny şöhratlandyrmak we adamlara onuň niýetini bilmäge kömek etmek. Şeýdip, biz hakyky seždä yhlasly ýapyşýarys (1 Tim. 4:16).

17 Biz Ýehowanyň halky, şol sebäpli Hudaýyň adamzat we ýer baradaky niýetini bilýäris. Biz adamlara bagtly ýaşamaga we gelejege umyt bilen garamaga kömek edýäris. Şeýle-de olara Şeýtanyň zalym dünýäsi ýok edilende, halas bolmak üçin näme etmelidigini öwredýäris (2 Sel. 1:7—9). Ýehowanyň güni gijikýändir öýdüp, ruhdan düşmegiň ýa-da lapykeç bolmagyň deregine, wagt barka hakyky seždä yhlasly ýapyşmaly (Mika 7:7; Hab. 2:3). Biz yhlasly bolmak üçin näme etmeli? Bu barada indiki makalada bileris.

Siz nähili düşündirersiňiz?

• Isa näme üçin arman-ýadaman wagyz edip bildi?

• Mukaddes Ýazgylardaky «yhlas» sözüniň manysy näme?

• Hakyky seždä yhlasly ýapyşmaga bizi näme höweslendirmeli?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş