Ýadyňyzdamy?
«Garawul diňi» žurnalynyň soňky sanlary size ýaradymy? Onda aşakdaky soraglara jogap bermäge synanyşyň.
• Kimiň şägirtleri ýazgyda ynanýar?
Kalwinizm diýen dini akym ýazgyt baradaky taglymaty öňe sürýär. Reformat, Preswiterian, Kongregasional we Puritan buthanalarynda Žan Kowen (Kalwin) reformatoryň taglymatlary giňden ýaýran (1.9., 18—21-nji sahypalar, rusça).
• Kabyl gelni nireden aldy?
Kabylyň gelni How enäniň neslinden bolmaly. How eneden «ençeme ogul-gyz dünýä indi» (Gel. çyk. 5:4) (1.9., 25-nji sahypa, rusça).
• Hudaý ysraýyl halkyny Müsürden azat etmek üçin, olaryň öňünden haýsy perişdäni iberdi? (Müs. çyk. 23:20, 21)
Ýehowanyň ady bilen gelen perişde, Hudaýyň ilkinji Ogludy. Soňra ol Isa ady bilen tanaldy (15.9., 21-nji sahypa).
• 1 Korintoslylar kitabynda näme üçin butlara gurban edilen et hakynda aýdylýar?
Grek we Rim buthanalarynda mal gurbanlary berilýärdi. Şeýle dabaralarda iýilmedik etler bazarda satylýardy. Mesihçiler bu etleri satyn alsalar-da, ýalan dini däp-dessurlara gatnaşmaýardylar. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Et bazarynda näme satylýan bolsa, ynsap hatyrasy üçin hiç bir zady seljermän iýiň. Çünki ýer we onuň ýüzündäki bütin zatlar Rebbiňkidir» (1 Kor. 10:25, 26) (1.10., 12-nji sahypa, rusça).
• Hudaý nähili bahanalary halamaýar?
«Bu örän kyn. Meniň höwesim ýok. Meniň wagtym ýok. Meniň ukybym ýok. Göwnüme degdiler». Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmejek bolup, bahana gözleýän adamlary Ýehowa halamaýar (15.10., 12—15-nji sahypalar).
• Sen ýygnak duşuşyklarynda özüňi we dogan-uýalary nädip abatlap bilersiň?
Öňünden taýýarlan. Ýygnaga yzygiderli bar. Ýygnaga wagtynda gel. Edebiýatlary al. Ünsüňi sowma. Duşuşyga gatnaş. Gysgaça jogap ber. Ýumuşlary ýerine ýetir. Öwgüli sözler aýt. Dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bol (15.10., 22-nji sahypa).
• Häzir Ganseniň keseli hökmünde tanalýan heýwere keseli Mukaddes Ýazgylaryň haýsy hekaýasynda bir gyzjagaz bilen baglanyşykly agzalýar?
2 Patyşalar kitabynyň 5-nji babynda Siriýanyň goşunbaşysy Naamanyň öýünde hyzmat edýän ysraýylly gyzjagaz barada gürrüň berilýär. Naaman heýwere keseli bilen kesellände, gyzjagaz oňa Elişa pygamberiň ýanyna barmagy maslahat berýär (1.11., 22-nji sahypa, rusça).
• Harunyň ildeşleriniň täsirine düşmeginden näme öwrenýäris?
Musa ýok wagty ysraýyllylar Haruny taňry ýasamaga yrdylar. Harun hem olara boýun boldy. Görşümiz ýaly, diňe bir ýaşlar däl-de, hatda Hudaýyň ýolunda ýöremek isleýän uly ýaşly adamlar hem deň-duşlarynyň täsirine düşýärler. Şol sebäpli biz deň-duşlarymyzyň ýaramaz täsirine garşy durmaly (15.11., 8-nji sahypa).
• Haýsy dogry, haýsy ýalan?
Şeýtan — hakyky şahsyýet: dogry (2 Kor. 11:14). Ölen adamlar o dünýäde ýaşaýarlar: ýalan (Wag. 9:5). Wepaly perişdeler biziň aladamyzy edýär: dogry (Zeb. 34:7). Isa Hudaý bilen deň: ýalan (1 Kor. 11:3) (1.12., 8, 9-njy sahypalar, rusça).