Siziň çagaňyz näme jogap berer?
ATA-ENELER, 2010-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň 16—20-nji sahypalarynda çagalaryňyz bilen sahna gurmagyň wajypdygy agzalypdy. Bu makala bolsa, çagaňyzy mekdepdäki kynçylyklara taýýarlamaga kömek eder. Belki, siz şu makaladaky maslahatlary maşgala okuwynda sahnalaşdyrmak islärsiňiz.
ÝEHOWANYŇ ýaş Güwäçileri köp kynçylyklara duş gelýärler. Olaryň mekdep ýoldaşlary köplenç näme üçin baýdaga tagzym etmeýändigini, doglan güni bellemeýändigini we başga-da käbir zatlara gatnaşmaýandygyny soraýarlar. Eger siziň ogluňyza ýa-da gyzyňyza şeýle soraglary berýän bolsalar, olar näme jogap berip biler?
Käbir mesihçi çagalar şeýle diýýärler: «Men muny etmeýärin, sebäbi meniň dinime garşy gelýär». Şeýle çagalar imanda berk durýandygy üçin öwgä mynasyp. Mümkin, şondan soň olara sorag berýän däldirler. Şeýle-de bolsa, dini ynançlarymyz barada soranlarynda, bize «her kese, her wagt jogap bermäge taýýar bolmak» maslahat berilýär (1 Pet. 3:15). Bu maslahata eýermek üçin «Men muny etmeýärin» diýmek ýeterlikli däl. Adamlar biziň bilen ylalaşmasalar-da, olaryň käbiri näme üçin özümizi şeýle alyp barýandygymyzy bilmek islemekleri mümkin.
Mesihçi ýaşlaryň köpüsi mekdep ýoldaşlaryna «Beýik mugallymdan öwrenýäris» (rus.) ýaly kitaplaryň kömegi bilen Mukaddes Ýazgylardaky wakalary gürrüň berýärler. Bu wakalar mesihçi çagalara käbir zatlary näme üçin edýändigini ýa-da etmeýändigini düşündirmäge kömek edýär. Okuwçylaryň käbiri şeýle wakalary ünsli diňläp, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlaýarlar. Käbir okuwçylara wakalary başdan-aýak diňlemek kyn bolýar. Ýöne käbir wakalary jikme-jik gürrüň bermeseň, olara düşünip bolmaýar. On bir ýaşly Minheni jorasy doglan gününe çagyranda, ol şeýle diýdi: «Mukaddes Ýazgylarda doglan gün bellemeli däl diýilýär. Hudaýyň gullukçysy Ýahýany doglan günde öldürdiler». Emma Minheniň aýtmagyna görä, jorasy onuň aýdanlaryna düşünmedi.
Käbir ýagdaýda okuwça biziň haýsy-da bolsa bir kitabymyzdan hekaýanyň suraty ýa-da hekaýanyň özi görkezilse, peýdaly bolar. Emma mugallymlar okuwçylara dini edebiýatlary mekdebe getirmegi rugsat bermeseler näme? Çagalarymyz edebiýatsyz nädip wagyz edip biler? Siz çagalaryňyza dini ynançlaryny düşündirmäge nädip kömek edip bilersiňiz?
Sahna gurnaň
Öýde çagalar bilen sahna oýnalsa gowy bolar. Sahnada ata-eneler mekdep ýoldaşlarynyň roluny oýnap bilerler. Çagalar dini ynançlaryny düşündirmäge çalşanda, ata-eneler olaryň edýän tagallasyny öwüp bilerler. Şeýle-de olar çagalaryna pikirini düşnükli aýtmaga we onuň wajypdygyny bilmäge kömek ederler. Meselem, sahnada çagalaryňyza deň-duşlarynyň düşünýän sözlerini ulanmagy teklip ediň. Dokuz ýaşly Joşuwa mekdep ýoldaşlarynyň «ynsap», «wepaly» ýaly sözleri düşünmeýändigini aýdýar. Şol sebäpli ol sada sözleri ulanýar (1 Kor. 14:9).
Käbir okuwçylaryň beren soragyna uzyn jogap berilse, olar diňlemeýärler. Emma mesihçi ýaşlar gyzykly gürrüň edip, pikir alyşsalar, olara täsir edip bilerler. On ýaşly Hanýul: «Mekdep ýoldaşlarym takal okalsa halamaýar, olar gürrüňdeş bolmagy gowy görýärler» diýýär. Gürrüňdeş bolmak üçin sorag bermeli we ýoldaşyň pikirini ünsli diňlemeli.
Aşakdaky sahnalar mesihçi çagalara mekdep ýoldaşlary bilen nädip gürrüňdeş bolmalydygyny görkezýär. Bu sahnalary ýat tutmak hökman däl, sebäbi bir çaga berlen jogap beýleki çaga täsirli bolmaz, dürli ýagdaýa hem dürlüçe jogap bermeli bolýar. Şeýlelikde, ýaş mesihçiler pikire dogry düşünip, öz sözi bilen gürrüň bermek barada oýlanmaly, soňra ony ýagdaýa görä aýtmaly. Eger siziň mekdepde okaýan çagalaryňyz bolsa, onda şol sahnalary oýnap görüň.
Çagalary terbiýelemek üçin wagt gerek we tagalla etmeli. Mesihçi ata-eneler Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri çagalarynyň ýüregine ornaşdyryp, şoňa görä ýaşamaga höweslendirmek isleýärler (Kan. tag. 6:7; 2 Tim. 3:14).
Ata-eneler, indiki maşgala okuwynda berlen gepleşigi sahnalaşdyrsaňyz, onuň peýdalydygyny görersiňiz. Ýadyňyzda bolsun, berlen jogaplary ýa-da sözleri ýat tutmaly däl. Siz sahnany gaýtalanyňyzda, her gezek dürli soraglar berip, çagalaryň olara jogap berşine üns beriň. Olar ynançlaryny düşündirende, synpdaşlarynyň garaýşyna hormat goýmagy we sypaýy bolmagy öwrediň. Wagtyň geçmegi bilen, siziň çagalaryňyz dini düşünjelerini synpdaşlaryna, mugallymlaryna we goňşularyna düşündirmegi öwrenerler.
[4 sahypadaky çarçuwa]
DOGLAN GÜNI BELLEMEK
Aýna: Salam, Jemal. Men seni doglan günüme çagyrýaryn.
Jemal: Sag bol! Seniň göwnüňe degesim gelenok welin, ýöne men baryp bilmerin. Sebäbi men doglan güne gatnaşmaýaryn.
Aýna: Näme üçin?
Jemal: Men Ýehowanyň Güwäçisi. Biz Isa pygamberiň göreldesine eýerýäris. Ol doglan gününi bellemändir. Şonuň üçin men hem doglan günümi bellemeýärin.
Aýna: Sen şonda-da öýe geläý. Doglan günümi gutlamak, sowgat getirmek hökman däl.
Jemal: Ýok, men baryp biljek däl. Men Mukaddes Ýazgylar boýunça ýaşamak isleýärin. Isanyň şägirtleri doglan gün bellemändirler.
Aýna: Onda menem doglan gün bellemeli dälmi?
Jemal: Elbetde, ony özüň çözýäň. Biz maşgalamyzda hiç kimiň doglan gününi bellemeýäris.
Aýna: Wiý, onda saňa kakaň bilen ejeň sowgat bermeýärmi?
Jemal: Ýok, berýär. Ýöne olar sowgat bermek üçin meniň doglan günüme garaşyp oturmaýarlar. Olar maňa hemişe-de sowgat berýärler. Mukaddes Ýazgylarda doglan gününi bellän iki adam barada aýdylýar. Seniň şol barada bilesiň gelýärmi?
Aýna: Hawa, bilesim gelýär.
Jemal: Onda ertir men saňa doglan gün barada gadym döwürde bolan gyzykly wakany gürrüň bererin.
DÖWLET GIMNI
Myrat: Aşyr, sen näme üçin synpda Döwlet gimni aýtmaýarsyň?
Aşyr: Men saňa sebäbini aýdaýyn, ýöne sen näme üçin gimn aýdýarsyň?
Myrat: Sebäbi mugallymlar aýtmaly diýýär. Hemmeler aýdýar, menem aýdýaryn.
Aşyr: Dogry, biz mugallymlaryň diýenini etmeli. Hudaýyň Sözünde-de şeýle diýilýär. Ýöne onda ähli zatdan öňürti Hudaýyň tabşyryklaryna gulak asmaly diýilýär. Sen munuň bilen ylalaşýaňmy?
Myrat: Hawa, men ylalaşýan. Ýöne munuň Döwlet gimnine näme dahyly bar?
Aşyr: Myrat, gimnde Watan üçin janymyzy gurban etmeli diýilýär. Adama jany beren Hudaý, şeýle dälmi? Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, Hudaý uruşlary halamaýar we ähli halklara deň garaýar. Ol ähli halklaryň agzybir hem parahat ýaşamagyny isleýär. Sen hem şeýle bolmagyny isleýärmiň?
Myrat: Hawa, isleýärin. Ýöne beýle zat bolup bilermi?
Aşyr: Hawa, bolup biler. Eger sen garşy bolmasaň, bu barada indiki arakesmede gürrüň edip bileris.
Myrat: Bolýar, indiki arakesmede görşeris.