Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/11 sah. 28—32
  • Biz aýypsyzlykda gezeris!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Biz aýypsyzlykda gezeris!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ahlak taýdan aýypsyz bolmak wajyp
  • Hiç haçan hilegärlige ýüz urmaň
  • Adamlar bilen özüňizi göreldeli alyp baryň
  • Açgöz däl-de, jomart boluň
  • Hakyky seždä berk ýapyşyň
  • Ar almaň we ikiýüzli bolmaň
  • Eýýup aýypsyzlygyny subut etmek isleýär
  • Sen aýypsyzlygyňy saklap bilersiň
  • Aýypsyzlygyňyzy saklaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Eýýup Ýehowanyň adyny şöhratlandyrdy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Näme üçin aýypsyzlygy saklamaly?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sen aýypsyzlygyňy saklarmyň?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/11 sah. 28—32

Biz aýypsyzlykda gezeris!

«Men aýypsyzlykda gezerin». (ZEB. 26:11)

1, 2. Eýýup aýypsyzlygy barada näme diýýär we Eýýup kitabynyň 31-nji baby onuň nähili adamdygyny görkezýär?

GADYMY döwürde köp zatlar terezide ölçenilýärdi. Tereziler köplenç kese bolup, olaryň ortasy berkidilýärdi we her tarapynda ölçeg jamlary bolýardy. Bir zady ölçemeli bolanda, jamyň birine ölçenilmeli zat, beýlekisine terezi daşlary salynýardy. Hudaýyň halky terezide aldamaly däldi (Sül. tym. 11:1).

2 Hudaýyň wepaly gullukçysy Eýýup synaga düşende: «Hudaý (Ýehowa) meni dogry terezide çeker we aýypsyzlygymy biler» diýdi (Eýýup 31:6)a. Şonda Eýýup aýypsyzlygynyň synalýandygy barada ençeme gezek agzapdy. Emma Eýýup kitabynyň 31-nji babyna görä, onuň synaglara döz gelip bilendigi barada aýdylýar. Onuň gowy göreldesi bizi aýypsyz bolmaga höweslendirer we Dawut ýaly biz hem: «Men aýypsyzlykda gezerin» diýip, ynamly aýdyp bileris (Zebur 26:11).

3. Näme üçin köp zatda-da, az zatda-da Hudaýa wepaly bolmaly?

3 Eýýup dürli synaglara uçrasa-da, Hudaýa wepaly galdy. Hatda käbir adamlar Eýýuby gahryman saýýarlar. Biz Eýýup ýaly ejir çekmesek hem, köp zatda-da, az zatda-da Hudaýa wepaly bolmaly. Şonda biz aýypsyzlykda gezýändigimizi we Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaýandygymyzy görkezeris (Luka 16:10-y okaň).

Ahlak taýdan aýypsyz bolmak wajyp

4, 5. Aýypsyz galmak üçin Eýýup nämeden gaça durdy?

4 Ýehowanyň öňünde aýypsyz galmak üçin, biz Eýýup ýaly Onuň ahlak kadalaryna eýermeli. Ol şeýle diýdi: «Men gözüm bilen äht baglaşdym. Men nädip gyza seredeýin?.. Eger men başga bir aýala göwün beren bolsam, ýakynymyň öýüniň gapysynda garaşyp ýatan bolsam, goý, onda meniň aýalym başga biri üçin degirmen üwesin, başga erkekleriň gujagyna girsin» (Eýýup 31:1, 9, 10).

5 Eýýup Hudaýyň öňünde aýypsyz galar ýaly, aýallara azgyn höwes bilen bakmaýardy. Onuň aýaly bardy, şol sebäpli ol başga gelin-gyzlara ýa-da biriniň aýalyna göz gyzdyrmaýardy. Isa hem «Dagdaky wagzynda» ahlak taýdan arassa bolmak barada täsirli sözleri aýtdy. Elbetde, aýypsyz galmak üçin, bu maslahata eýermeli (Matta 5:27, 28-nji aýatlary okaň).

Hiç haçan hilegärlige ýüz urmaň

6, 7. a) Hudaý Eýýup ýaly biziň hem aýypsyzlygymyzy näme esasynda barlaýar? b) Biz näme üçin hilegär bolmaly däl?

6 Eger hilegärlige ýüz ursak, bize aýypsyz adam diýip bolmaz (Zebur 5:6-y okaň). Eýýup şeýle diýdi: «Eger men erbetler bilen tirkeşip, aýagym hilegärlik etmäge howlugan bolsa, Hudaý meni dogry terezide çeker we aýypsyzlygymy biler» (Eýýup 31:5, 6). Ýehowa ähli adamlary «dogry terezide» ölçeýär. Ol Eýýup ýaly biziň hem, ýagny öz gullukçylarynyň aýypsyzlygyny kämil adalatly kadalary esasynda barlaýar.

7 Eger biz hilegärlige ýa-da ýalanlyga ýüz uran bolsak, onda Hudaýyň öňünde aýypsyz galyp bilmeris. Aýypsyz adam «gizlin, utançly ýollary ret edýär» we «hile bilen gezmeýär» (2 Kor. 4:1, 2). Eger imandaşymyz edýän mekirligimiz sebäpli Hudaýa ýalbarsa näme? Onda, biziň günümize waý! Mezmurçy şeýle nagma aýtdy: «Muşakgatly wagtym Rebbi çagyrdym, maňa jogap berdi. Ýa Reb, meni ýalançy dodaklardan, hileli dilden halas et» (Zeb. 120:1, 2). «Hudaý ýürekleriň we göwünleriň barlagçysydyr». Ol biziň içki oý-pikirimize seredip, aýypsyzlygy ýürekden saklamak isleýändigimizi ýa-da islemeýändigimizi görýär (Zeb. 7:8, 9).

Adamlar bilen özüňizi göreldeli alyp baryň

8. Eýýup adamlar bilen özüni nähili alyp barýardy?

8 Aýypsyz bolmak üçin biz hem Eýýup ýaly adalatly, kiçigöwünli bolup, adamlaryň aladasyny etmeli. Eýýup şeýle diýdi: «Eger men şikaýat eden gulumdan ýa-da gyrnagymdan adalaty ret eden bolsam, Allatagala maňa garşy çykanda näme ederin? Ol menden hasabat soranda näme jogap bererin? Meni enemiň göwresinde ýaradan ony-da ýaratmadymy? Ikimizi-de ol içinde döretmedimi?» (Eýýup 31:13—15).

9. Eýýup gullaryna nähili garaýardy we biz özümizi nähili alyp barmaly?

9 Eýýubyň döwründe kazyýet işleri çylşyrymly däldi. Kazyýet işleri belli bir tertip boýunça alnyp barylýardy, oňa gullar hem ýüz tutup bilýärdi. Eýýup gullaryna rehimlidi we adalatly garaýardy. Aýypsyzlykda gezmek üçin ähli mesihçiler, esasan-da, ýygnak ýaşululary şeýle häsiýetleri ösdürmeli.

Açgöz däl-de, jomart boluň

10, 11. a) Biz Eýýubyň jomartdygyny we adamlara kömek edendigini nireden bilýäris? b) Eýýup 31:16—25-nji aýatlardaky sözler bize Mukaddes Ýazgylardaky haýsy maslahaty ýatladýar?

10 Eýýup nebisjeň, açgöz däldi; ol jomartdy we adamlara kömek edýärdi. Eýýup şeýle diýdi: «Eger men... dul hatynyň gözüniň nuruny söndüren bolsam, çörek paýymy özüm iýip, ýetime bermedik bolsam, eger biriniň ýalaňaç heläk bolýanyny görsem... derwezede duran ýetimiň mätäçdigini görüp, oňa elimi uzatmadyk bolsam, goý, meniň kebzäm egnimden aýrylsyn, elim çigin süňkümden gopsun». Eýýup altyna: «Men saňa bil baglaýaryn!» diýen bolsa, aýypsyz adam bolup bilmezdi (Eýýup 31:16—25).

11 Bu şahyrana sözler bize Ýakup şägirdiň sözlerini ýatladýar: «Ata Hudaýyň ýanynda sap, tegmiltsiz dindarlyk budur: ýetimleri, dul hatynlary muşakgatlarynda idemek, özüňi dünýäden çirksiz saklamakdyr» (Ýakup 1:27). Şeýle-de bu Isanyň sözlerini hem ýada salýar: «Habardar boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, çünki biriniň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir». Bu tymsaldaky ölen açgöz adam «Hudaýyň nazarynda baý bolmadyk» adamlaryň biridi (Luka 12:15—21). Biz aýypsyz bolar ýaly, açgöz ýa-da betnebis höwesleriň täsirine düşmeli däl. Açgözlük — butparazlykdyr, çünki adamyň güýçli betnebis islegi Ýehowadan ünsüni sowup, ony butparaz edýär (Kol. 3:5). Aýypsyzlyk we açgözlük bir ýere ornaşmaz!

Hakyky seždä berk ýapyşyň

12, 13. Butparazlykdan gaça durmak babatda Eýýup nähili görelde galdyrdy?

12 Aýypsyz adam arassa seždeden dänmeýär. Eýýup hem hakyky seždäni gymmat saýýardy. Ol şeýle diýdi: «Eger men Günüň nuruna ýa-da owadan Aýyň ýörişine seredip, gizlinlikde olara göwün beren bolsam, elim bilen howadan posa ýollasam, bu höküm edilmeli jenaýat işi bolardy, çünki gökdäki hak Hudaýy inkär etdigim bolardy» (Eýýup 31:26—28).

13 Eýýup jansyz zatlara sežde etmeýärdi. Eger ol asman jisimlerine, meselem, Aýa göwün berse, mümkin, buta sygynýandygyny görkezmek üçin, oňa eli bilen howadan posa ýollan bolsa, Hudaýy inkär edýän butparaz bolardy (Kan. tag. 4:15, 19). Hudaýyň öňünde aýypsyz galmak üçin, biz butparazlygyň ähli görnüşlerinden gaça durmaly (1 Ýahýa 5:21-i okaň).

Ar almaň we ikiýüzli bolmaň

14. Näme üçin Eýýuba ýaman niýetli adam däl diýse bolar?

14 Eýýup ýaman niýetli we doňýürek däldi. Ol şeýle häsiýetleriň aýypsyz bolmaga päsgel berýändigini bilýärdi, çünki ol şeýle diýdi: «Eger meni ýigrenýäniň heläk bolşuna begenen bolsam, onuň erbetlige uçranyny görüp, heşelle kakan bolsam... Ýöne men onuň janyny näletläp, dilime günä etdirmedim» (Eýýup 31:29, 30).

15. Näme üçin duşmanymyz betbagtçylyga uçranda begenmeli däl?

15 Hudaýhon Eýýup duşmanynyň betbagtçylyga uçranyny görse-de, begenmezdi. Süleýmanyň tymsallarynda hem: «Duşmanyň ýykylanda şatlanma; ol taýanda ýüregiň begenmesin. Muny Reb görüp-de, Onuň nazarynda erbet bolaýmasyn; gaharyny duşmanyňdan sowaýmasyn» diýilýär (Sül. tym. 24:17, 18). Ýehowa adamlaryň ýüregini görýär. Eger biz kesekiniň betbagtçylygyna içimizden begensek, ol muny halamaz (Sül. tym. 17:5). Hudaý bizi-de jezasyz goýmaz, çünki ol: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin» diýýär (Kan. tag. 32:35).

16. Biz baý bolmasak-da, nädip myhmansöýer bolup bileris?

16 Eýýup myhmansöýerdi (Eýýup 31:31, 32). Biz baý bolmasak-da, «myhmansöýer bolup» bileris (Rim. 12:13). Meselem, biz adamlary ýönekeý nahara çagyryp bileris, çünki «söýginiň bar ýerinde gök ösümlikli nahar duşmançylyk bilen iýlen bagöküzden gowudyr» (Sül. tym. 15:17). Imandaşlar bilen mähirli ýagdaýda ýönekeý saçak başynda oturmak hem lezzetli bolup, ruhy taýdan berkidip biler.

17. Biz näme üçin agyr günäni ýaşyrmaly däl?

17 Eýýubyň myhmansöýerligi adamlary ruhlandyrýardy, çünki ol ikiýüzli däldi. Ol I asyrdaky ýygnaga ogrynça girip, «nep üçin ikiýüzlülik edýän» hudaýsyz adamlara meňzemeýärdi (Ýahuda 3, 4, 16). Eýýup adamlaryň goýýan hormatyny ýitirerin öýdüp, «jenaýatyny goltugynda gizlemezdi», ýagny ýazygyny ýaşyrmazdy. Ol özüni Hudaýa barladyp, günä eden bolsa, boýun almaga taýyndy (Eýýup 31:33—37). Eger biz agyr günä eden bolsak, abraýdan gaçaryn öýdüp, ýazygymyzy gizlemäliň. Şeýle ýagdaýda nädip aýypsyz bolup bileris? Munuň üçin günämizi boýun alyp, toba etmeli, ruhy taýdan kömek soramaly we düzelmek üçin elimizden geleni etmeli (Sül. tym. 28:13; Ýakup 5:13—15).

Eýýup aýypsyzlygyny subut etmek isleýär

18, 19. a) Näme üçin Eýýup hiç kimi ezmändir diýip bolar? b) Eýýupda ýazyk tapylsa, ol nämä taýyndy?

18 Eýýup dogruçyl adamdy we halal ýaşaýardy. Şol sebäpli ol şeýle diýdi: «Eger topragym men zerarly şikaýat etse, onuň ähli joýalary bilelikde aglasa; eger ýeriň hasylyny mugt iýen bolsam, onuň eýelerine ah çekdiren bolsam, onda, goý, bugdaýa derek tikenler össün, arpa derek porsy otlar gögersin» (Eýýup 31:38—40). Ol iliň mellegini elinden almazdy, işçilerini ezmezdi. Eýýubyň göreldesine eýerip, biz hem köp zatda-da, az zatda-da Ýehowanyň öňünde aýypsyzlygymyzy saklamaly.

19 Eýýup üç dostuna we ýaş Elihua nähili ýaşandygyny aýdýar. Ol ýazuw üsti bilen bütin ömrüne eden işlerini beýan edip, «gol» çekilen kagyzy adamlara berýär. Eger olar Eýýupda ýazyk tapsalar, ol temmi almaga taýyndy. Şondan soň Eýýup ähli zady Hudaýa tabşyryp, onuň höküm çykararyna garaşýar we «sözüni tamamlaýar» (Eýýup 31:35, 40).

Sen aýypsyzlygyňy saklap bilersiň

20, 21. a) Eýýup näme üçin aýypsyz galyp bildi? b) Biz Hudaýa bolan söýgimizi nädip artdyryp bileris?

20 Eýýup aýypsyzlygyny saklap bildi, çünki ol Hudaýy söýýärdi. Ýehowa hem ony söýýärdi we kömek etdi. Eýýup: «Sen (Ýehowa) maňa ýaşaýyş berdiň we merhemetiňi görkezdiň; sen aladaň bilen janymy goradyň» diýdi (Eýýup 10:12). Eýýup adamlary-da söýýärdi, sebäbi ýoldaşyna merhemet etmeýän adamyň Gudratygüýçlüden hem gorkmajagyna düşünýärdi (Eýýup 6:14). Aýypsyzlygyny saklaýan adamlar Hudaýy we ýakynyny söýýärler (Mat. 22:37—40).

21 Ýehowa bolan söýgimizi artdyrmak üçin, biz her gün Mukaddes Ýazgylary okap, Hudaý barada bilen zatlarymyzyň üstünde oýlanmaly. Ýehowany şöhratlandyrmak we onuň eden ýagşylyklaryna minnetdarlyk bildirmek üçin ýürekden doga edip bileris (Flp. 4:6, 7). Biz Ýehowa öwgüli aýdymlar aýdyp, hemişe onuň halky bilen gatnaşsak ruhlanarys (Ýew. 10:23—25). Hoş habary wagyz edip, «günsaýyn gutaryşyny buşlasak» hem Hudaýa söýgimiz artar (Zeb. 96:1—3). «Maňa bolsa Hudaýa ýakynlaşmak gowudyr. Seniň ähli işleriňi yglan etmek üçin men Reb Hudaýy özüme pena edindim» diýip, nagma aýdan mezmurçy ýaly, biz hem aýypsyzlygymyzy saklap bileris (Zeb. 73:28).

22, 23. Geçmişde aýypsyzlygyny saklan adamlar bilen şu günler Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaýanlaryň edýän işleriniň nähili meňzeşligi bar?

22 Asyrlaryň dowamynda Ýehowa aýypsyzlygyny saklan adamlara köp sanly ýumuşlary tabşyrdy. Nuh gämi gurdy we «dogrulyk wagyzçysy» boldy (2 Pet. 2:5). Ýeşuw ysraýyl halkyny Wada edilen diýara girizdi. Ol «kanun kitabyny... gije-gündiz» okap, şoňa görä ýaşandygy üçin üstünlik gazandy (Ýeşuw 1:7, 8). I asyrda ýaşan mesihçiler bolsa şägirt taýýarlap, Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin yzygiderli duşuşýardylar (Mat. 28:19, 20).

23 Biz hoş habary wagyz edip, şägirt taýýarlap, Mukaddes Ýazgylaryň maslahatyna eýerip, ýygnaga we kongreslere gatnaşyp, Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaýarys hem-de aýypsyzlygymyzy saklaýarys. Şeýle işler bize batyrgaý bolmaga, ruhy taýdan berkemäge we Hudaýyň islegini üstünlikli berjaý etmäge kömek edýär. Hudaýyň islegini berjaý etmek we aýypsyzlygymyzy saklamak kyn däl, çünki bize gökdäki Atamyz hem-de onuň Ogly ýardam berýär (Kan. tag. 30:11—14; 1 Pat. 8:57). Galyberse-de, bizi bütin dünýäde ýaşaýan doganlarymyz goldaýar. Olar hem aýypsyzlykda gezýärler we Ýehowany Älemiň Hökümdary hasaplaýarlar (1 Pet. 2:17).

a Mukaddes Ýazgylarda «aýypsyz» diýip terjime edilýän söz köplenç «Hudaýa wepaly» diýmekligi aňladýar. Şeýle adam Hudaýyň öňünde ýazyksyz we dogruçyl bolýar.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Biz Ýehowanyň ahlak kadalaryna nähili garamaly?

• Sen Eýýubyň haýsy häsiýetlerini haladyň?

• Eýýup 31:29—37-nji aýatlara laýyklykda, Eýýup özüni nähili alyp bardy?

• Biz näme üçin Hudaýyň öňünde aýypsyz galyp bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş