Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/12 sah. 11—15
  • Häzir amatly wagt

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Häzir amatly wagt
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Häzir amatly wagtdyr
  • «Boş ýere kabul etmäň»
  • «Ruhda hyjuwly boluň»
  • Hudaýyň merhemeti baradaky hoş habary wagyz ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • «Ruhda hyjuwly boluň»
    Hudaýa gullugymyz — 2009
  • «Ruhda hyjuwly boluň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Siz «ýagşylyk etmäge yhlaslymy»?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/12 sah. 11—15

Häzir amatly wagt

«Ine, indi şu amatly wagtdyr, ine, indi şu gutulyş günüdir». (2 KOR. 6:2)

1. Biz näme üçin her zadyň edilmeli wagtyny bilmeli?

«HER zadyň öz wagty bar, gök astynda her işiň öz wagty bar» (Wag. 3:1). Süleýman patyşanyň aýdan bu sözleri her bir wajyp işi öz wagtynda etmegiň zerurdygyny nygtaýar. Meselem, ekin ekmegiň, syýahat etmegiň, zähmet çekmegiň, gürrüňdeş bolmagyň öz wagty bar. Biz-de haýsy işiň wajypdygyny bilip, ony öz wagtynda etmeli. Başgaça aýdanyňda, biz iň möhüm zatlara göz ýetirmeli.

2. Isa nähili döwürde ýaşaýandygyna düşünýärdimi?

2 Isa ýer ýüzünde gulluk edende, özüniň nähili döwürde ýaşaýandygyny we haýsy işi etmelidigini gowy bilýärdi. Ol Mesih baradaky pygamberlikleriň köpüsiniň ýerine ýetmegine sabyrsyzlyk bilen garaşylýan döwürde ýaşaýandygyna düşünýärdi (1 Pet. 1:11; Ylh. 19:10). Şol sebäpli ol adamlaryň Mesihiň kimdigini anyk biler ýaly işleri etmelidi. Ol Patyşalyk baradaky habary ýaýratmalydy, özi bilen gökde höküm sürjek adamlary ýygnamalydy. Şeýle-de ol bu dünýäniň soňy gelýänçä, hoş habary wagyz etjek we şägirt taýýarlajak mesihi ýygnagyň düýbüni tutmalydy (Mar. 1:15).

3. Isa nähili döwürde ýaşaýandygyna düşünip näme etdi?

3 Isa nähili döwürde ýaşaýandygyna düşünip, Atasynyň islegini yhlasly berjaý etdi. Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Hasyl bol, ýöne işgär az. Hasyly ýygmaga işgär iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň» (Luka 10:2; Mal. 4:5, 6). Ol ilki 12, soňra 70 şägirdi saýlady we olara nesihat berip: «Gökleriň Patyşalygy golaýlady» diýip, tolgundyryjy habary wagyz etmegi tabşyrdy. Biz Isa barada şeýle sözleri okaýarys: «Isa on iki şägirdine öwüt-nesihat berip bolanyndan soň, ol ýerden olaryň şäherlerine ders bermäge, wagyz etmäge gitdi» (Mat. 10:5—7; 11:1; Luka 10:1).

4. Pawlus Isa Mesihiň göreldesine nädip eýerdi?

4 Isa ähli şägirtlerine yhlasly we wepaly bolmakda kämil görelde galdyrdy. Pawlus resul hem imandaşlaryna: «Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz hem menden görelde alyň» diýip ýazdy (1 Kor. 11:1). Pawlus Mesihden nädip görelde aldy? Ol, esasanam, wagyz işinde Isanyň göreldesine eýerdi. Pawlus ýygnaklara hat ýazanda şeýle sözleri ulandy: «gaýratyňyz gowşamasyn», «Rebbe hyzmat ediň», «Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň», «her näme etseňiz-de... Reb üçin ýürekden işläň» (Rim. 12:11; 1 Kor. 15:58; Kol. 3:24). Pawlus Şama barýarka bolan wakany we Isanyň Hananýa şägirde aýdan sözlerini hiç haçan unutmady. Isa şeýle diýipdi: «Bu adam milletleriň, patyşalaryň we Ysraýyl ogullarynyň öňünde Meniň adymy götermek üçin saýlanan guraldyr» (Res. iş. 9:15; Rim. 1:1, 5; Gal. 1:16).

Häzir amatly wagtdyr

5. Pawlus näme üçin yhlasly wagyz edýärdi?

5 Resullaryň işleri kitabyndan Pawlusyň batyrgaýlyk we yhlasly wagyz edendigi aýdyň görünýär (Res. iş. 13:9, 10; 17:16, 17; 18:5). Pawlus nähili döwürde ýaşaýandygyny bilýärdi. Ol: «Ine, indi şu amatly wagtdyr, ine, indi şu gutulyş günüdir» diýdi (2 Kor. 6:2). Babyla sürgün edilen ýehudylar üçin öýüne dolanmaly amatly wagt b. e. öň 537-nji ýyldy (Iş. 49:8, 9). Ýöne Pawlusyň aýdan sözleri kime degişli? Bu hatyň başga baplary Pawlusyň nämäni göz öňünde tutandygyny bilmäge kömek edýär.

6, 7. Şu günler mesh edilen mesihçilere nähili uly hormat berlen we olara kim kömek edýär?

6 Pawlus hatynda özüne we mesh edilen imandaşlaryna Hudaýyň beren uly hormaty barada ýazýar (2 Korintoslylar 5:18—20-nji aýatlary okaň). Olar «ýaraşdyrma gullugyny» berjaý etmäge, ýagny adamlary «Hudaý bilen ýaraşdyrmaga» çagyryldy. Diýmek, olar adamlara Hudaý bilen dostlugyny, ýagny gatnaşygyny dikeltmäge kömek etmelidi.

7 Erem bagynda bolan pitne sebäpli ähli adamzat Ýehowadan daşlaşdy (Rim. 3:10, 23). Şol sebäpli adamlar ruhy garaňkylykda ýaşaýarlar, horluk çekýärler we dünýäden ötýärler. Pawlus şeýle diýdi: «Biz bütin ýaradylyşyň şu wagta çenli birlikde ah çekip, birlikde burgusynyň tutup ýatanyny bilýäris» (Rim. 8:22). Emma Hudaý adamlara «ýalbaryp», olaryň dolanmagynyň, ýagny Özi bilen ýaraşmagynyň aladasyny etdi. Hudaý bu gullugy Pawlusa we onuň mesh edilen imandaşlaryna ynanypdy. Şol «amatly wagt» Isa iman eden adamlar üçin «gutulyş güni» bolup bilerdi. Şu günler mesh edilen mesihçiler we olara kömek edýän «başga goýunlar» adamlary şol «amatly wagtdan» peýdalanmaga çagyrýarlar (Ýahýa 10:16).

8. «Ýaraşyň» diýen çakylyk näme üçin geň galdyrýar?

8 «Ýaraşyň» diýen çakylyk örän geň galdyrýar. Sebäbi Erem bagynda ynsanyň özi pitne turzup, Hudaý bilen gatnaşygyny bozdy. Muňa garamazdan, ýaraşmak üçin ilki adamlar däl-de, Hudaý elini uzatdy (1 Ýahýa 4:10, 19). Ol munuň üçin näme etdi? Pawlus şeýle jogap berýär: «Hudaý dünýäni Özi bilen Mesihde ýaraşdyrdy, ýazyklaryny hasaba alman, bize ýaraşdyrma sözüni berdi» (2 Kor. 5:19; Iş. 55:6).

9. Pawlus Hudaýyň rehimdarlygyna nädip minnetdarlygyny bildirdi?

9 Ýehowa Isa Mesihiň töleg gurbanyna iman eden adamlaryň ýazyklaryny bagyşlaýar we olar bilen dostlugyny dikeldýär. Şeýle-de ol özüniň ilçilerini iberip, wagt barka ähli adamlara özi bilen ýaraşmaga mümkinçilik berýär (1 Timoteos 2:3—6-njy aýatlary okaň). Pawlus Hudaýyň niýetine we nähili döwürde ýaşaýandygyna düşünýärdi, şol sebäpli «ýaraşdyrma gullugy» üçin ýadaman zähmet çekdi. Ýehowanyň islegi häzirem üýtgemedi. Ol bize-de elini uzadýar. Pawlus: «Ine, indi şu amatly wagtdyr, ine, indi şu gutulyş günüdir» diýip, bize-de ýüzlenýär. Ýehowa, gör, nähili merhemetli we rehimdar Hudaý! (Müs. çyk. 34:6, 7).

«Boş ýere kabul etmäň»

10. Mesh edilen mesihçiler «gutulyş gününde» näme edýärler?

10 Hudaý bilen ýaraşmak mümkinçiligi ilki «Mesihe bagly» adamlara berildi (2 Kor. 5:17, 18). Olar üçin «gutulyş güni» b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni başlandy. Şonda olara «ýaraşdyrma sözüni» yglan etmek tabşyryldy. Şu günler «ýaraşdyrma gullugyny» mesh edilen mesihçileriň galyndysy ýerine ýetirýär. Olar Ýahýa resulyň gören görnüşindäki dört perişdäniň «ýer ýüzüne... öwüsmesin diýip, ýeriň dört ýelini saklap durandygyna» düşünýärler. Görşümiz ýaly, «gutulyş güni» üçin häzir has-da «amatly wagtdyr» (Ylh. 7:1—3). XX asyryň başlaryndan bäri mesh edilen mesihçileriň galyndysy «ýaraşdyrma gullugyny» yhlasly berjaý edip, ýeriň ähli künjeginde wagyz edýärler.

11, 12. XX asyryň başlarynda mesh edilen mesihçiler nähili döwürde ýaşaýandygyna düşünýärdilermi?

11 «Ýehowanyň Güwäçileri — Hudaýyň Patyşalygynyň wagyzçylary» (rus.) diýen kitaba görä, XX asyryň başlarynda «Ç. T. Rassel we onuň egindeşleri hasyl ýygymy döwründe ýaşaýandygyna hem-de azat edýän hakykaty adamlaryň eşitmelidigine berk ynanýardylar». Hawa, bu doganlar hasyl ýygymy döwründe, ýagny «amatly wagtda» ýaşaýandygyna düşünip, adamlary diňe bir dini ýygnanyşyklara çagyrmak bilen çäklenmediler. Hristian dünýäsiniň ruhanylary köpden bäri şeýle edýärdiler. Mesh edilen mesihçiler bolsa, hoş habary dürli ýollar bilen wagyz etmäge çalyşýardylar. Meselem, olar işiň ilerlemegi üçin iň täze tehnikany paýhasly ulandylar.

12 Yhlasly wagyzçylaryň kiçi topary kitapçalar, broşýuralar, žurnallar we kitaplar arkaly hoş habary ýaýradýardylar. Şeýle-de olar ýörite makalalar ýazyp, müňlerçe gazetlerde çap etdirýärdiler. Milli we halkara radioýaýlymlarynda Mukaddes Ýazgylara esaslanan gepleşikler bilen çykyş edýärdiler. Olar hereketli şekilleri ses bilen baglanyşdyryp, film taýýarlap görkezýärdiler. Şol döwürde hatda kinoçylar hem sesli şekilleri köpçülige görkezip bilmeýärdiler. Şeýle yhlasly gulluk nähili netije berdi? Häzir «Hudaý bilen ýaraşyň» çakylygyna ýedi milliondan gowrak adam seslenip, olar hem hoş habary wagyz etmäge goşuldylar. Hawa, Ýehowanyň irki gullukçylary kynçylyklara garamazdan, yhlasly wagyz edip, ajaýyp görelde galdyrdylar.

13. Biz nämä çynlakaý garamaly?

13 Pawlusyň: «Ine, indi şu amatly wagtdyr» diýen sözleri häzir hem ähmiýetli. Biz «Hudaý bilen ýaraşyň» diýen çakylygy kabul edip, Ýehowanyň merhemetini dadyp gördük. Şol sebäpli biz Pawlusyň: «Hudaýyň merhemetini boş ýere kabul etmäň diýip ýalbarýarys» diýen sözlerine çynlakaý garaýarys (2 Kor. 6:1). Hudaý merhemeti bilen Mesih arkaly «dünýäni Özi bilen» ýaraşdyrmak isleýär (2 Kor. 5:19).

14. Köp ýurtlarda hoş habara nähili seslenýärler?

14 Şeýtan köp adamlaryň akyllaryny küteltdi. Şol sebäpli olar Ýehowadan daşlaşyp, Hudaýyň merhemeti barada bilmeýärler (2 Kor. 4:3, 4; 1 Ýahýa 5:19). Emma köp adamlar durmuşyň kynlaşýandygyny görüp, hoş habara seslenýärler, çünki olar adamzadyň hudaýsyzlyk sebäpli horluk çekýändigine göz ýetirdiler. Hatda wagyz işine köplenç biperwaý garaýan ýurtlarda-da häzir köp adamlar hoş habary kabul edip, Hudaý bilen ýaraşýarlar. Eýsem, biz «Hudaý bilen ýaraşyň» diýen çakylygy has-da yhlasly ýaýratmagyň wagtydygyna düşünýärismi?

15. Biz adamlaryň eşidesi gelýän zatlaryny däl-de, näme barada wagyz edýäris?

15 Biz wagyzda adamlara Hudaý bilen ýaraşsalar, ähli kynçylyklary çözülip, gowy ýaşajakdygy barada aýtmaýarys. Adamlar köplenç dini ýolbaşçylaryň ýanyna şeýle sözleri eşitmek üçin barýarlar. Olar hem adamlaryň eşidesi gelýän zatlaryny aýdýarlar (2 Timoteos 4:3, 4-nji aýatlary okaň). Emma bizde beýle maksat ýok. Biziň wagyz edýän hoş habarymyz şundan ybarat: Ýehowa Hudaý adamlary söýýändigi üçin, olaryň ýazyklaryny Mesih arkaly bagyşlamak isleýär. Şeýlelikde, her bir adam Hudaýa ýakynlaşyp, onuň bilen ýaraşyp bilýär (Rim. 5:10; 8:32). Emma «amatly wagtyň» möwriti dolup gelýär.

«Ruhda hyjuwly boluň»

16. Pawlus resula batyrgaý hem yhlasly bolmaga näme kömek etdi?

16 Biz hakyky seždä nädip hemişe yhlasly ýapyşyp bileris? Käbir wagyzçylar çekinjeň. Olara wagyzda adamlar bilen gürrüňe başlamak kyn bolýar. Ýöne ýadyňyzda bolsun, adamyň yhlasyny daşyndan görüp bolmaýar; ol adamyň gylyk-häsiýetine-de bagly däl. Pawlus imandaşlaryna: «Ruhda hyjuwly boluň» diýmek bilen, yhlasyň nämä baglydygyny görkezdi (Rim. 12:11). Pawlus resula wagyzda batyrgaý hem çydamly bolmaga Ýehowanyň ruhy köp kömek etdi. Isa tarapyndan çagyrylandan tä soňky sapar tussag edilip, Rimde jebir çekip ölýänçä, ýagny 30 ýyldan gowrak wagt geçse-de, Pawlusyň yhlasy sowamady. Ol hemişe Hudaýa bil baglaýardy. Ýehowa-da Pawlusa kynçylyklara döz gelmäge mukaddes ruhy arkaly güýç berýärdi. Ol: «Özümi güýçlendirýän Mesih arkaly her zady etmegi başarýaryn» diýdi (Flp. 4:13). Biz hem onuň göreldesine eýersek, nähili gowy bolar!

17. Biz «ruhda hyjuwly bolmak» üçin näme edip bileris?

17 Pawlus resul Rimliler 12:11-de «gaýnamak» diýip terjime edilýän grek sözüni ulanýar. Gaýnap duran suw ýaly, biz hem hemişe joşgunly bolmaly. Şonuň ýaly-da, «ruhda hyjuwly bolmak» üçin bize hemişe Hudaýyň ruhy täsir etmeli. Munuň üçin biz Ýehowanyň ruhy taýdan berk bolmagymyz üçin berýän ähli zadyny ulanmaly. Bu maşgala okuwyna we ýygnak duşuşyklaryna çynlakaý garamalydygyny görkezýär, ýagny hemişe doga etmeli, şahsy hem maşgala okuwyny yzygiderli geçirmeli hem-de ýygnak duşuşyklaryna doly gatnaşmaly. Bu bize hemişe «gaýnap durar» ýaly «odumyzyň» sönmezligine, ýagny «ruhda hyjuwly bolmaga» kömek eder (Resullaryň işleri 4:20; 18:25-nji aýatlary okaň).

18. Mesihçiler nämäni unutmaly däl?

18 Özüni Ýehowa bagyş eden adam goýan maksadyny unutmaýar; ol maksadyna ýetmek üçin göreşýär we aňsat ruhdan düşmeýär. Biz, mesihçiler, Isadan görelde alyp, nähili ýagdaý bolaýanda-da, Ýehowanyň islegini berjaý etmeli (Ýew. 10:7). Şu günler Ýehowa köp adamlaryň Özi bilen ýaraşmagyny isleýär. Şol sebäpli, geliň, Isanyň we Pawlusyň göreldesine eýerip, şu günler iň wajyp hem gyssagly işe yhlasly ýapyşalyň!

Ýadyňyzdamy?

• Pawlusa we beýleki mesh edilen mesihçilere näme ynanyldy?

• Mesh edilenleriň galyndysy «amatly wagtdan» nädip peýdalanýarlar?

• Mesihçiler nädip «ruhda hyjuwly bolup» bilerler?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş