Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/5 sah. 13
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Meňzeş maglumat
  • Şuny bilýäňizmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Bigünä patyşa pürse çüýlenýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Ýadyňyzdamy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/5 sah. 13

Okyjylaryň sowallary

Ysraýyllylar jenaýatçylary pürse çüýläp, jeza berýärdimi?

Gadymy döwürde köp halklar käbir jenaýatçylary pürsden ýa-da agaçdan asyp öldürýärdiler. Rimliler jenaýatçyny pürse daňýardylar ýa-da çüýleýärdiler. Şeýle jeza berlende, adam ölmezinden öň birnäçe günläp, agyry duýup, suwsap, ajygyp we erbet howa döz gelip, ejir çekip ölýärdi. Rimliler sada halkdan bolan jenaýatçylary pürse çüýläp jeza bermegi, masgaralamak hasaplaýardy.

Ysraýyllylar hem jenaýatçyny pürse çüýläp, jeza berýärdimi? Töwratda: «Eger biri jenaýat edip, ölüm jezasyna höküm edilse we öldürilse, siz ony agaçdan assaňyz, onuň jesedini agaçdan uzak gije asyp goýmaň» diýilýär (Kan. tag. 21:22, 23, TD). Görşümiz ýaly, şol döwürde ölüm jezasy berlen adamy ilki öldürip, soňra pürsden ýa-da agaçdan asan bolmaklary mümkin.

Lewiler 20:2-de şeýle diýilýär: «Ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden kimdir biri öz perzentlerinden birini, Molek buta bagyş etse, ol adam öldürilsin. Ýurduň halky ony daşlap öldürsin». Şeýle-de «jadygöýler we palçylar» daşlanyp öldürilýärdi (Lew. 20:27).

Kanun taglymaty 22:23, 24-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Eger bir boý gyz birine adaglanan bolsa, başga bir adam galada bu gyza duşup, oňa ýanaşsa, olaryň ikisini hem galanyň derwezesiniň ýanyna getirip, daşlap öldüriň. Bu gyz galada bolubam, kömek sorap gygyrmandygy üçin, ol adam bolsa öz ysraýyl doganynyň gelinligini zorlandygy üçin öldüriň. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň». Gadymy döwürde ysraýyllylar köplenç zalym jenaýatçylary daşlap öldürýärdilera.

Görşümiz ýaly, şol döwürde ölüm jezasy berlen adamy ilki öldürip, soňra pürsden ýa-da agaçdan asan bolmaklary mümkin.

Kanun taglymaty 21:23-de «agaçdan asylan adam Hudaý tarapyndan näletlenendir» diýilýär. Adamlaryň öňünde «Hudaý tarapyndan näletlenen» jenaýatçynyň jesediniň asylmagy ysraýyllylara sapak bolmalydy.

a Köp alymlar Musanyň kanunyna görä, jenaýatçyny ilki öldürip, soňra pürse çüýländiklerini aýdýarlar. Emma I asyrda ýewreýler käbir jenaýatçylary diriligine pürse asyp, soňra öldüren bolmaly.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş