Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/6 sah. 32
  • Ýadyňyzdamy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýadyňyzdamy?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Ýazgylary yrym edip okamakdan ägä boluň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Hiç zat sizi Ýehowadan daşlaşdyrmasyn
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Ýadyňyzdamy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/6 sah. 32

Ýadyňyzdamy?

Siz «Garawul diňi» žurnalynyň soňky sanlaryny ünsli okadyňyzmy? Onda aşakdaky soraglara jogap bermäge synanyşyň

Mesihçiler Mukaddes Ýazgylary yrym edip, ýagny ony açyp, ilkinji göze ilen ýerini okamaklyga nähili garamaly?

Käbir adamlar Mukaddes Ýazgylary açyp, gözüňe düşen ilkinji aýady okasaň, näme etmelidigini bilip bolýar diýýärler. Emma mesihçiler şeýle «alamatlary» gözlemeýärler we beýle zatlara yrym etmeýärler. Gaýtam, olar Ýazgylary çuňňur öwrenip, dogry bilimi we Hudaýyň görkezmesini alýarlar (15.12. sahypa 3).

Mesihçi nädip ýüreginiň ýagdaýyny barlap biler?

Munuň üçin Mukaddes Ýazgylary okamaly we oýlanmaly. Şeýle-de biz Ýehowa doga etmeli, sebäbi Ol ýürekleri barlaýan Hudaýdyr. Munuň ýene-de bir usuly — ýygnak duşuşyklarynda aýdylýan zatlary ünsli diňlemeli, çünki ol ýerde Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine we ýüregimiziň niýetlerine gowy düşünmäge mümkinçilik döreýär. Dogan-uýalarymyzyň berýän jogaplary-da ynsabymyzy arassalamaga kömek edýär (15.2. sahypa 22, 23).

Maşgala gurmak islemeýänlere bu duýgy gudrat arkaly berilýärmi? (Mat. 19:10—12)

Ýok. Mesihçiler bu duýgy bilen dogulmaýarlar ýa-da ony gudrat arkaly almaýarlar. Gaýtam, bu sylagy gazanmak üçin özlerinde şol islegi ösdürmäge jan edýärler. Olar muny Patyşalyk işlerine has köp goşant goşmak üçin edýärler (15.11. sahypa 20).

Biz haýsy zatlara özümizi Hudaýdan daşlaşdyrmaga ýol bermeli däl?

Olar: iş ýa-da wezipä kowalaşmak, saýlaýan göwün açmalarymyz we dynç alşymyz, ýygnak gatnaşygyndan kesilen garyndaşymyz bilen gatnaşmagymyz, tehniki serişdeler, saglygymyz baradaky aladalar, pula bolan ters garaýyş hem-de özümizi başgalardan ýokary tutmaklyk (15.1. sahypa 12—21).

Ýehowa haýsy manyda ökünýär? (Gel. çyk. 6:6, 7)

Ýehowa hiç haçan ýalňyşmaýar we öküner ýaly iş etmeýär. Emma ýewreý dilinde «ökünmek» sözi öz pikiriňi ýa-da kararyňy üýtgetmekligi aňladýar (15.1. sahypa 25).

Haýsy ýagdaýlarda rehimdarlyk bildirmek ýerliksiz?

Eger adam kesirlik bilen günä etse we Ýehowanyň adyl ýollaryna bilgeşleýin garşy çyksa, onda oňa rehim etmek nädogry bolardy. Şeýle adam temmi berilmäge mynasypdyr. Hudaýyň islegine garşy gelýän ýagdaýlarda adamlaryň täsirine düşüp, rehimdarlyk bildirilse, munuň netijesi erbet bolup biler (15.11. sahypa 9).

Haýsy manyda ysraýyl halkynyň «ýüregi sünnetsizdi»? (Ýer. 9:26)

Olar kesirlik bilen Hudaýa garşy çykýardylar. Şol sebäpli ysraýyllylar ýüregini zaýalaýan pikirleri, duýgulary hem-de Hudaýyň pikirlerine we duýgularyna garşy gelýän zatlary sogrup taşlamalydylar (Ýer. 5:23, 24) (15.3. sahypa 9, 10).

Hakyky üstünlik nämä bagly we nämä bagly däl?

Hakyky üstünlik bu dünýäde eden uly işlerimize ýa-da eýeleýän wezipämize bagly däl. Bu ýygnakda berlen jogapkärçilik bilen hem ölçenmeýär. Emma Hudaýa wepaly gulluk edip, «ýagşy işlere baý bolsak», hakyky üstünligi gazandyk diýse bolar (1 Tim. 6:17—19) (15.12. sahypa 8).

Ýehowanyň guramasynyň ýerdäki bölegine nämeler degişli?

Oňa Ýolbaşçylyk maslahaty, filiallaryň komitetleri, aýlanýan gözegçiler, ýaşulular maslahatlary, ýygnaklar we her bir wagyzçy degişli (15.4. sahypa 29, 30).

Ysraýyllylar jenaýatçylary pürse çüýläp jezalandyrýardylarmy?

Ýok. Gadymy döwürde muny ysraýyllylar däl-de, başga halklar edýärdi. Ýewreý Ýazgylarynyň ýazylan döwründen jenaýat iş edenleri ilki bilen öldürýärdiler, meselem, daşlaýardylar (Lew. 20:2, 27). Soňra bolsa, başgalara duýduryş hökmünde, jenaýatçynyň jesedini pürse çüýleýärdiler (15.5. sahypa 13).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş