Ýaşulular, siz göwni synyklary ruhlandyrarsyňyzmy?
30 ýaşlaryndaky durmuşa çykmadyk Anželaa atly uýa az-owlak biynjalyk bolýar. Sebäbi ol ýaşuly doganlar bilen görüşmeli. Olar Anžela näme diýerlerkä? Uýamyz uzakly gün gartaşan adamlaryň aladasyny edip, işden soň örän ýadaýar, şol sebäpli-de birnäçe gezek duşuşyga barmaýar. Ondan daşary Anžela her gün öz ejesiniň hem saglygy barada alada etmeli.
Eger Anželany ideg etmäge giden bolsadyňyz, onda siz onuň «argyn janyna» nädip dynçlyk bererdiňiz? (Ýer. 31:25) Çopançylyk idegi ruhlandyryjy bolar ýaly, ilki bilen, siz oňa nädip taýýarlanmaly?
DOGAN-UÝALARYŇ ÝAGDAÝLARY BARADA OÝLANYŇ
Käte biz işimiz ýa-da ýygnakdaky jogapkärçiligimiz sebäpli ýadaýandyrys. Meselem, Danyýel pygamber gören görnüşiniň manysyna düşünmändigi sebäpli «takatdan düşdi» (Dan. 8:27). Jebraýyl perişde gelip, oňa kömek edýär, ýagny Danyýeliň gören zatlaryny düşündirýär we Ýehowanyň onuň eden dogalaryny eşidendigini ynandyryp, pygamberiň entegem «juda söýülýändigini» aýdýar (Dan. 9:21—23). Bu wakadan soň, başga bir perişde halys ýadan Danyýele hoşamaý sözleri aýdyp, oňa güýç berýär (Dan. 10:19).
Şonuň ýaly-da, tapdan düşen ýa-da lapykeç bolan imandaşyňy ideg etmekçi bolsaň, öňürti onuň ýagdaýlary barada oýlanmak üçin wagt sarp ediň. Ol nähili kynçylyklara duş gelýär? Şol kynçylyklar ony nädip tapdan düşürýär? Onuň nähili gowy häsiýetleri bar? 20 ýyldan gowrak ýaşuly bolup gulluk edýän Riçard atly dogan şeýle diýýär: «Men imandaşlarymyň gowy häsiýetlerine üns berýärin. Olary ideg etmezden öň, men olaryň ýagdaýlary hakda çuňňur oýlanýaryn. Şonda olary nädip ruhlandyrmalydygyny bilmek maňa aňsat bolýar». Eger siziň bilen ýene-de bir ýaşuly gitmekçi bolsa, onda imandaşyňyzyň ýagdaýlary barada ikiňiz bile oýlanyp görseňiz gowy bolmazmy?
DOGAN-UÝALAR ÖZÜNI RAHAT DUÝAR ÝALY EDIŇ
Megerem, siz kimdir birine içki duýgularyň barada aýtmak aňsat bolmaýandygy bilen ylalaşarsyňyz. Aýdaly, siz çopançylyk idegini etmäge barýarsyňyz, imandaşymyza bolsa ýüregini dökmek kyn bolýar. Şeýle ýagdaýda dogan-uýalar özüni rahat duýar ýaly näme edip bilersiňiz? Siziň güler ýüzüňiz we hoşamaý sözleriňiz olara gowy täsir edip biler. 40 ýyldan gowrak ýaşuly bolup gulluk edýän Maýkl atly dogan gürrüňdeşligi köplenç şeýle sözler bilen başlaýar: «Bilýäňmi, dogan-uýalaryň öýüne baryp ideg etmek we olar bilen has ýakyndan tanyşmak — bu ýaşulular üçin uly hormat. Şol sebäpli men seniň bilen görüşmäge sabyrsyzlyk bilen garaşdym».
Ähtimal, siz gürrüňdeşlige başlamazdan öň ýürekden doga etmek islärsiňiz. Pawlus resul öz dogasynda dogan-uýalaryň imanyny, söýgüsini we çydamlylygyny belläp geçdi (1 Sel. 1:2, 3). Imandaşymyzyň gowy häsiýetlerine nähili garaýandygyňyzy aýdyň görkezseňiz, siz hem özüňiziň, hem doganymyzyň ýüregini abatlaýjy gürrüňdeşlige taýýarlarsyňyz. Şeýle-de siziň aýdýan sözleriňiz imandaşymyzy rahatlandyryp biler. Reý atly tejribeli ýaşuly şeýle diýýär: «Käte biziň hemmämiz eden gowy işlerimizi ýatdan çykarýarys. Emma kimdir biri olary ýatladanda, bu biziň göwnümizi göterýär».
RUHY PIKIRLER BILEN PAÝLAŞYŇ
Siz hem Pawlus ýaly Ýazgylardan bir pikiri aýdyp, «ruhy sylag» bilen paýlaşyp bilersiňiz (Rim. 1:11). Meselem, mezmurçynyň özüni «tüsseden garalan meşik» kimin duýşy ýaly, göwnüçökgünlige uçran dogan hem özüni gereksiz duýmagy mümkin (Zeb. 119:83, 176). «Tüsseden garalan meşik» diýlen jümläniň şol döwürde näme aňladandygyny gysgaça düşündirseňiz, siz doganymyzyň Hudaýyň «tabşyryklaryny unutmandygyna» ynanýandygyňyzy görkezersiňiz.
Şeýle-de ýitirilen kümüş pul baradaky mysaly ulansaňyz, bu ýygnakdan daşlaşan we ruhy taýdan gowşan uýamyzyň ýüregine täsir etmezmi? (Luka 15:8—10). Belki-de, şol ýiten kümüş gymmat bahaly şaý-sepiň bir bölegi bolandyr. Şol tymsal barada gürrüňdeş bolsaňyz, bu megerem, uýamyza özüniň mesihi ýygnagynyň wajyp agzasydygyna düşünmäge kömek eder. Gürrüňdeşlikden soň, siz Ýehowanyň uýamyz hakda edil kiçijik guzusyna gözegçilik edişi ýaly alada edýändigini belläp geçip bilersiňiz.
Adatça, dogan-uýalarymyz Mukaddes Ýazgylardan okan zatlary barada gürrüň etmegi gowy görýärler. Şonuň üçin diňe özüňiz geplemäň! Olaryň ýagdaýyna gabat gelýän aýady okanyňyzdan soňra, esasy sözi belläp geçiň we ol hakda imandaşymyzyň pikirini soraň. Meselem, ýygnak ýaşulusy 2 Korintoslylar 4:16-ny okap, imandaşymyza şeýle sorag berip biler: «Ýehowa saňa haýsy ýagdaýlarda täzelenmäge kömek etdi?» Bu size gürrüňdeşlikden «bilelikde teselli tapmaga» ýardam eder (Rim. 1:12).
Şeýle-de siz doganyň ýa-da uýanyň ýagdaýyna gabat gelýän Mukaddes Ýazgylardaky kimdir biriniň mysalyny ulanyp, ony ruhlandyryp bilersiňiz. Göwnüçökgünlige uçran dogan-uýalar üçin Hanna (Anna) ýa-da Epafrodit ýaly adamlaryň mysalyny getirse bolar. Olaram göwnüçökgünlige uçrapdylar, emma Hudaýyň nazarynda olaryň gymmaty gaçmandy (1 Şam. 1:9—11, 20; Flp. 2:25—30). Mukaddes Ýazgylardaky şuňa meňzeş ajaýyp mysallary ulansak gowy bolmazmy?
KÖMEK ETMEGIŇIZI DOWAM EDIŇ
Siz dogan-uýalara kömek etmegi dowam etseňiz, olaryň ýürekden aladasyny edýändigiňizi görkezersiňiz (Res. iş. 15:36). Çopançylyk ideginden soň, belki-de, siz onuň bilen wagza belleşersiňiz. Bernard atly tejribeli ýaşuly ýaňy ýakynda ideg eden imandaşyna duşanda, ondan berlen maslahat barada sypaýylyk bilen şeýle soraýar: «Saňa berlen maslahat gowy kömek etdimi?» Şeýdip, içgin gyzyklansaňyz, bu size imandaşymyza ýene nähili kömegiň gerekdigini bilmäge ýardam eder.
Şu günler dogan-uýalar özleriniň aladasynyň edilmegini, ýagdaýyna düşünilmegini we söýülmegini has-da isleýär (1 Sel. 5:11). Şol sebäpli çopançylyk idegini etmezden öň, ilki bilen, imandaşymyzyň ýagdaýy hakda oýlanmaga wagt sarp ediň. Bu barada doga ediň. Onuň ýagdaýyna gabat gelýän aýady saýlaň. Şonda siz «argyn jana dynçlyk» berer ýaly, gerekli söz taparsyňyz!
a Atlary üýtgedildi.