Ruhy taýdan gowşamalyň
«Ýagşylyk etmekden ýadamalyň». GAL. 6:9
1, 2. Ýehowanyň gökdäki we ýerdäki guramasy hakda oýlanmaklyk nädip biziň Hudaýa bolan ynamymyzy berkidýär?
BIZ bütin Älem-jahanda ägirt uly guramanyň agzalarydygymyza diýseň guwanýarys. Ezekiýel kitabynyň 1-nji we Danyýel kitabynyň 7-nji baplaryndaky görnüşlerde Ýehowanyň öz islegini amala aşyrmak üçin ähli işlere ýolbaşçylyk edýändigi aýdyň suratlandyrylýar. Isa Ýehowanyň guramasynyň ýerdäki bölegine ýolbaşçylyk edip, ünsüni wagyz işine, oňa gatnaşýanlaryň ruhy taýdan aladasyny etmäge hem-de hakyky seždäni goldamaga gönükdirýär. Bu Ýehowanyň guramasyna bolan ynamymyzy, gör, nähili berkidýär! (Mat. 24:45).
2 Biziň her birimiz bu ajaýyp gurama bilen deň ýöreýärismi? Biziň ruhy zatlara bolan yhlasymyz öňküsinden-de artdymy ýa-da pese düşdi? Özümize bu soraglary berip, ähtimal biz ruhy taýdan gowşap başlandygymyzy ýa-da öňki ýaly yhlasly däldigimizi görýändiris. Bu bolup bilýän zat. Birinji asyrda Pawlus resul imandaşlaryny Isanyň göreldesi hakda oýlanmaga höweslendiripdi. Pawlusyň aýtmagyna görä, bu olara «aryp, ruhdan düşmezlige» kömek ederdi (Ýew. 12:3). Şonuň ýaly, geçen makaladan Ýehowanyň öz guramasy arkaly amala aşyrýan işlerini ünsli öwrenmegimiz, bize hem hakykatda berk durmaga we ruhy zatlara yhlasly bolmaga kömek etdi.
3. Biz ruhy taýdan gowşamaz ýaly näme etmeli we şu makalada biz nämä serederis?
3 Ýöne ruhy taýdan gowşamaz ýaly, Pawlus biziň başga-da bir zat etmelidigimizi aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, biz «ýagşylyk etmekden ýadamaly» däl (Gal. 6:9). Diýmek, biziň özümiz hem hereket etmeli. Şol sebäpli, geliň, biziň üns bermeli bäş zadymyza seredeliň. Olar bize ruhy taýdan berk bolup, Ýehowanyň guramasy bilen deň ýöremäge kömek eder. Olara seredensoň, özümiziň we maşgala agzalarymyzyň bu ugurlaryň haýsysyna has köp üns bermelidigimizi anyklajak bolalyň.
RUHLANMAK WE SEŽDE ETMEK ÜÇIN ÝYGNANYŞYŇ
4. Näme üçin ýygnak duşuşyklary hakyky seždäniň wajyp bölegi diýse bolar?
4 Bile ýygnanyşmak çäresi Ýehowanyň gullukçylary üçin hemişe örän wajyp hasaplanýardy. Gökde Ýehowa gerekli wagty perişdelerini ýanyna ýygnaýardy (1 Pat. 22:19; Eýýup 1:6; 2:1; Dan. 7:10). Gadymy döwürde ysraýyllylar «Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirmegi öwrenmek» üçin tutuş halk bolup ýygnanýardylar (Kan. tag. 31:10—12). Birinji asyrdaky ýehudylar hem Ýazgylary okamak üçin adat boýunça sinagogalarda ýygnanyşýardylar (Luka 4:16; Res. iş. 15:21). Ýehudylaryň şeýle ýygnanyşmagy mesihçi ýygnaklary döreýänçä dowam edipdi we bu ýygnaklar häzir hem Hudaýa sežde etmegiň wajyp bölegi hasaplanýar. Hakyky mesihçiler «birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrmak» isleýärler. Biziň ählimiz Ýehowanyň «gününiň golaýlaýanlygyny näçe görsek, şonça-da biri-birimizi ruhlandyrmagy» dowam etmeli (Ýew. 10:24, 25).
5. Biz ýygnak duşuşyklarynda birek-biregi nädip ruhlandyryp bileris?
5 Ýygnaklarda biri-birimizi ruhlandyrmagyň wajyp usuly — ondaky çärelere gatnaşmakdyr. Biz muny ýygnakda berilýän soraga jogap berip, Mukaddes Ýazgylardan okalan aýaty düşündirip we ondaky prinsipleriň paýhaslydygyny görkezýän bir mysaly gysgaça gürrüň berip ýa-da başga usullar bilen hem edip bileris (Zeb. 22:22; 40:9). Hawa, ýygnak duşuşyklaryna näçe ýyl bäri gatnaşýan bolsaňyz-da, gartaşan we ýaş dogan-uýalaryň ak ýürekden berýän jogaplary sizi ruhlandyrýan bolsa gerek.
6. Ýygnak duşuşyklary bize ruhy taýdan hyjuwly bolmaga nädip kömek edýär?
6 Ýehowa öz halkyna ýygnanyşmagy tabşyrandygynyň başga-da sebäpleri bar. Ýygnak duşuşyklary we kongresler bize hoş habary batyrgaýlyk bilen wagyz etmäge, şeýle-de garşylyklara we adamlaryň biperwaýlygyna döz gelmäge kömek edýär (Res. iş. 4:23, 31). Ýygnaklardaky Mukaddes Ýazgylara esaslanan gürrüňdeşlikler bize güýç berip, imanda berkidýär (Res. iş. 15:32; Rim. 1:11, 12). Ýehowa sežde etmek üçin ýygnanyşyp, biz tälim alýarys we ruhlanýarys. Bu bolsa, bize özümizi hakykatdan-da bagtly duýmaga we «ýamanlyk günlerinde... dynçlyk» tapmaga ýardam edýär (Zeb. 94:12, 13). Ýolbaşçylyk maslahatynyň Ýazyjylar komiteti Ýehowanyň halky üçin ruhy çäreleriň taýýarlanmagyna gözegçilik edýär. Her hepde geçirilýän ýygnaklarda peýdaly bilim almagymyz üçin taýýarlanylýan çärelere biz, gör, nähili minnetdar!
7, 8. a) Biziň ýygnak duşuşyklarymyzyň esasy maksady näme? b) Duşuşyklar saňa nädip ruhy taýdan kömek edýär?
7 Ýöne biz duşuşyklara diňe peýda almak üçin ýygnanyşmaýarys. Duşuşyklaryň iň esasy maksady — biz Ýehowa sežde edýäris (Zebur 95:6-ny okaň). Beýik Hudaýymyz Ýehowany şöhratlandyrmak biziň üçin, gör, nähili uly hormat! (Kol. 3:16). Ýygnaklara gelip, olara gatnaşmak bilen biz Ýehowa sežde edýäris. Elbetde, Ýehowa şeýle seždä mynasyp Hudaý (Ylh. 4:11). Şol sebäpli biz: «Käbirleriniň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagy goýmaň» diýlen duýduryşa eýermek isleýäris (Ýew. 10:25).
8 Ýehowa şu zalym dünýäni ýok edýänçä, mesihi ýygnaklaryň bize ýardam etmek üçin gurnalan çäredigine düşünýärismi? Eger düşünýän bolsak, onda biz ýygnaklary durmuşymyzda «iň ýokary zatlaryň» biri hasaplarys (Flp. 1:10, 11). Eger biz Ýehowa sežde etmek üçin ýygnaklara gelip bilmeýän bolsak, diýmek, munuň örän degerli sebäbi bolmaly.
AKÝÜREKLI ADAMLARY AGTARYŇ
9. Wagyz işiniň wajypdygyny biz nämeden bilýäris?
9 Wagza yhlasly gatnaşmaklyk hem bize Ýehowanyň guramasy bilen deň ýöremäge kömek edýär. Isa ýer ýüzüne gelende wagyz işini ýola goýupdy (Mat. 28:19, 20). Şondan bäri Ýehowanyň ýerdäki we gökdäki guramasynyň esasy maksady — Patyşalyk barada wagyz etmek hem-de şägirt taýýarlamak işi. Şu günler wagyzda bolup geçýän wakalar «ebedi ýaşaýyş üçin bellenenleri» halas etmek işini perişdeleriň goldaýandygyny we oňa ýolbaşçylyk edýändigini subut edýär (Res. iş. 13:48; Ylh. 14:6, 7). Häzir Ýehowanyň ýerdäki guramasy bu iň wajyp işi ýerine ýetirmek üçin guramaçylykly hereket edýär. Wagyz işi siziň hem durmuşyňyzda esasy orny eýeleýärmi?
10. a) Hakykata bolan yhlasymyz sowaşmaz ýaly biz näme edip bileris? Mysal getiriň. b) Wagyz işi saňa ruhy taýdan gowşamaz ýaly nädip kömek edýär?
10 Wagyzda yhlasly bolsak, bu bize hakykata hem yhlasly ýapyşmaga ýardam edýär. Köp wagt bäri ýygnak ýaşulusy we pioner bolup gulluk edýän Mitçel şeýle diýýär: «Men adamlara hakykat barada gürrüň bermegi örän gowy görýärin. Men her bir «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryndaky täze makalalar barada oý-pikire gidenimde, olardaky akyldarlyga, düşünjä we paýhasly maslahatlara haýran galýaryn. Men aýdýan zatlarymyň adamlara nähili täsir edişini göresim gelýär we olary hakykat bilen gyzyklandyrmak üçin tagalla edesim gelýär. Şonda mende wagza çykmaga isleg döreýär. Wagyz işi maňa ünsümi wajyp zada gönükdirmäge ýardam edýär. Men wagyz üçin goýan wagtymyň hiç bir bölegini başga zada sarp etmeýärin». Biz hem ünsümizi mukaddes gullugymyza gönükdirsek, bu bize zalym dünýäniň soňky günlerinde berk durmaga kömek eder (1 Korintoslylar 15:58-i okaň).
RUHY IÝMITLERDEN PEÝDALANYŇ
11. Biz Ýehowanyň taýýarlaýan ruhy iýmitlerinden näme üçin doly peýdalanmaly?
11 Ruhy taýdan berk bolmagymyz üçin Ýehowa bize çap edilen ruhy iýmitleri bolelinlik bilen berýär. Ähtimal, sen öň bir makalany okap, özüňe şeýle diýensiň: «Bu makala tüýs maňa degişli ekeni! Muny Ýehowa hut meniň üçin ýazan ýaly!» Bu tötänden bolýan zat däl. Ýehowa çap edilýän edebiýatlar arkaly görkezme berýär hem-de ýolbaşçylyk edýär. Sebäbi Ol: «Saňa görkezme bererin, ýörejek ýoluňy öwrederin; gözüm sende bolar» diýipdi (Zeb. 32:8). Biz taýýarlanylýan ähli ruhy iýmitleri kabul edip, ýagny okap, olar hakda oýlanýarysmy? Şeýle etsek, bu bize şu kyn günlerde ruhy taýdan gowşamazlyga we ruhy miweleri getirmäge kömek eder (Zebur 1:1—3; 35:28; 119:97-nji aýatlary okaň).
12. Taýýarlanylýan ruhy iýmitlere sowuk-sala garamaz ýaly bize näme kömek eder?
12 Biziň ruhy iýmiti yzygider alyp bilmegimiz üçin alnyp barylýan işlere ser salsak peýdaly bolar. Ýolbaşçylyk maslahatynyň Ýazyjylar komiteti edebiýatlary taýýarlamak üçin geçirilýän gözleglere, ýazuw, barlag, düzediş, surat taýýarlamak we terjime edip, çap etmek hem-de edebiýatlaryň Internet sahypamyza çykarmak işlerine gözegçilik edýär. Çap edýän filiallar edebiýatlary golaýdaky we uzak ýerlerdäki ýygnaklara ugradýar. Bu işleriň hemmesi näme üçin ýerine ýetirilýär? Elbetde, Ýehowanyň halky ruhy taýdan berk bolar ýaly (Iş. 65:13). Geliň, Ýehowanyň guramasynyň taýýarlaýan ruhy iýmitleriniň ählisinden peýdalanmaga jan edeliň (Zeb. 119:27).
ÝEHOWANYŇ GURAMASYNY GOLDAŇ
13, 14. Ýehowanyň alyp barýan işlerini gökde kim goldaýar we biz Onuň ýerdäki guramasyny goldaýandygymyzy nädip görkezip bileris?
13 Ýahýa resul görnüşde Ýehowa garşy çykanlary ýeňmek üçin ak ata münen Isany görýär (Ylh. 19:11—15). Isanyň ýanynda wepaly perişdeleriň we gökde ýaşamak sylagyny alan mesh edilen ýeňijileriň bardygyny bilmek biziň imanymyzy örän berkidýär! (Ylh. 2:26, 27). Olar Ýehowanyň alyp barýan işlerini goldamakda, gör, nähili ajaýyp görelde görkezýärler!
14 Şonuň ýaly, uly märeke hem Mesihiň entek ýerde gulluk edýän mesh edilen doganlarynyň alyp barýan işlerini we Hudaýyň sürüsine gözegçilik edýänleri ýürekden goldaýarlar (Zakarýa 8:23-i okaň)a. Biz Ýehowanyň alyp barýan işlerini goldaýandygymyzy nädip görkezip bileris? Munuň bir usuly — aramyzda ýolbaşçylyk edýän doganlara tabyn bolmak (Ýew. 13:7, 17). Bu ilki biziň öz ýygnagymyzdan başlanýar. Biziň aýdýan sözlerimiz ýygnak ýaşulularyna we olaryň gözegçilik etmek işine hormat goýýandygymyzy görkezýärmi? Biz çagalarymyzy hem şol wepaly gullukçylary hormatlamaga we olardan Mukaddes Ýazgylara esaslanan maslahatlary kabul etmäge höweslendirýärismi? Şeýle-de biz maşgala agzalarymyz bilen bütin dünýä boýunça alnyp barylýan işi goldamak üçin meýletin sowgatlar babatda gürrüňdeş bolýarysmy? (Sül. tym. 3:9; 1 Kor. 16:2; 2 Kor. 8:12). Biz Patyşalyk zallaryny gowy ýagdaýda saklamak işini hormatly we wajyp iş hasaplaýarysmy? Şeýle sylag-hormatyň we agzybirligiň bar bolan ýerinde Ýehowanyň mukaddes ruhy hereket edýär. Şol mukaddes ruh hem bize şu soňky günlerde mundan beýläk-de ruhy taýdan gowşaman ýaşamaga kömek edýär (Iş. 40:29—31).
HUDAÝYŇ ISLEGINE GÖRÄ ÝAŞAŇ
15. Biz Ýehowanyň ajaýyp islegine görä ýaşar ýaly näme üçin hemişe göreşmeli?
15 Şeýle-de Ýehowanyň guramasyndan yza galmajak bolsak, biz wagyz edýän hoş habarymyza görä ýaşamaly, ýagny «Rebbiň pisindi oturjak zady aňlamaly» (Efes. 5:10, 11). Özümiziň günälidigimiz we Şeýtanyň hem-de onuň zalym dünýäsiniň döredýän kynçylyklary sebäpli, biz hemişe ýaramaz täsire garşy göreşmeli bolýarys. Gadyrly dogan-uýalar, siziň käbiriňiz Ýehowa bilen dostlugyňyzy saklamak üçin her gün göreşip, kän güýç sarp etmeli bolýarsyňyz. Bu bolsa, sizi Ýehowanyň gözünde hasam gymmatly edýär. Şonuň üçin hiç bir zada ýan bermäň! Eger biz Ýehowanyň islegine görä ýaşasak, örän bagtly bolarys we Hudaýa edýän seždämiziň sylagsyz galmajakdygyna ynamly bolarys (1 Kor. 9:24—27; Ýakup 1:26, 27).
16, 17. a) Biz agyr günä etsek näme etmeli? b) Biz Annanyň mysalyndan näme öwrenýäris?
16 Ýöne sen agyr günä etseň näme etmeli? Haýal etmän kömek sora. Bolan zady ýaşyrsaň, ýagdaý has beterleşer. Ýadyňda bolsun, Dawut eden günäsini ýaşyranda, onuň «bütin gün iňňildisiden süňkleri garrady» (Zeb. 32:3). Hawa, edilen günä ýaşyrylanda, bu duýgy we ruhy taýdan gowşadýar, emma «günälerini boýun alyp, oňa ökünýänlere bolsa rehim ediler» (Sül. tym. 28:13).
17 Geliň, Annanyňb mysalyna seredeliň. Ol ýigrimi ýaşlarynda pioner bolup gulluk edýärdi. Emma ol ikiýüzli durmuşa başlady. Bu oňa diýseň erbet täsir etdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Ynsabym maňa ezýet berýärdi. Men özümi bagtsyz duýýardym we hemişe göwnüçökgündim». Emma Anna näme etdi? Bir gün ýygnak duşuşygynda Ýakup 5:14, 15-nji aýatlar hakynda gürrüňdeşlik edilende, Anna kömege mätäçdigine düşündi we ýygnagyň ýaşulularyna ýüz tutdy. Ol şeýle ýatlaýar: «Ýehowa şol aýatlary ruhy taýdan sagaltmak üçin ýazdyrypdyr. Elbetde, „dermanlary“ içmek ilkibada aňsat düşmeýär, ýöne „syrkawlykdan“ açýar. Men Mukaddes Ýazgylarda berilýän maslahata eýerdim, bu-da maňa kömek etdi». Birnäçe ýyl geçensoň, Anna täze güýç we päk ynsap bilen Ýehowa ýene-de yhlasly gulluk edip başlady.
18. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?
18 Şu zalym dünýäde ýaşaýandygymyza garamazdan, Ýehowanyň ajaýyp guramasynyň agzasy bolmak biziň üçin, gör, nähili uly hormat! Şonuň üçin, geliň, şeýle hormata hiç haçan sowuk sala garamalyň. Gaýtam, maşgala agzalarymyz bilen bilelikde Hudaýa sežde etmek üçin yzygider ýygnak duşuşyklaryna baralyň, öz territoriýamyzda akýürekli adamlary yhlasly gözläliň hem-de bize yzygiderli berilýän ruhy iýmitleri şatlyk bilen kabul edeliň. Şeýle-de bize ýygnakda ýolbaşçylyk edýän doganlary goldalyň we Hudaýyň islegine görä ýaşalyň. Şeýtsek, biz diňe bir Ýehowanyň guramasy bilen deň ýöremän, eýsem, ruhy taýdan gowşamarys we ýagşylyk etmekden ýadamarys!
a Zakarýa 8:23 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde dürli dillerde gepleýän ähli milletlerden on adam ýahudalynyň eteginden tutup: „Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik“ diýerler»
b Ady üýtgedilen.