Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/12 sah. 3
  • Mukaddes Ýazgylary yrym edip okamakdan ägä boluň!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylary yrym edip okamakdan ägä boluň!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Meňzeş maglumat
  • Ýadyňyzdamy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Jadygöýlik we palçylyk — zalymlykdyr
    Sen Hudaýyň dosty bolup bilersiň!
  • «Hudaýyň sözi... täsirlidir»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş — täzeden aýan bolan umyt
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/12 sah. 3

Mukaddes Ýazgylary yrym edip okamakdan ägä boluň!

«HUDAÝYŇ SÖZI diri hem täsirlidir» (Ýew. 4:12). Pawlus resulyň aýtmagyna görä, Hudaýyň Sözi adamlaryň ýüregine güýçli täsir edip, durmuşyny üýtgedip bilýär.

Resullar aradan çykandan soň, imandan dänenleriň köpelmegi bilen adamlar Mukaddes Ýazgylaryň täsir edişine nädogry garap başladylar (2 Pet. 2:1—3). Buthana ýolbaşçylary Mukaddes Ýazgylaryň jadyly güýji bar diýip öwredip başladylar. III asyrda Buthanalaryň atasy Origen mukaddes sözleri aýdan badyňa adamlara kömek edýär diýip öwredendigini Harri Gembl ýazdy. Origeniň aýtmagyna görä, eger jadygöýlikde ulanylýan sözleriň güýji bar bolsa, onda Hudaýyň ýazdyran sözleri has-da güýçli bolmaly. Isa Mesihden 400 ýyl soň ýaşan Ioann Zlatoust kimiň öýünde Mukaddes Ýazgylar bolsa, oňa Iblisiň golaýlaşyp bilmeýändigini ýazdy. Şeýle-de ol Injilden aýatlary ýazyp boýnuňdan assaň, bela-beterden goraýar diýdi. Professor Gembl Rim katolik buthanasynyň ýazyjysy Awgustiniň Ýahýanyň hoş habaryny ýassygyň aşagyna goýup ýatsaň, kelle agyryny aýyrýandygy barada ýazandygyny aýdýar. Şeýle ýalan taglymatlar zerarly adamlar Mukaddes Ýazgylary jadyly güýç hökmünde ulanyp başladylar. Sen bu barada näme pikir edýärsiň? Senem Mukaddes Ýazgylary işiň şowly bolar ýaly ýa-da özüňi goramak üçin ulanýarmyň?

Adamlaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylary başgaça-da nädogry ulanýarlar. Olar Mukaddes Ýazgylary açyp, gözüň düşen ilkinji aýady okasaň, näme etmelidigini bilip bolýar diýýärler. Mysal üçin, professor Gembliň aýtmagyna görä, bir sapar Awgustin goňşy öýden çaganyň: «Al-da oka, al-da oka» diýen sözlerini eşitdi. Awgustin muňa Hudaý Mukaddes Ýazgylary aç-da, ilkinji gören aýadyňy oka diýýär diýip düşündi.

Sen Mukaddes Ýazgylary şeýle tärde ulanyp kynçylyklaryny çözmek isleýän adamlary bilýärmiň? Elbetde, olaryň Mukaddes Ýazgylar arkaly kömek gözleýändigi gowy zat. Emma beýle etmek nädogry.

Isa şägirtlerine öwreden zatlaryny mukaddes ruhuň «ýadyna saljakdygyny» ýa-da kömek etjekdigini wada berdi (Ýahýa 14:26). Diýmek, biz Mukaddes Ýazgylaryň islendik sahypasyny açyp däl-de, öwrenen zatlarymyza eýersek, peýdaly bolar.

Adamlaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylaryň bela-beterden gorajakdygyna, kynçylyklary çözjekdigine ýa-da gelejegi bilip bolýandygyna umyt edip, ony jadyly güýç hökmünde ulanýarlar. Emma Mukaddes Ýazgylarda jadygöýlik ýazgarylýar (Lew. 19:26; Kan. tag. 18:9—12; Res. iş. 19:19). Hudaýyň Sözi bize kömek eder ýaly, ony dogry ulanmaly. Mukaddes Ýazgylar bize jadyly güýç bilen kömek etmeýär. Mukaddes Ýazgylary öwrensek, durmuşymyzy gowulandyrmaga kömek eder. Ondaky hakykat bilimi bize ýagşyny-ýamany bilmäge, erbet endiklerimizi goýmaga, maşgalamyzy bagtly etmäge we Hudaýyň Sözüniň Awtory bilen dostlaşmaga kömek edýär.

[3-nji sahypadaky surat]

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş