Biz yhlasly gulluk etmeli
1 1992-nji ýyldan bäri Ýehowanyň Güwäçileri yhlas bilen bütin dünýäde Patyşalyk barada wagyz edip, şägirt taýýarlamak işine bir milliarddan gowrak wagty sarp edýärler. Şeýle ajaýyp işe az bolsa-da, goşant goşýandygymyza begenýäris (Mat. 28:19, 20).
2 Elbetde, ähli öwgä we şöhrata Ýehowa mynasyp, çünki ol bizi şu «soňky günlerde» wagyz gullugynda goldaýar (2 Tim. 3:1). Şeýle wajyp işde yhlasymyzy ýitirmez ýaly biz näme etmeli?
3 Näme üçin yhlasly gulluk edýäris. Hudaýa we goňşymyza bolan çuňňur söýgi hem-de Hudaýyň talaplaryna görä ýaşamaga bolan islegimiz oňa gulluk etmäge höweslendirýär (Mat. 22:37—39; 1 Ýahýa 5:3). Söýgi janaýamaz bolmaga höweslendirýär, şol sebäpli wagyz işine doly gatnaşyp bilýäris (Luka 9:23).
4 Yhlasly gulluk etmek üçin tagalla etmeli. Duşmanymyz Iblis her dürli ýol bilen biziň gulluga bolan yhlasymyzy gowşatjak bolýar. Ol meýdançamyzdaky adamlaryň biperwaýlygy bilen, dünýädäki güýmenjeler arkaly, durmuşyň aladalary we saglyk ýagdaýymyzyň ýaramazlaşmagy sebäpli bizi göwnüçökgün etmäge synanyşýar.
5 Biz wagyz işinde yhlasymyz gowşamaz ýaly jan etmeli. Şol sebäpli «başky söýgimizi» ösdürmeli. Munuň üçin Hudaýyň Sözi bolan Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okap, okan zatlarymyz barada oýlanmaly we Ýehowanyň imanymyzy berkitmek üçin «sadyk hem akylly hyzmatkär» arkaly berýän ähli zatlary ulanmaly (Ylh. 2:4; Mat. 24:45; Zeb. 119:97).
6 Ýehowanyň erbet adamlary ýok etjek gününiň örän çalt golaýlaşýandygyny Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikler aýdyň görkezýär (2 Pet. 2:3; 3:10). Gliň, muny unutman, häzir dowam edýän Patyşalyk baradaky bütindünýä wagyz we şägirt taýýarlamak işine doly gatnaşyp, yhlasly gulluk edeliň!