Ýatlama agşamy döwri Ýehowa we Isa ýaly yhlasly boluň
1. Ýatlama agşamy döwri Ýehowanyň Şaýatlary nähili tagalla edýärler?
1 Ýehowa niýetini yhlasly amala aşyrýar. Işaýa 9:7-de Hudaýyň Patyşalygynyň bereketleri «Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar» diýilýär. Hudaýyň Ogly Isa-da ýer ýüzünde yhlasly gulluk etdi (Ýahýa 2:13—17; 4:34). Her ýyl Ýatlama agşamy döwri millionlarça wagyzçy Ýehowanyň we Isanyň göreldesine eýerip, yhlasly gulluk etmek üçin tagalla baryny edýärler. Senem olaryň arasynda bolarsyňmy?
2. Kampaniýa yhlasly gatnaşmaga bizi näme höweslendirer?
2 Ýatlama agşamy döwri geçirilýän kampaniýa. Şu ýyl biz mart aýynyň 14-ünden başlap Isanyň ölüminiň wajyplygy barada erjellik bilen wagyz ederis. Yhlasly wagyz etmek üçin häzirden taýýarlyk görüň. Ähli ýygnaklar mümkin boldugyndan territoriýasynyň hemme ýerlerinde wagyz etmäge jan eder. Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän, ideg edýän adamlarymyzy we dogan-garyndaşlarymyzy Ýatlama agşamyna çagyryp bileris. Olary çagyrmazdan öň, topary alyp barýan dogan bilen maslahatlaşsaňyz, kimi çagyrmagyň howpsuz boljakdygyny anyklamaga kömek eder.
3. Mart we aprel aýlary nädip köpräk gulluk edip bileris?
3 Kömekçi pioner bolmak. Yhlasly bolsak, köpräk gulluk ederis. Köp dogan-uýalar mart we aprel aýlary 30 sagat wagyz edip kömekçi pioner bolup gulluk edip bilerler. Maşgala we şahsy okuwynda doga edip, kömekçi pioner bolup gulluk etmek üçin nämeler edip biljekdigiňiz barada oýlanyň hem maslahatlaşyň (Sül. tym. 15:22). Kampaniýa yhlasly gatnaşsaňyz, dogan-uýalara-da gowy görelde görkezersiňiz. Köpräk gulluk etmek üçin gün tertibiňizde özgerişler etseňiz, Isanyň göreldesine eýerip, yhlasly bolarsyňyz (Mar. 6:31—34).
4. Ýehowa bilen Isanyň göreldesine eýerip, yhlasly gulluk etsek nähili bereket alarys?
4 Ýatlama agşamy döwri Ýehowa bilen Isanyň göreldesine eýerip, yhlasly gulluk etsek, bol bereket alarys. Ýaşaýan ýerimizde has köp adamlara wagyz ederis. Ýehowa gulluk edip, başgalara bermekden köp şatlyk we kanagat taparys (Res. iş. 20:35). Esasanam, yhlasly Hudaýy we onuň ogluny begendireris.