Häzirden köpräk gulluk etmegi planlaşdyryň
1. Ýatlama agşam döwri nähili mümkinçilik bar we biz oňa nähili taýýarlanyp bileris?
1 Bizde her ýyl Ýatlama agşamy döwri Ýehowa «köp şükür etmäge» mümkinçilikler bar (Zeb. 109:30). Sen mart aýynda Hudaýyň beren töleg gurbanyna minnetdarlygyňy bildirmek üçin, köpräk gulluk edermiň? Häzirden muny planlaşdyryp bilersiň (Sül. tym. 21:5).
2. Geçen ýyl aprelde kömekçi pionerleriň sagat sanynyň azalandygy saňa we beýlekilere nähili täsir etdi?
2 Kömekçi pioner gullugy. Geçen ýyl aprel aýy kömekçi pionerleriň sagat sanynyň azalandygyny bilende, dogan-uýalar örän begendiler. Bir dogan: «Men mekdepde okaýandygym üçin pioner bolup bilemok. Emma men 30 sagat wagyz etmekçi, aprelde bolsa, 50 sagat etmäge jan ederin» diýip ýazdy. Uzak gün işleýän bir uýa bolsa, şeýle ýazýar: «Otuz sagat wagyz etmek kyn däl!». Bu barada bildiriş edilende, öň pioner bolan 80 ýaşly bir uýa: «Men şu pursada şeýle bir garaşypdym! Pioner bolup gulluk eden ýyllarym iň gowy wagt bolandygyny Ýehowa bilýär» diýdi. Başga dogan-uýalar kömekçi pioner bolup bilmese-de, köpräk gulluk eder ýaly, maksat goýup biler.
3. Mart, aprel we maý aýlary kömekçi pioner bolmaga nähili sebäpler bar?
3 Mart aýynda ýene-de 30 ýa-da 50 sagat tabşyryp, kömekçi pioner bolmaga gowy mümkinçilik bolar. Şeýle-de biz şenbe güni 17-nji martdan başlap, ýörite kompaniýa gatnaşyp, adamlary 5-nji aprelde boljak Ýatlama agşamyna çagyrarys. Dogan-uýalaryň köpüsi kän wagyz edip, şeýle bir begenerler welin, olar aprelde we hatda maý aýynda-da, 50 sagat tabşyryp, kömekçi pioner bolmak islär.
4. Biz nädip köpräk wagyz edip bileris we nähili bereket alarys?
4 Indiki maşgala okuwynda her bir maşgala agzalary Ýatlama agşamy döwri köpräk wagyz eder ýaly, pikir alyşsaňyz bolmazmy? (Sül. tym. 15:22). Edýän tagallalaryňa Ýehowa pata berer ýaly doga et (1 Ýahýa 3:22). Sen köpräk wagyz edip, Ýehowany has şöhratlandyrarsyň we şatlygyň artar (2 Kor. 9:6).