Ýehowany köpräk şöhratlandyralyň
1. Haýsy täze özgerişik Ýehowany köpräk şöhratlandyrmaga kömek eder?
1 Şu ýylyň mart aýynda wagyzçylar üçin mart, aprel we aýlanýan gözegçiniň hemişe gelýän aýlarynda wagyzçylar 30 sagat wagyz edip, kömekçi pioner bolup biler ýaly täze özgerişik girizildi. Aýlanýan gözegçi ýylda iki aý ideýän bolsa, wagyzçylar bir ýa-da iki sapar 30 sagat wagyz edip, kömekçi pioner bolup biler. Kömekçi pionerleriň ählisi pionerleriň we ýörite pionerleriň duşuşygyna doly gatnaşyp biler. Diýmek, kömekçi pioner bolmak üçin, bizden 50 sagat wagyz etmek talap edilen bolsa, indi ýylda dört gezek 30 sagat hem wagyz edip, kömekçi pioner bolup, Ýehowany köp şöhratlandyryp bileris! (Zeb. 109:30; 119:171).
2. Aýlanýan gözegçi idände, kömekçi pionerler nähili bereket alar?
2 Aýlanýan Gözegçi Idände. Indi aýlanýan gözegçi idände, köp wagyzçylar kömekçi pioner bolup, onuň bilen bile gulluk edip, biri-birini ruhlandyryp biler (Rim. 1:11, 12). Kömekçi pionerleriň köpüsi aýlanýan gözegçi bilen wagyz eder ýaly, hepdede bir güni işinden rugsat alyp biler. Iş günleri işleýän kömekçi pionerler bolsa, aýlanýan gözegçiden dynç günleri bile gulluk etmegi haýyş etse bolýar. Onsoňam, kömekçi pionerler pionerleriň we ýörite pionerleriň duşuşygyna gatnaşyp, örän ruhlanarlar!
3. Näme üçin mart we aprel aýlary kömekçi pioner bolmaga ajaýyp döwür?
3 Mart we Aprel Aýlary. Ýatlama agşamy döwri 30 sagat wagyz edip, kömekçi pioner bolanlar, indi iki esse «öwgi gurbanlaryny» berip bilýär (Ýew. 13:15). Biz mart we aprel aýlary kömekçi pioner bolup, köpräk gulluk edip bileris. Biz her ýyl şol aýlarda adamlary Ýatlama agşamyna çagyrmak üçin ajaýyp kampaniýa gatnaşýarys. Onsoňam, şol döwür dogan-uýalar köpräk gulluk edýändigi üçin dürli wagyzçylar bilen gulluk edip bolýar. Ýatlama agşamyndan soň, oňa gelen gyzyklanýan adamlary ruhlandyrar ýaly, ýörite doklada çagyrýarys. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, kömekçi pioner bolmagy ýüregiňe düwdüňmi? (Luka 6:45).