Täze gulluk ýyly üçin degerli maksat
1. Biz täze gulluk ýylynda nähili maksat goýup bileris?
1 Ruhy taýdan ösmek üçin biz öňümizde maksat goýmaly. Sen täze gulluk ýyly üçin öňüňde nähili maksatlary goýduň? Bir-iki aý kömekçi pioner bolup gulluk etmek ajaýyp maksatdyr. Bu şatlykly iş planlaşdyrmagy talap edýär, şol sebäpli bu barada pikirlenmegiň häzir tüýs wagty. Näme üçin kömekçi pioner bolup gulluk etmek degerli maksat?
2. Näme üçin kömekçi pioner bolmagy maksat edinmeli?
2 Näme üçin kömekçi pioner bolmaly? Kömekçi pioner bolsak, gökdäki Atamyzy «has köp» hoşnut etmäge mümkinçiligimiz bolar, sebäbi gulluga köp wagt sarp edýäris (1 Sel. 4:1). Ýehowanyň biziň üçin eden ähli işleri hakda oýlansak, ol barada başga adamlara gürrüň bermäge höwes dörär (Zeb. 34:1, 2). Biziň köpräk gulluk etmek üçin her zatdan geçmäge taýyndygymyzy Ýehowa görýär we gadyryny bilýär (Ýew. 6:10). Edýän tagallamyz bilen Ýehowany razy edýändigimiz bize has köp şatlyk getirýär (1 Tar. 29:9).
3, 4. Kömekçi pioner bolmagyň nähili peýdasy bar?
3 Adatça, bir işi köp etdigiňçe, soňabaka aňsat düşýär we has-da lezzet getirýär. Wagyz gullugyna näçe köp wagt sarp etseň, şonça-da öýden-öýe has ynamly wagyz edersiň. Adamlar bilen gürrüň açyp, Mukaddes Ýazgylary ulanmaga has ökdeleşersiň. Hudaýa bolan ynamyň barada gürrüň etdigiňçe imanyň berkär. Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmeýän wagyzçylaryň köpüsi kömekçi pioner bolandan soň, gyzyklanýan adamlary tapyp, olar bilen okuw geçirip başladylar.
4 Şeýle-de kömekçi pioner bolup gulluk etmek ruhlandyrýar we ruhy pes ýagdaýdan çykmaga kömek edýär. Öň pioner bolup gulluk eden bir dogan işe köp wagtyny sarp edýändigine düşünip, bir aý kömekçi pioner bolmagy ýüregine düwýär. Ol şeýle diýýär: «Bir aý maňa şunça ruhy taýdan güýç berer diýip pikir hem etmändim! Men hemişe kömekçi pioner bolup gulluk etmek üçin elimde baryny etdim. Netijede, ýene-de öňki ýaly doly wagtlaýyn pioner boldum».
5. Ikirjiňligi we ynamsyzlygy nädip ýeňip bileris?
5 Kynçylyklara özüňi ýeňdirme. Käbirleri özlerini ukypsyz saýyp, kömekçi pioner bolmaga ikirjiňlenýärler. Eger sen hem şeýle pikir edýän bolsaň, onda Ýehowanyň Ýeremiýa kömek edişi ýaly saňa-da kömek edip biljekdigini unutma (Ýerem. 1:6—10). Mysal üçin, Musa özüni «agzy-dili agyr adam» hasaplaýardy, emma Ýehowa islegini amala aşyrmagy oňa tabşyrdy (Çyk. 4:10—12, MKS). Eger sen ikirjiňlenip, özüňe ynanmaýan bolsaň, Ýehowadan batyrgaýlyk dile.
6. Saglygymyzyň ýaramazdygyna ýa-da işlidigimize garamazdan, kömekçi pioner bolar ýaly näme edip bileris?
6 Mümkin, sen saglygyň ýaramazlygy ýa-da işlidigiň sebäpli kömekçi pioner bolup bilýän dälsiň. Eger saglygyň ýaramaz bolsa, onda azajyk, ýöne ýygy-ýygydan wagyz edip, gerekli sagady dolup bilersiň. Eger işli bolsaň, käbir ähmiýetsiz işleri başga aýda edip bilersiň. Uzak gün işleýän wagyzçylaryň käbiri hepdäniň bir ýa-da iki güni öz hasabyna rugsat alyp, kömekçi pioner bolup gulluk edip bildiler (Kol. 4:5).
7. Kömekçi pioner bolmak üçin doga etmegiň nähili peýdasy bar?
7 Ýene näme etmeli. Kömekçi pioner bolmak islegiň bar bolsa doga et. Köpräk gulluk etmek üçin edýän tagallaňa ak pata berer ýaly Ýehowadan doga edip sora (Rim. 12:11, 12). Ol saňa gündelik tertibiňi paýhaslyk bilen üýtgeder ýaly kömek eder (Ýakup 1:5). Eger islegiň bolmasa, wagyz gullugy lezzet getirer ýaly Ýehowadan kömek sora (Luka 10:1, 17).
8. Kömekçi pioner bolmak üçin Süleýmanyň tymsallary 15:22-däki sözler nädip kömek edip biler?
8 Kömekçi pioner bolmak maksadyňy öýüňdäkiler bilen ara alyp maslahatlaş (Sül. tym. 15:22). Mümkin, maşgalada biri kömekçi pioner bolup gulluk etse, beýleki agzalary ony goldap biler. Şeýle-de bu islegiňi ýygnakdaky, aýratyn hem, öz ýagdaýyňa meňzeş dogan-uýalara aýt. Belki, kömekçi pioner bolmak höwesiň has-da artar.
9. Haýsy aýlarda kömekçi pioner bolup bilersiň?
9 Täze gulluk ýyly üçin teokratik gün tertibiňi gözden geçireniňde, haçan kömekçi pioner bolup biljekdigiň barada oýlan. Eger sen uzak gün işleýän bolsaň ýa-da mekdepde okaýan bolsaň, onda baýramçylyga düşýän günleri ýa-da bäş sany Ruhgüni ýa-da Dynçgüni düşýän aýlary belläp bilersiň. Meselem, Ruhnama, Bitaraplyk, Nowruz we Alp Arslan aýlarynda bäş sany Ruhgüni we Dynçgüni bolar. Magtymguly aýynda bäş sany Ruhgüni we Oguz aýynda bäş sany Dynçgüni bolar. Eger saglygyň ýaramaz bolsa, onda howanyň gowulaşýan aýlary gulluk edip bilersiň. Belki, sen etrap gözegçisi siziň ýygnagyňyzda gulluk edýän aýy pioner bolmagy islärsiň. Ýatlama agşamy geljekki ýylyň Nowruz aýynyň 22-sine düşýändigi sebäpli, Nowruz, Gurbansoltan we Magtymguly aýlarynda kömekçi pioner bolup gulluk etmäge ajaýyp mümkinçilik bolar. Haýsy aý ýa-da aýlarda kömekçi pioner bolup gulluk etjekdigiňi saýlanyňdan soň, talap edilýän hasabaty dolmaga ýardam eder ýaly gün tertibini düzüp bilersiň.
10. Kömekçi pioner bolup bilmesek-de näme edip bileris?
10 Eger sen geljekki ýyl kömekçi pioner bolup bilmerin diýseň, pioner ruhy bilen gulluk edip bilersiň. Gullukda eliňde baryny edip, ýürekden edýän tagallaňy Ýehowanyň gymmat saýýandygyna ynanyp bilersiň (Gal. 6:4). Kömekçi pionerleri goldap, ruhlandyrjak bol. Belki, sen gün tertibiňi üýtgedip, pionerler bilen gulluga çykyp bilersiň.
11. Biz näme üçin nähili wagtda ýaşaýandygymyza düşünmeli?
11 Ýehowanyň halky nähili wagtda ýaşaýandygyna düşünýär. Biz hoş habary wagyz etmeli. Adamlaryň durmuşy howp astynda, wagt bolsa az (1 Kor. 7:29—31). Hudaýa we goňşymyza bolan söýgi gullukda elimizde baryny etmäge höweslendirer. Tagalla edip, gowy planlaşdyrsak, gulluk ýylynda hiç bolmanda bir aý kömekçi pioner bolup bileris. Bu, dogrudan-da, degerli maksat!