Žurnallary yzygider alýan adamlar bilen nädip Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap bolýar
1. Biz žurnallary näme maksat bilen ýaýradýarys?
1 Ruhgüni biz köplenç «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryny ýaýradýarys. Emma žurnal bermek — akýürekli adamlar bilen okuw başlamak üçin edilýän ilkinji ädimdir. Ikilenç ideg edende, gyzyklanýan adama «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitaby hödürläp, nädip okuw başlamalydygy barada aşakda birnäçe peýdaly maslahatlar berilýär. Hödürleri ýaşaýan ýeriňe görä özgerdip, öz sözüň bilen aýdyp bolýar. Şeýle-de ýaşaýan ýeriňe görä başga-da netijeli hödürleri ulanyp bilersiň.
2. «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyň giriş sahypalarynyň kömegi bilen nädip okuw başlap bolýar?
2 Kitabyň giriş sahypalaryny ulanmak. Ikilenç ideg edende, mysal üçin, şeýle diýip bolar: «Meniň beren žurnallarym Mukaddes Ýazgylara esaslanýar. Hudaýyň Sözüni okamak örän wajyp, onuň sebäbine üns beriň». Işaýa 48:17, 18; Ýahýa 17:3-nji aýatlary ýa-da gabat gelýän başga aýatlary okap bilersiň. Soňra «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaba ünsüni çekip, ony hödürläp, aşakdaky maslahata görä gürrüňi dowam et.
◼ «Mukaddes Ýazgylar geljege berk umyt berýär». Adamyň ünsüni kitabyň 4—5-nji sahypalaryna çekip, şeýle diýip bilersiň: «Şu wadalaryň haýsysynyň ýerine ýetişini göresiňiz gelýär?» Soňra saýlan pygamberligini düşündirýän baby görkezip, onuň razylygy bilen bir-iki abzasa gysgaça seret.
◼ Ýa-da şeýle diýip bilersiň: «Mukaddes Ýazgylar iň wajyp soraglara jogap berýär». 6-njy sahypanyň aşagyndaky soraglary görkezip, olaryň haýsysy hakda oýlanyp görendigini sorap bilersiň. Soňra gerekli baby açyp, bir-iki abzasa gysgaça seret.
◼ Mundan başga-da kitabyň mazmunyny açyp, käbir mowzuklara ünsüni çekip, haýsysynyň has köp gyzyklandyrýandygy barada sorap bilersiň. Soňra gerekli baby açyp, Mukaddes Ýazgylar okuwynyň geçirilişini gysgaça görkez.
3. Eger galdyran žurnalyň a) ýer ýüzündäki şertleriň erbetleşendigi; b) maşgala durmuşy; w) Mukaddes Ýazgylaryň ygtybarlydygy barada bolsa Mukaddes Ýazgylar okuwyny nädip başlap bolýar?
3 Birinji gezek gürrüňdeş bolanyňda, ýüze çykan sorag. Birinji gezek gürrüňdeş bolanyňdan eýýäm ikilenç ideg etmäge esas döredip bolýar. Adam žurnaly alandan soň, indiki gezek söhbetdeşligi dowam eder ýaly sorag galdyr. Ikilenç ideg etmek üçin gününi, wagtyny anyk gepleş we sözüňde hökman tapyljak bol (Mat. 5:37). Indiki gezek geleniňde, galdyran soragyňy ýatlat we «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyndan okap, soragy gysgaça ara alyp maslahatlaş. Yzarlar ýaly oňa kitap ber. Aşakda birnäçe mysallar getirilýär.
◼ Eger galdyran žurnalyň ýer ýüzündäki şertleriň erbetleşendigi barada bolsa, şeýle diýip bilersiň: «Indiki gezek Mukaddes Ýazgylar esasynda ýer ýüzünde Hudaýyň nähili özgerişikleri etjekdigine seredip bileris». Ikilenç ideg edeniňde, 4—5-nji sahypalary ulan. Ýa-da şeýle sorag berse bolar: «Ýer ýüzündäki pajygaly wakalar Hudaýyň islegi bilen bolýarmy?» Indiki gezek geleniňde, 1-nji babyň 7, 8-nji abzaslaryny görkez.
◼ Eger galdyran žurnalyň maşgala durmuşy barada bolsa, gitmeziňden öň adama şeýle sorag berip bilersiň: «Maşgala agzalaryň her biri maşgalanyň bagtly bolmagyna nädip ýardam edip biler?» Indiki gezek 14-nji babyň 4-nji abzasyny ara alyp maslahatlaş.
◼ Eger galdyran žurnalyň Mukaddes Ýazgylaryň ygtybarlydygy barada bolsa, indiki gezek ara alyp maslahatlaşar ýaly şeýle sorag berse bolar: «Mukaddes Ýazgylar ylma gabat gelýärmi?» Indiki sapar 2-nji babyň 8-nji abzasyna seret.
4. Eger adam «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby almak islemese näme etmeli?
4 Her gezek gürrüňdeş bolanyňdan soň, indiki sapar ara alyp maslahatlaşar ýaly sorag galdyr. Okuwy yzygiderli geçip başlanyňda, kitaby tertip boýunça başdan-aýak öwreniň. Eger adam «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby almak islemese näme etmeli? Onda žurnal getirmegimizi we Mukaddes Ýazgylar esasynda gürrüň etmegimizi dowam edip bileris. Şeýdip, sen adamyň höwesini artdyrarsyň we mümkin, ol wagtyň geçmegi bilen okuw geçmäge razylaşar.
5. Näme üçin adama diňe bir žurnal bermek bilen çäklenmeli däl?
5 «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallary Mukaddes Ýazgylaryň näme öwredýändigini bilmäge höwes döredip biler. Şol sebäpli biziň žurnallarymyzy okaýan adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwy başlamak üçin aýratyn tagalla et. Şeýdip, biz Isanyň «şägirt ediň» diýen tabşyrygyny ýerine ýetireris (Mat. 28:19, 20).