«Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby arkaly Mukaddes Ýazgylar okuwynyň geçirilişini görkezip, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
Bu näme üçin wajyp? Biz mugtuna Mukaddes Ýazgylar okuwyny teklip edenimizde, köp adamlar muňa düşünmezligi mümkin. Olar Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmek üçin bir topara goşulmaly ýa-da kursa gatnamalydyr öýdýärler. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylar okuwyny teklip etmegiň deregine, onuň nädip geçirilýändigini görkeziň. Hatda gapynyň agzynda-da birnäçe minudyň dowamynda ony geçmegiň aňsat we peýdalydygyny görkezip bolýar.
Aýyň dowamynda şuny etmäge çalşyň:
Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak üçin edýän tagallaňyza Ýehowa ak pata berer ýaly doga ediň (Flp. 2:13).