Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 12/10 sah. 2
  • Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlar ýaly täze makalalar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlar ýaly täze makalalar
  • Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Meňzeş maglumat
  • «Garawul diňinde» täze makala bolar
    Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Žurnallary yzygider alýan adamlar bilen nädip Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap bolýar
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby arkaly Mukaddes Ýazgylar okuwynyň geçirilişini görkezip, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
    Hudaýa gullugymyz — 2014
  • «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny ökdelik bilen ulanyp, tejribäňizi artdyryň
    Hudaýa gullugymyz — 2015
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2010
km 12/10 sah. 2

Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlar ýaly täze makalalar

1. «Garawul diňi» žurnalynda nähili täze makala çap edilip başlanar we onuň maksady näme?

1 Indiki aýdan başlap, «Garawul diňi» žurnalynda Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamaga kömek edýän täze makala çap ediler. Makalanyň ady «Hudaýyň Sözünden öwrenýäris». Ony ýaşaýan ýerimizde höwes bilen okasalar-da, bu makala wagyzda adamlar bilen gürrüňdeş bolmak üçin taýýarlanýar.

2. Makalanyň näme aýratynlygy bar?

2 Makalanyň aýratynlygy. Makalanyň ady we her sözbaşy sorag görnüşinde ýazylýar. Şonuň üçin, wagyz edenimizde ony adama sorag hökmünde berip bolýar. Esasy aýatlara salgy berilýär. Diýmek, adamlar olary gös-göni Hudaýyň Sözünden okap bilerler. Abzaslar gysga bolany sebäpli ony gapyda wagyz edenimizde hem okap bolýar. Amatly pursat ýüze çykanda Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlar ýaly, her makalada «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyna salgy berilýär.

3. Öýden-öýe wagyz edenimizde Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlar ýaly täze makalany nädip ulanyp bolýar?

3 Onuň ulanylyşy. Žurnal hödürlänimizde şol makalanyň adyna esaslanyp, adamy gyzyklandyraýjak soragy berse bolar. Meselem, žurnalyň 1-nji ýanwarda çykan sanynda Mukaddes Ýazgylaryň gymmaty barada gürrüň edilýär. Adama şeýle sorag berse bolar: «Siziň pikiriňizçe Mukaddes Ýazgylar Hudaýdan gelen kitapmy ýa-da ýöne bir gowy kitap? (Jogap bersin). Bu babatda bir gyzykly pikir bar». Birinji soragy belläp geç-de, 1-nji abzasy we getirilen aýatlary okap ber. Soragy ýene-de gaýtalap, adamdan pikirini sora. Ýerlikli bolsa, beýleki abzaslaryň soraglaryna esaslanyp gürrüň edip bilersiň. Gaýtmazdan öň adamyň ünsüni indiki soraga gönükdir-de, ýene-de duşuşmak üçin gürleş we wagt belleşip, ikilenç ideg et. Žurnalyň indiki sany çykýança her hepde gelip, makaladan boldugyça köp pikirleri belläp geç. Bu makalany başgaça-da ulansa bolar. Meselem, Mukaddes Ýazgylar okuwyny göni teklip et-de, şol makala esaslanyp okuw geçir.

4. Täze makalalary ikilenç ideg edenimizde nädip ulansa bolýar?

4 Şeýle-de žurnal eltýän ýeriň ýa-da başga-da ikilenç idegiň bar bolsa, şol täze makalany ulanyp bilersiň. Olara şeýle diýse bolar: «Garawul diňi» žurnalyna täze makala girizildi. Geliň şoňa seredeliň». Bu täze makalalar köp adamlaryň «hakykat bilimine ýetmegine» kömek eder diýip, doga edýäris (1 Tim. 2:4).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş