Gulluk duşuşygynyň tertibi
Alp Arslan aýynyň 13-inde başlanýan hepde
22-nji aýdym
15 min. Ýerli bildiriş. 8-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä iki sany hödüri sahnalaşdyryň. Şol hödürleriň birinde wagyzçy «Hudaýa gullugymyzyň» şu sanynyň sah. 3, abz. 3-däki usullaryň birini ulanyp, indiki sapar jogap berjek soragy bermeli. «Täze etrap kongresiniň meýilnamasy» diýen makalany ara alyp maslahatlaş. Etrap kongresiň geçiriljek güni belli bolsa, ol barada habar ber.
15 min. Teokratik tertip-düzgüne boýun bolmak peýda getirýär. «Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris» diýen kitabyň 15-nji babyna esaslanan çykyş we diňleýjiler bilen söhbetdeşlik.
15 min. «Ýehowa bütin maşgalaňyz bilen gulluk ediň»a. Diňleýjilerden bütin maşgala bolup gulluk etmegiň nähili kömek edýändigi barada gürrüň bermegi haýyş et. Bir-iki sany gürrüňi öňünden taýýarlasa bolar.
7-nji aýdym we jemleýji doga.
Alp Arslan aýynyň 20-sinde başlanýan hepde
26-njy aýdym
10 min. Ýerli bildiriş. «Täze ýörite kongresiň meýilnamasy» diýen makalany ara alyp maslahatlaş we bir günlük ýörite kongresiň geçiriljek güni belli bolsa, ol barada habar ber.
15 min. Ruhnama aýynda birinji gezek ideg edeniňizde, Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlaň. Diňleýjiler bilen söhbetdeşlik. Ruhnama aýynda wagyz edenimizde, «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitaby ulanarys we birinji gezek ideg edenimizde, birnäçe abzaslary ara alyp maslahatlaşmaga çalşarys. 2006-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzyň» içki sahypasyndaky birnäçe maslahatlara seret we birinji ideg edenimizde, Mukaddes Ýazgylar okuwyny nädip başlamalydygyny görkezýän bir-iki sany hödüri sahnalaşdyr.
20 min. «Kitap öwrenilýän duşuşygy bize nähili kömek edýär»b. 5-nji abzasa seredeniňde, «Guramaçylykly» diýen kitabyň sah. 40, abz. 3-däki pikirleri aýt.
3-nji aýdym we jemleýji doga.
Alp Arslan aýynyň 27-sinde başlanýan hepde
23-nji aýdym
10 min. Ýerli bildiriş. 8-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä iki sany hödüri sahnalaşdyryň.
10 min. «Dünýäniň hileli baýlygy bilen dost gazanyň». «Garawul diňi» žurnalynyň 1994-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 1-inde çykan sanynyň 13—18-nji sahypalaryna esaslanan nutk. Ýaşuly çykyş edýär.
25 min. «Täze gulluk ýyly üçin degerli maksat»c. Ýakynda kömekçi pioner bolup gulluk eden bir-iki wagyzçydan interwýu al. Munuň üçin olar gün tertibinde nähili özgerişik etdiler? Bu olara nähili bereketleri getirdi? Wagyzçylaryň biri öýündäkileriň goldawy bilen kömekçi pioner bolup gulluk edýän bolsa gowy bolardy. 9-njy abzasa seredeniňde, etrap gözegçisiniň ideg etjek wagty mälim bolsa aýt.
25-nji aýdym we jemleýji doga.
Ruhnama aýynyň 3-inde başlanýan hepde
9-njy aýdym
10 min. Ýerli bildiriş we «Hudaýa gullugymyzdan» bildirişler. Wagyzçylara Alp Arslan aýy boýunça wagyz hasabatyny tabşyrmalydygyny ýatlat.
15 min. «Biz hormatly gullugyň gadyryny bilýäris!»d Berlen wagtyň çäginden çykman diňleýjilerden Mukaddes Ýazgylardan getirilen aýatlary düşündirmegi haýyş et.
20 min. «Žurnallary yzygider alýan adamlar bilen nädip Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap bolýar»e. 2-nži abzasdaky hödürleri sahnalaşdyr. Mukaddes Ýazgylar okuwy nähili geçirilýändigi görkezilenden soň, iki gezek okuw geçirilip, onuň dowam etjekdigine esas bolsa, okuw geçirilýändigi barada hasabat tabşyryp bolýandygyny wagyzçylara ýatlat.
21-nji aýdym we jemleýji doga.
[Çykgytlar]
a Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
b Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
c Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
d Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
e Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.